Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

29.04.2020

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hasan Ruhaniniň arasynda telefon arkaly gepleşik geçirildi.

Iki goňşy döwletiň Baştutanlary birek-birek bilen mähirli salamlaşyp, özara söhbetdeşlikde hemişe dostluk häsiýetine eýe bolan türkmen-eýran gatnaşyklarynyň ileri tutulýan meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga görän mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler.

Pursatdan peýdalanyp, Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Hasan Ruhani mukaddes Oraza aýynyň gelmegi mynasybetli birek-birege gutlaglaryny aýdyp, iki ýurduň halklaryna parahatçylyk, abadançylyk we gülläp ösüş baradaky arzuwlaryny beýan etdiler.

Söhbetdeşler telefon arkaly gürrüňdeşligiň barşynda netijeli döwletara gatnaşyklaryna ýokary baha berdiler. Şol gatnaşyklaryň esasynda hoşniýetli goňşuçylygyň gadymy däpleri hem-de iki halky birleşdirýän asyrlaryň jümmüşine uzap gidýän taryhy-medeni gatnaşyklar durýar.

Bellenilişi ýaly, ilkibaşdan deňhukuklylyk we özara hormat goýmak ýörelgelerinde ýola goýlan türkmen-eýran gatnaşyklary häzir ähli ugurlar boýunça — syýasy, ykdysady we ynsanperwer ulgamlarda işjeň ösdürilýär. Şunuň bilen bir hatarda, Türkmenistan hem-de Eýran abraýly halkara guramalaryň, şol sanda BMG-niň we onuň ýöriteleşdirilen düzümleriniň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyk edýärler.

Söhbetdeşligiň dowamynda iki döwletiň Baştutanlary sebit we halkara derejesindäki möhüm meseleler boýunça hem pikir alyşdylar. Şunuň bilen baglylykda, giň geografiki çäkleri gurşap alan hem-de köp döwletleriň we halklaryň durmuşyna ýaramaz täsir edýän koronawirus (COVID-19) pandemiýasy baradaky mesele gozgaldy. Bellenilişi ýaly, koronawirus ýokanjynyň täze görnüşiniň ýaýramagy ählumumy häsiýete eýe boldy we dünýäde kynçylykly ýagdaýlaryň ýüze çykmagyna sebäp boldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, Türkmenistan dünýä bileleşiginiň ählumumy häsiýete eýe bolan COVID-19 ýokanjyna garşy göreşmekde edýän tagallalaryny doly goldaýar. Biziň ýurdumyz bu ýowuz howpa garşy netijeli göreşmek üçin ylalaşykly hereketlere gönükdirilen hem-de dünýäniň ähli halklaryna mahsus bolan iň gowy häsiýetlere, ýagny ynsanperwerlige, özara goldawa we raýdaşlyga daýanýan halkara hyzmatdaşlygynyň işjeňleşdirilmegi ugrunda çykyş edýär.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Ýer ýüzüniň ähli ýurtlarynyň diňe tagallalary birleşdirmek arkaly bu möhüm wezipäni çözmekde gowy netijeleri gazanyp biljekdigine ynam bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga berýän uly ünsi üçin eýranly kärdeşine minnetdarlyk bildirip, özara peýdaly döwletara hyzmatdaşlygyň geljekde hem iki doganlyk halkyň bähbidine pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdi.

Prezident Hasan Ruhani Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistan bilen däp bolan dostluk gatnaşyklaryna ygrarlydygyny tassyklap, milli Liderimiziň ählumumy abadançylygy üpjün etmäge gönükdirilen sebit we halkara gatnaşyklaryny ösdürmek, döwrüň möhüm meseleleriniň sazlaşykly çözgütlerini işläp taýýarlamak baradaky başlangyçlaryny goldaýandygyny beýan etdi.

Söhbetdeşligiň ahyrynda iki goňşy döwletiň Baştutanlary netijeli türkmen-eýran hyzmatdaşlygyny has-da depginli ösdürmäge uly mümkinçiligiň bardygyny belläp, haýyr-sahawatyň, rehimdarlygyň we ynsanperwerligiň aýy bolan mukaddes Oraza aýynyň ýetip gelmegi bilen ýene bir gezek birek-biregi gutladylar hem-de şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň doganlyk halklaryna hem-de tutuş musulman ymmatyna iň oňat arzuwlaryny aýtdylar.

Telefon arkaly söhbetdeşlik eýran tarapynyň başlangyjy bilen geçirildi.

http://tdh.gov.tm/news/tm/articles.aspx&article22316&cat19