Talaplar we
resminamalar

Talaplar
  1. Karz alyjy we zamunçylar Türkmenistanyň raýaty bolmalydyrlar;
  2. Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan bellige alynan okuw jaýlary bolmalydyr.
Gerekli resminamalar

Karz alyjy
  1. Karz alyjynyň pasporty (asyl nusgasy);
  2. Ýaşaýan ýerinden güwähat (Forma -N3);
  3. Hünär okuw (orta hünär we ýokary) mekdebinden bilim alýandygy ýa-da bilim almaga hukuk gazanandygy barada tassyklaýan resminama;
  4. Mekdep bilen şertnama ýa-da hasap-sypatnama we ýarymýyllyk ýa-da ýyllyk okuw töleginiň hasap-sypatnamasy;
  5. Girdeji çeşmesi maşgala agzalarynyň girdeji çeşmesini görkezip biler;
  6. Girdeji çeşmesiniň pasporty (asyl nusgasy);
  7. Girdeji çeşmesiniň iş ýerinden güwähat (haçandan bäri, aýlygy, wezipesi);
  8. Girdeji çeşmesiniň zähmet depderçesiniň tassyklanan nusgasy.
2 sany zamunçy gerek
  1. Zamunçylaryň pasportlary (asyl nusgasy);
  2. Iş ýerinden güwähat (haçandan bäri, eline alýan aýlygy, wezipesi,);
  3. Zähmet depderçeleriniň tassyklanan nusgasy;
  4. Zamunçylaryň we karz alyjynyň aýlyk kartynyň maglumatlary;
  5. Bankyň talap etmegi boýunça beýleki zerur bolan resminamalar.
Ýüze çykýan soraglar boýunça şu telefon belgilere ýüzlenip bilersiňiz:
44-49-69, 44-49-75, 44-49-83, 44-49-77, 44-49-71