Habarlar

Türkmenistanda sanly ykdysadyýet we innowasion tehnologiýalar boýunça «Türkmentel-2020» atly XIII halkara onlaýn maslahatyna gatnaşyjylara

24.11.2020

Gadyrly myhmanlar!
Hormatly aragatnaşyk ulgamynyň işgärleri!

Sizi öňdebaryjy tehnologiýalary we innowasion işläp taýýarlamalary durmuşa işjeň ornaşdyrmakda, telekommunikasiýa ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmakda, ata Watanymyzy mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmekde möhüm ähmiýeti bolan Türkmenistanda sanly ykdysadyýet we innowasion tehnologiýalar boýunça «Türkmentel - 2020» atly XIII halkara onlaýn maslahatynyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Indi däbe öwrülen bu pudaklaýyn halkara maslahaty ýurdumyzyň ak mermerli paýtagty Aşgabatda onlaýn görnüşinde internet ulgamynyň üsti bilen geçiriler. Aragatnaşygyň halkara ulgamyna goşulyşmak bilen bagly möhüm meseleleriň netijeli çözgüdini tapmakda, dostluk we işjeň hyzmatdaşlyk esasynda özara bähbitli gatnaşyklaryň täze ugurlaryny kesgitlemekde size uly üstünlikleri arzuw edýärin!

Häzirki döwürde biz döwletimizde dünýäniň ösen tehnologiýalarynyň tejribesine we innowasiýalaryna daýanyp, milli ykdysadyýetirmzi döwrebaplaşdyrýarys. Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde uly üstünlikleri gazanýarys. Aragatnaşyk ulgamynda sanly tehnologiýalaryň gurluşyny, maddy-tehniki hem-de hukuk binýadyny döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirip, düýpli ylmy-tehniki özgertmeleri we iri taslamalary durmuşa geçirýäris.

Soňky ýyllarda ýurdumyzyň telekommunikasiýa ulgamynda halkara ölçeglerine laýyk geiýän täze innowasion, sanly tehnologiýalary we maglumat aragatnaşyk enjamlaryny ornaşdyrmak işleri üstünlikli amala aşyrylýar.

Şunuň bilen baglylykda, bäsleşige ukyply häzirki zaman aragatnaşyk hyzmatlarynyň hil taýdan täze derejesini döretmek we ilata hödürlemek boýunça işler yzygiderli alnyp barylýar. Bu ugurda ylmyň gazananlaryndan oňat baş çykarýan hünärmenleri taýýarlamak wezipelerine hem uly üns berilýär. Aragatnaşyk edara-kärhanalaryny döretmäge we döwrebaplaşdyrmaga düýpli maýa goýumlary gönükdirilýär.

Hormatly halkara onlaýn maslahatyna gatnaşyjylar! Hormatly adamlar!

Halklaryň medeni-ykdysady taýdan ýakynlaşmagy, döwletleriň durnukly ösmegi bilen bagly möhüm wezipeleri çözmekde, ösüşiň innowasion ýoluny üpjün edýän telekommunikasiýa ulgamyny kämilleşdirmekde, dünýä ähmiýetli iri taslamalary, milli maksatnamalary durmuşa geçirmekde Türkmenistanda sanly ykdysadyýet we innowasion tehnologiýalar boýunça «Türkmentel-2020» atly XIII halkara onlaýn masiahatynyň ähmiýeti uludyr.

Türkmenistan halkara ähmiýetli optiki-süýümli magistral aragatnaşyk ulgamlaryny gurmak bilen, Beýik Ýüpek ýolunyň ulag-kommunikasiýa merkeziniň wezipesini ýerine ýetirýär. Bu taslamalar dine bir Merkezi Aziýa sebitinde däl, eýsem Gündogar-Günbatar, Demirgazyk-Günorta ugurlary boýunça üstaşyr ulgamlaryň wajyp şahasy bolup, goňşy döwletleriň ykdysadyýetiniň ösmegine hem ýardam berýär.

Garaşsyz Watanymyz işjeň hem-de netijeli gatnaşyklaryň giňeldilmegine we ösdürilmegine ygrarly bolmak bilen, ähli ulgamlarda ýokary ösüş depginlerini gazanýan döwletleriň hataryna goşulýar hem-de dünýä bileleşiginiň ünsüni özüne çekýär.

«Açyk gapylar» syýasatyny işjeň durmuşa geçirmek arkaly Türkmenistan hyzmatdaş ýurtlary bilen öz döwründe Gündogaryň we Günbataryň medeniýetlerini baglanyşdyran Beýik Ýüpek ýolunyň häzirki wagtda täzeden dikeldilmegine işjeň gatnaşýar. Men halkara onlaýn maslahatynyň dowamynda däp bolan hoşniýetli, dostlukly hem-de özara bähbitli gatnaşyklaryň geljekde has-da ösdürilmegine hem-de çuňlaşdyrylmagyna uly itergi berjek wajyp meseleleriň netijeli ugurlaryny we çözgütlerini tapjakdygyňyza berk ynanýaryn.

Bu halkara onlaýn maslahatyna telekommunikasiýa ulgamynda netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine gyzyklanma bildirýän daşary ýurt guramalary, kompaniýalary we işewürler sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly gatnaşýarlar. Ýöriteleşdirilen forumyň ýurdumyzyň hünärmenleri bilen daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň özara tejribe alyşmagynda, geljekde giň gerimli gatnaşyklary ýola goýmakda hem-de özara bähbitli taslamalary, täze tehnologiýalary, ylmy açyşlary ara alyp maslahatlaşmakda uly ähmiýete eýe boljakdygyna berk ynanýaryn.

Hormatly aragatnaşykçylar! Gadyrly dostlar!

Sizi Türkmenistanda sanly ykdysadyýet we innowasion tehnologiýalar boýunça «Türkmentel-2020» atly XIII halkara onlaýn maslahatynyň öz işine başlamagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Size berk jan saglyk, uzak ömür, alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin!

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow

tdh.gov.tm/news/tm/articles.aspx&article25166&cat19