Talaplar we
resminamalar


Karz alyjy
  1. Arza (karzyň maksady, möçberi, möhleti, göterim derejesi we üpjünçiliginiň görnüşi hem de maksadalaýyk önümçiligi barada gysgaça maglumat görnüşinde görkezilmeli);
  2. pasportynyň nusgasy;
  3. işleýän ýerinden häzirki wagtda eýeleýän wezipesi, aýlyk zähmet haky barada güwähat;
  4. zähmet depderçesiniň tassyklanan nusgasy;
  5. ýaşaýan ýerinden maşgala ýagdaýy barada güwähat (Forma № 3);
  6. raýata bölünip berlen mellege (kömekçi hojalygyndaky, ýaýladaky ýer böleginde) ähli degişli resminamalar;
  7. Karz boýunça töleg geçirmek bilen baglanyşykly degişli resminamalar (hasap-faktura, şertnama);
  8. Girew emlägine degişli resminamalar;
  9. Girew goýujynyň pasportynyň nusgasy we razylyk haty;
Zamunçydan
  1. zamunçynyň beriljek karzyň näçe möçberine zamun bolup çykyş etjekdigi baradaky kanuna laýykda Razylyk haty;
  2. pasportynyň nusgasy;
  3. zähmet depderçesiniň tassyklanan nusgasy;
  4. işleýän ýerinden häzirki wagtda eýeleýän wezipesi, aýlyk zähmet haky barada güwähat;

Eger-de karz alyjy telekeçilik bilen meşgullanýan bolsa, onda karzlaşdyrmaklyk üçin şu aşakdaky resminamalar talap edip alynmalydyr:

Karz alyjy
  1. Arza (karzyň maksady, möçberi, möhleti, göterim derejesi we üpjünçiliginiň görnüşi görkezilmeli);
  2. pasportynyň nusgasy;
  3. hususy telekeçi tarapyndan bellenilen patent töleginiň tölenendigine şaýatlyk edýän Patent;
  4. hususy telekeçiniň Bellige alyş şahadatnamasy;
  5. şahsy tarapyň salgyt hasabyna goýlandygy hakynda Şahadatnama;
  6. salgyt salmagyň ýönekeýleşdirilen ulgamy degişli bolan hususy telekeçilerden–şahsy adamlardan alynýan girdeji salgydy barada beýannama;
  7. ýaşaýan ýerinden maşgala ýagdaýy barada güwähat (Forma № 3);
  8. Girew emlägine degişli resminamalar;
  9. Girew goýujynyň pasportynyň nusgasy we razylyk haty;
Zamunçydan
  1. zamunçynyň beriljek karzyň näçe möçberine zamun bolup çykyş etjekdigi baradaky kanuna laýykda Razylyk haty;
  2. pasportynyň nusgasy;
  3. hususy telekeçi tarapyndan bellenilen patent töleginiň tölenendigine şaýatlyk edýän Patent;
  4. hususy telekeçiniň Bellige alyş şahadatnamasy;
  5. şahsy tarapyň salgyt hasabyna goýlandygy hakynda Şahadatnama;
  6. Salgyt salmagyň ýönekeýleşdirilen ulgamy degişli bolan hususy telekeçilerden, şahsy adamlardan alynýan girdeji salgydy barada beýannama;