Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi

04.11.2019

2019-njy ýylyň 4-nji noýabrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Maslahatyň dowamynda ýurdumyzyň welaýatlaryny we Aşgabat şäherini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, möwsümleýin oba hojalyk işlerini guramaçylykly geçirmek, şanly senelere taýýarlyk bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Döwlet Baştutanymyz sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahatyny açyp, ilki bilen Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewi göni wideoaragatnaşyga çagyrdy. Häkim häzirki döwürde paýtagtymyzda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, şäheri abadanlaşdyrmak, etraplaryň çäklerinde arassaçylyk işlerini yzygiderli alyp barmak, şeýle hem öňde boljak baýramçylyklary mynasyp garşylamak boýunça ýaýbaňlandyrylan giň möçberli çäreler barada hasabat berdi.

Şeýle hem hasabatyň dowamynda milli Liderimize Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň täze binalar toplumynyň taslamasy we onuň ýerleşjek ýerleriniň çyzgysy görkezildi.  

Milli Liderimiz görkezilen taslamalar bilen tanşyp, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň binalar toplumynda häzirki zamanyň ösen talaplaryna laýyk gelýän bilim almak ugrunda ähli zerur şertleriň döredilmelidigini belledi. Hormatly Prezidentimiz bu desgalar toplumynyň gurluşygy boýunça halkara bäsleşigini yglan etmegi tabşyrdy.

Soňra döwlet Baştutanymyz sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatynyň dowamynda Ahal welaýatynyň häkimi S.Berdimuhamedowyň hasabatyny diňledi. Häkim sebitdäki işleriň ýagdaýy bilen baglanyşykly hasabatyny Ahal welaýatynyň hasyl ussatlarynyň pagta taýýarlamak boýunça şertnamalaýyn borçnamany üstünlikli ýerine ýetirendikleri hakyndaky hoş habardan başlady.

Bellenilişi ýaly, welaýatyň pagtaçy kärendeçileri döwlet tarapyndan döredilýän oňyn şertlerden peýdalanyp, pagtanyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirdiler we we şertnamalaýyn borçnamany abraý bilen ýerine ýetirdiler. Şunlukda, häkim milli Liderimize daýhanlaryň öndürijilikli zähmeti ugunda döredilýän ýokary derejeli şertler üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hoş habary kanagatlanma bilen diňläp, Hasyl toýuny, daýhanlary sarpalamak, dabaranyň dowamynda has tapawutlanan pagtaçylary, mehanizatorlary hem-de bu möwsüme gatnaşýan ähli zähmetkeşleri sylaglamak çäresini guramaçylykly geçirmegi tabşyrdy.

Soňra Balkan welaýatynyň häkimi Ý.Gylyjow sebitde alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň depginini ýokarlandyrmak, pagta ýygymyny guramaçylykly geçirmek, şeýle hem bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleriniň guralyşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda, aýratyn-da, pagtaçylykda alnyp barylýan işleriň depginlerini güýçlendirmegiň, ýetişdirilen pagta hasylynyň iň soňky hanasyna çenli ýygnalyp alynmagynyň döwrüň möhüm wezipesi bolup durýandygyny belledi. 

Sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradowyň hasabaty bilen dowam etdi, ol häzirki wagtda sebitde ýerine ýetirilýän işleriň ýagdaýy, pagta ýygymynyň depginini güýçlendirmek hem-de bugdaý üçin bölünip berlen meýdanlarda ýaýbaňlandyrylan agrotehniki çäreler barada hasabat berdi.

Şeýle hem häkim Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalaryň gurluşygynda alnyp barylýan işler, Hasyl toýuny guramaçylykly geçirmek boýunça taýýarlanylan medeni maksatnama barada habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp,  welaýatyň çägindäki mekdepleriň, çagalar baglarynyň, ýaşaýyş jaýlarynyň ýyladyş ulgamlarynyň işini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Şunuň bilen birlikde, Hasyl toýy mynasybetli guraljak hemme çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesi üpjün edilmelidir.

Lebap welaýatyň häkimi T.Atahallyýew sebitdäki işleriň ýagdaýy, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň depginleri we ak ekinlere edilýän ideg işleriniň agrotehniki kadalara laýyk gelmegini üpjün etmek ugrunda ýaýbaňlandyrylan işler barada hasabat berdi. Häkimiň belleýşi ýaly, pagtaçylyk hojalyklary şertnamalaýyn borçnamany üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda tehniki mümkinçilikleri doly işe girizdiler.

Häkim hasabatynyň çäklerinde Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi, Hasyl toýuna görülýän taýýarlyk işleri barada habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň guramaçylykly geçirilmeginiň, hususan-da, ýetişdirilen pagta hasylyny ýitgisiz we soňky hanasyna çenli ýygnap almagyň wajypdygyny belledi we bu babatda häkime birnäçe anyk görkezmeleri berdi.  

Sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahatynda Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew häzirki döwürde sebitde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, pagta ýygymyny üstünlikli tamamlamak, ak ekinlere agrotehniki kada laýyk ideg etmek, şol birwagtyň özünde ýerlerde sürüm işlerini ýokary hilli geçirmek boýunça ýaýbaňlandyrylan çäreler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, welaýatyň gowaça meýdanlarynda ýygym işleriniň depginini ýokarlandyrmak, ýetişdirilen pagta hasylyny doly ýygnap almak meseleleriniň üstünde durup geçdi.  

Döwlet Baştutanymyz welaýatyň 2020-nji ýyl üçin desgalaryň gurluşyk meýilnamasyny taýýarlamak meselelerine girişmegi tabşyryp, bu işleriň sebitiň zerurlyklaryny ylmy esasda toplumlaýyn çaklanylmagy hasaba alnyp geçirilmelidigini belledi. 

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahatyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýewi çagyrdy.

Wise-premýer häzirki döwürde ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň düzümlerinde durmuşa geçirilýän çäreler, ekerançylyk meýdanlarynda ýaýbaňlandyrylan möwsümleýin işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, topragyň önümçiligiň esasy şerti bolup durýandygyny, şol sebäpli hem ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň wagtyň synagyndan geçen, ylmy taýdan esaslandyrylan usulyýetler boýunça geçirilmelidigini nygtady. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hasyl toýy mynasybetli meýilleşdirilen çäreleriň ýokary derejesini üpjün etmegi tabşyrdy. Bu dabaralarda daýhanlaryň asylly zähmeti, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny berkidýän ekerançylaryň, şol sanda pagtaçylaryň gazanan üstünlikleri öz beýanyny tapmalydyr.

Soňra hormatly Prezidentimiz sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahatyny Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda dowam edip, paýtagtymyzda baýramçylyk çärelerine ýokary derejede taýýarlyk görmek boýunça geçirilýän işlere ünsi çekdi.

Döwlet Baştutanymyz Ahal welaýatynyň edermen babadaýhanlarynyň «ak altynyň» 207 müň tonnadan gowragyny Watan harmanyna tabşyryp, ýurdumyzyň welaýatlarynyň arasynda ilkinji bolup şertnamalaýyn borçnamany üstünlikli ýerine ýetirendiklerini aýtdy.

Iş maslahatynyň dowamynda başga-da birnäçe möhüm meseleler garaldy, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara mähriban halkymyzyň bagtyýarlygynyň we abadançylygynyň, berkarar Watanymyzy mundan beýläk-de ykdysady taýdan ösdürmegiň bähbidine giň gerimli özgertmeleriň durmuşa geçirilmegine gönükdirilen işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.


Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH).