Talaplar we
resminamalar

Talaplar
  1. Karz alyjy we zamunçylar Türkmenistanyň raýaty bolmalydyr;
  2. Ýaş maşgalalar 30 ýaşdan geçmedik bolmalydyr;
  3. Ýaş maşgalalar ilkinji nikasy bolmalydyr.
Gerekli resminamalar

Karz alyjy
  1. Pasport nusgasy;
  2. Ýazga alnandygyny anyklamak üçin maşgalanyň düzümi we olaryň ýaşaýan ýeri hakynda güwänama (Forma 3);
  3. Girdejisi hakynda güwanama (ähli tutumlar tutulandan soňra galan sap girdejisi görkezilen). Hususy telekeçi bolan şahsy adamyň girdejileri üçin salgyt boýunça beýannama;
  4. Zähmet depderçesiniň tassyklanan nusgasy;
  5. Nika baglaşylandygy hakyndaky şahadatnamasynyň nusgasy;
  6. Raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgysynyň bölüminde öň nikada durmaýanlygy hakynda delilhat (adamsy we aýaly ikisinede gerek);
  7. Ýan ýoldaşynyň pasport nusgasy;
2 sany zamunçy gerek
  1. Pasport nusgasy;
  2. Iş ýerinden zähmet haky barada güwahat (haçndan bäri, aýlygy, wezipesi);
  3. Zähmet depderçesiniň tassyklanan nusgasy;
  4. Zamuçylaryň we karz alyjynyň aýlyk kartynyň maglumatlary.
Ýüze çykýan soraglar boýunça şu telefon belgilere ýüzlenip bilersiňiz:
44-49-69, 44-49-75, 44-49-83, 44-49-77, 44-49-71