Habarlar

Türkmenistan ― Singapur: bähbitli hyzmatdaşlygyň ilkinji ädimi ädildi

Ýakynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Singapur Respublikasyna döwlet saparyny amala aşyrdy. Saparyň dowamynda döwlet Baştutanymyz ýurduň Prezidenti Halima Ýakob hem-de Premýer-ministri Li Sýan Lun bilen duşuşdy hem-de birnäçe ýerlere baryp gördi. Milli Liderimiziň Singapura ilkinji saparynyň çäklerinde ikitaraplaýyn resminalaryň uly toplumyna gol çekildi.

Bu taryhy waka gabatlanylyp, bu ýerde ikitaraplaýyn işewürler forumynyň, türkmen eksport harytlarynyň sergisiniň, şeýle hem iki ýurduň hökümet wekiliýetleriniň agzalarynyň duşuşyklarynyň geçirilendigini hem bellemek gerek. Işewür forumyň netijeleri boýunça gazanylan ylalaşyklar gol çekilen resminamalaryň toplumynda öz beýanyny tapdy. Şol resminamalar taraplaryň dürli ulgamlarda özara bähbitli hyzmatdaşlyga ygrarlydygyna aýdyň şaýatlyk edýär.

Singapuryň «Shangri-La» myhmanhanasynda türkmen döwletiniň Baştutany ýerli işewürler bilen duşuşdy. Bu duşuşyga Singapuryň ministrlikleriniň, iri kompaniýalarynyň we maliýe düzümleriniň, ýagny «Pacıfic International Lines Pte.Ltd.» kompaniýasynyň, «The Development Bank of Singapore» (Singapuryň ösüş bankynyň), «Indorama Corpоration» korporasiýasynyň, «DP Architects», «Fortrec Chemicals and Petroleum Pte.Ltd.» kompaniýalarynyň, «The Assocation of Banks in Singapore» (Singapurdaky banklaryň bileleşiginiň), «PSA International», «Surbana Jurong» kompaniýalarynyň hem-de Telekeçiligi ösdürmek boýunça agentligiň we beýlekileriň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Duşuşykda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Muňa iki ýurduň hem Hökümeti degişli goldawy berer. Şeýle hem türkmen döwletiniň Baştutany singapurly işewürleri Aşgabatda «Smart City» («Akylly şäher») taslamasyny durmuşa geçirmäge çagyrdy. Şäher häkimliginiň ýolbaşçysyna bolsa hökümet, döwlet düzümleri hem-de hususy işewürlik, şol sanda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen ysnyşykly gatnaşyklary ýola goýmak tabşyryldy.

Işewürler bilen duşuşykdan soň Türkmenistanyň Prezidenti Singapuryň esasy gözellikleriniň birine — Aziýanyň siwilizasiýalary muzeýine baryp gördi. Bu muzeý şunuň ýaly ýeke-täk muzeý bolup, onuň bu sebitiň ýurtlarynyň medeniýeti we däp-dessurlary bilen tanyşdyrýan önümleri hem-de gadymy gymmatlyklarynyň baý toplumy bardyr.

1997-nji ýylda açylan muzeý gadymy kaşaň Empress Place Building binasynda ýerleşýär. Bu bina 1860-njy ýylda guruldy. Bu ýerde toplanan Aziýanyň taryhynyň soňky bäş müň ýyldaky köp sanly gyzykly we seýrek duşýan gadymy gymmatlyklary maglumatlary almagyň örän köp sanly interaktiw mümkinçilikleriniň ýanynda ýerleşýär.

Türkmen döwletiniň Baştutany muzeýiň bölümleri we dürli gymmatlyklary bilen tanyşdy. Gymmatlyklaryň arasynda Beýik Ýüpek ýolunyň yzlaryndan hem nyşanlar bar. Bu ýerde Türkmenistanyň Prezidenti ýygnananlara «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi», «Janly rowaýat» we «Arşyň nepisligi» ýaly kitaplary barada gürrüň berip, muzeýe ajaýyp el halylaryny sowgat berdi.

Türkmenistanyň we Singapuryň Prezidentleriniň «Istana» köşgünde geçirilen duşuşygy hem täsirli boldy. Dabaraly garşylanyşdan soňra Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Singapuryň Ýolbaşçysy hanym Halima Ýakob hökümet wekilleriniň gatnaşmagynda gepleşikleri geçirdiler. Gepleşikler halkara hyzmatdaşlygy we söwda, ykdydasyýet, bilim, ylym, sport, medeniýet ýaly ugurlar boýunça gatnaşyklaryň geljegini öz içine aldy. Iki ýurduň Baştutanlary türkmen-singapur işewürler geňeşiniň işini mundan beýläk has giňeltmek barada hem ylalaşyga geldiler. Bu geňeşiň we işewürleriň duşuşygynyň indiki mejlisi Aşgabatda geçiriler.

Türkmenistanyň Prezidenti «Istana» köşgünde Premýer-ministr Li Sýan Lu bilen hem duşuşdy. Duşuşykda bellenilişi ýaly, Singapur ýurdumyz bilen islendik ulgamlarda, şol sanda telekeçilik ugry boýunça özara gatnaşyklara taýýardyr. Şunuň bilen baglylykda, Aşgabada Singapuryň işewür toparlarynyň wekillerini ibermek baradaky teklip beýan edildi. Olar ýerinde hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary bilen tanşyp bilerler. Premýer-ministr Li Sýan Lun şeýle hem Singapuryň Türkmenistana sanly ykdysadyýete geçmäge ýardam bermäge hem-de bu ulgamda bar bolan tejribesini hödürlemäge taýýardygyny aýtdy.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Singapuryň halkyna parahatçylyk we abadançylyk barada iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Milli Liderimiz Premýer-ministr Li Sýan Luna geçirilen netijeli gepleşikler, iki ýurduň arasyndaky dostlugy we hyzmatdaşlygy berkitmek üçin zerur çäreleri görmäge taýýardygy üçin, ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirdi hem-de Singapuryň Hökümetiniň Baştutanyny özi üçin islendik amatly wagtda sapar bilen Türkmenistana gelmäge çagyrdy.

 

 

Türkmenistanyň “Halkbank” DTB-nyň

Maliýe ykdysady seljeriş we usulyýet

müdirliginiň Usulyýet bölüminiň

baş hünärmeni B.Şihgulyýew