Habarlar

“Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” kitabynyň türk dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy

21.12.2020

Şu gün Söwda-senagat edarasynyň binasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň türk dilinde neşir edilen “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Çärä gazetleriň we žurnallaryň redaktorlary, ýokary okuw mekdepleriň rektorlary, professor-mugallymlar düzümi hem-de talyplary gatnaşdylar. Tanyşdyryş dabarasyna sanly aragatnaşyk ulgamy arkaly Türkiýe Respublikasynyň görnükli ylmy işgärleri hem goşulyşdylar.

Çykyşlarda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda umumydünýä ösüşine bahasyna ýetip bolmajak goşant goşan halkymyzyň medeni mirasyny hemmetaraplaýyn öwrenmek we giňden wagyz etmek boýunça alnyp barylýan uly işleriň örän möhümdigi nygtaldy.

Häzirki döwürde ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlyk dünýäde halklaryň özara düşünişmegini goldamagyň, olaryň syýasy we ykdysady taýdan gatnaşyk etmekleri üçin oňaýly ýagdaýlary döretmegiň möhüm guraly hökmünde düşünilýär.

Milli Liderimiziň döredijilikli başlangyçlary şu maksatlara gönükdirilendir. Türkmenleriň däp-dessurlaryndaky aýdyň beýanyny tapan ýokary ynsanperwer umumadamzat ýörelgeleri beýleki halklarda hem uly gyzyklanma tapýar, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň köptaraply edebi döredijiligine ägirt uly gyzyklanma hem şunuň bilen düşündirilýär.

Şu ýylyň sentýabr aýynda neşir edilen “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly kitap eýýäm hytaý, ýapon, rus, azerbaýjan, gruzin we ukrain dillerine terjime edildi. Bu gün bolsa bu sanawy kitabyň türk diline terjime edilen görnüşi artdyrdy.

Şunuň bilen baglylykda, iki doganlyk halklaryň taryhy-medeni we ruhy umumylygy, iki ýurduň hemmetaraplaýyn özara bähbitli hyzmatdaşlyk etmäge tarap ýörelgelere ygrarlylygy dostlukly türkmen-türk gatnaşyklarynyň mizemez binýady bolup durýandygy bellenildi.

Yzygiderli geçirilýän medeni çäreler – konsertler, sungat eserleriniň sergileri, Türkiýäniň we Türkmenistanyň meşhur ýerine ýetirijileriniň çykyşlary, medeniýet işgärleriniň halkara maslahatlara we festiwallara, medeniýet günlerine gatnaşmagy ynsanperwer gatnaşyklaryň giňeldilmegine ýardam berýär. Beýik akyldarlaryň we şahyrlaryň mirasyny öwrenmek hem-de wagyz etmek boýunça bilelikdäki işler alnyp barylýar.

Täze neşiriň çapdan çykmagy ýyl-ýyldan berkeýän türkmen-türk gatnaşyklarynyň taryhynda möhüm wakadyr, döwlet Baştutanymyza goýulýan çuňňur hormatdyr, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň köptaraply döwlet, syýasy, ylmy we medeni işlerindäki uly hyzmatlarynyň ykrar edilmegidir.

tdh.gov.tm/news/tm/articles.aspx&article25555&cat19