Habarlar

“Bitaraplyk syýasaty we onuň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekde ähmiýeti” Halkara maslahatynyň jemleýji resminamasy

12.12.2020

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli 2020-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabat şäherinde guralan “Bitaraplyk syýasaty we onuň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekde ähmiýeti” atly Halkara maslahatyna gatnaşyjylar,

Birleşen MIlletler Guramasynyň Tertipnamasynyň maksatlaryna we ýörelgelerine özleriniň ygrarlydygyny tassyklap,

Birleşen Milletler Guramasynyň ählumumy strategiýalaryny hem-de maksatnamalaryny, hususan-da, 2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüş babatyndaky gün tertibini ýerine ýetirmegiň zerurdygyny belläp,

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň “Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy” atly 1995-nji ýylyň 12-nji dekabryndaky 50/80A hem-de 2015-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky 69/285 kararnamalarynyň, şonuň ýaly-da, Halkara Bitaraplyk gününi yglan edýän 2017-nji ýylyň 2-nji fewralyndaky 71/275 kararnamasynyň ähmiýetini nygtap,

2015-nji ýylyň 12-nji dekabrynda kabul edilen “Bitaraplyk syýasaty: parahatçylygyň, howpsuzlygyň we ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk” atly ýokary derejedäki halkara maslahatynyň jemleýji resminamasyny (Aşgabat jemleýji resminamasy) göz öňünde tutup,

1. Birleşen MIlletler Guramasynyň agza döwletleri tarapyndan yglan edilen hem-de durmuşa geçirilýän bitaraplyk syýasatynyň dünýä ýurtlarynyň arasyndaky parahatçylykly, dostlukly hem-de özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmekde wajyp ähmiýete eýedigini we sebit hem-de ählumumy derejede halkara parahatçylygyny hem-de howpsuzlygyny pugtalandyrmaga ýardam edýändigini nygtadylar;

2. Parahatçylyk söýüjilikli başlangyçlary hem-de hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny goldamaga gönükdirilen bölünmez hem-de giňişleýin howpsuzlyk taglymyny öňe sürmek arkaly işjeň bitarap syýasatyny durmuşa geçirmäge ýardam etmäge, serhetüsti hyzmatdaşlygyny berkitmek arkaly däp bolan we häzirki zaman howplaryna garşy durmaga çagyrdylar;

3. Birleşen Milletler Guramasynyň agza döwletleriniň ählisine, BMG-niň ulgamynyň edaralaryna hem-de beýleki halkara, sebit we sebitara guramalara bitarap döwletleriň jedelleri parahatçylyklly ýol bilen düzgünleşdirmäge, gapma-garşylyklaryň öňüni almaga hem-de düzgünleşdirmäge gönükdirilen mümkinçiliklerini doly derejede ulanmagy maslahat berdiler;

4. Milli bitaraplyk syýasaty dawalaryň öňüni almakda, araçyllykda, gepleşikleri geçirmekde, hoşniýetli hyzmatlary etmekde, faktlary ýüze çykarmak boýunça işlerde, ýörite wekilleri ulanmakda, resmi däl maslahatlarda, parahatçylyk döredijilikde hem-de ösüş babatyndaky maksada gönükdirilen işde Birleşen Milletler Guramasynyň esasy wezipeleriniň biri bolup durýan öňüni alyş diplomatiýasyny ulanmagy höweslendirmäge gönükdirilendigini aýratyn nygtadylar;

5. Şunuň bilen baglylykda, 2007-nji ýylyň dekabrynda halkara bileleşiginiň goldamagynda Aşgabatda döredilen Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň Merkezi Aziýa sebitiniň döwletlerine hem-de onuň bilen serhetdeş ýurtlara olaryň arasyndaky has ýakyn hyzmatdaşlygy höweslendirmek arkaly sebit meselelerini çözmekde goldaw bermek işinde möhüm orun eýeländigini bellediler;

6. BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň orny hakyndaky, sebit merkeziniň mümkinçiliklerini, şol sanda bitaraplyk syýasatynyň artykmaçlyklaryny ulanmak arkaly yzygiderli açmaga gönükdirilen kararnamasynyň taslamasyna BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji sessiýasynyň garamagyna bermek baradaky Türkmenistanyň başlangyjyny goldadylar;

7. Halkara bileleşigini raýdaşlygy hem-de sazlaşygy berkitmek arkaly durnukly ösüşe, parahatçylyga we howpsuzlyga ýardam edýän gymmatlyklar hökmünde Bitaraplyk syýasaty bilen dowamly baglanyşykly döwletleriň arasyndaky parahatçylyk we ynanyşmak medeniýetini ösdürmäge ýardam bermäge çagyrdylar, şunda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan parahatçylyk medeniýeti babatynda hereket etmegiň Jarnamalaryna hem-de maksatnamalaryna eýermegiň zerurdygyny bellediler;

8. Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 2019-njy ýylyň 12-nji sentýabryndaky 73/338 kararnamasynda yglan edilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäklerinde esasy care hökmünde 2021-nji ýylda ýokary derejede parahatçylyk we ynanyşmak forumyny geçirmek hakyndaky Türkmenistanyň başlangyjyny goldadylar, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasyna agza döwletleri, BMG-niň ulgamynyň edaralaryny, beýleki degişli halkara hem-de sebit guramalaryny we raýat jemgyýetlerini Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäklerinde çäreleri geçirmek arkaly bilim we maglumat-düşündiriş işini amala aşyrmaga çagyrdylar;

9. Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde Türkmenistanyň Hökümetiniň başlangyjy boýunça gapma-garşylyklaryň öňüni almakda, olaryň sebäplerini hem-de täsirlerini ýok etmekde bitaraplyk ýörelgelerini iş ýüzünde ulanmak boýunça köpugurly hyzmatdaşlygy üpjün etmäge gönükdirilen parahatçylygyň, howpsuzlygyň hem-de durnukly ösüşiň bähbidine Bitaraplygyň dostlary toparynyň döredilmegini goldadylar, şeýle hem degişli halkara düzümlerini ýokarda görkezilen Toparyň çäklerindäki hyzmatdaşlyga goşulmaga çagyrdylar;

10. Türkmenistanyň halkara meselelerini düzgünleşdirmekde bitaraplyk ýörelgesini netijeli ulanmak boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň düzgünleriniň ýygyndysyny işläp düzmek boýunça tagallalaryna goldaw bildirdiler, ol BMG-niň ýolbaşçy guramalarynyň, onuň ýöriteleşdirilen edaralarynyň parahatçylygy saklamak hem-de berkitmek meselelerindäki gurallarynyň üstüni ýetirer, şunuň bilen birlikde, degişli halkara guramalaryny we gyzyklanma bildirýän ýurtlary bu resminamalaryň üstünde işlemäge öz goşantlaryny goşmaga çagyrdylar.;

11. Syýasy durnuklylyk şertlerinde döwletler arasyndaky durnukly hem-de uzak möhletleýin söwda-ykdysady gatnaşyklary goldamak üçin, şeýle hem sebitara, sebitl hem-de halkara özara gatnaşyklaryny pugtalandyrmak üçin milli bitaraplygyň ykdysady hem-de geoykdysady ugurlarynyň ähmiýetini nygtadylar;

12. Bitarap ýurtlaryň ynsanperwerlik, bitaraplyk, özbaşdaklyk ýörelgelerinde çylşyrymly adatdan daşary ýagdaýlar we tebigy betbagtçylyklar wagtynda ynsanperwer kömegini bermekde hem-de ibermekde tutýan orny bilen baglylykda, bitaraplyk syýasatynyň aýratyn ynsanperwer ähmiýetini hem-de oňyn ornuny tassykladylar, Merkezi Aziýada BMG-niň ynsanperwer meseleleri utgaşdyrmak boýunça müdirliginiň (UN OСHA) edarasyny döretmek arkaly adatdan daşary ynsanperwer kömegi ulgamyndaky sebit utgaşdyrmasyny berkitmegi teklip etdiler;

13. Bar bolan serişdeleriň çäklerinde, degişli ugurlarda ýöriteleşen bilermenler we guramalar tarapyndan okuw sapaklaryny hem-de okuw tejribelerini geçirmek arkaly bitaraplyk syýasatyna degişli barlaglary geçirmek we bilimleri ýaýratmak maksady bilen halkara hukugynda hem-de halkara gatnaşyklarynda bitaraplyk syýasatynyň taglymyny we iş tejribesini öwrenmek boýunça okuw hem-de ylmy-barlag merkezlerini döretmek boýunça Türkmenistan tarapyndan ozal öňe sürlen başlangyçlary goldap, bitaraplyk taglymyny ösdürmegiň zerurdygyny nygtadylar;

14. Birleşen Milletler Guramasynyň agza döwletleriniň ählisini, hökümete degişli däl birleşmeleri hem-de ýaşlary hasaba almak bilen şahsy adamlary
her ýylyň 12-nji dekabrynda Halkara Bitaraplyk gününiň hormatyna bitaraplyk sýýasatynyň halkara parahatçylygyny, howpsuzlygy hem-de durnukly ösüşi goldamakdaky we berkitmekdäki orny hem-de ähmiýeti hakynda jemgyýetçiligiň habarlylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen çäreleri geçirmäge çagyrdylar;

15. 2015-nji ýylyň 12-nji dekabrynda kabul edilen “Bitaraplyk syýasaty: parahatçylygyň, howpsuzlygyň we ösüşiň hatyrasyna halkara hyzmatdaşlygy” atly halkara maslahatynyň Jemleýji resminamasyna esaslanyp, halkara gatnaşyklarynda bitaraplyk syýasatynyň ornuny pugtalandyrmagyň meselelerine bagyşlanan ýokary derejedäki maslahatlary iň bolmanda bäş ýylda bir gezek geçirmegiň zerurdygyny ýene bir gezek nygtadylar hem-de bu gurudaky hyzmatdaşlygy halkara parahatçylygyn we howpsuzlygyny berkitmäge ýardam edýändigini bellediler;

16. Türkmenistanyň halkyna hem-de hökümetine Halkara maslahatyny gurandyklary we geçirendikleri üçin çuňňur hoşallyk bildirdiler.

Aşgabat jemleýji resminamasy
Aşgabat, 2020-nji ýylyň 12-nji dekabry

tdh.gov.tm/news/tm/articles.aspx&article25471&cat19