Ýyllar. Ýollar. Täze menziller

Iki müň ýyla golaý wagt içinde dünýä ýurtlarynyň ösüşine, birek-biregiň  medeniýetine, haryt alyş-çalşygyna badalga beren Beýik Ýüpek ýolunda gatnawlaryň bes edileli bäri V asyr geçipdir. “Kerwen geçer ýol galar” diýleni. Bu gün ata-babalarymyzdan miras galan şol keremli ýollara gaýtadan ömür bermek nesibesi türkmeniň gerçek ogly Gahryman Arkadagymyzyň paýyna düşdi. Ak ýollar abadan, sogaply işler, ylahy, dowamat dowam bolsun!

Gahryman Arkadagymyzyň döwet galamyndan çykan eserleriniň her biri baha-syz hazynadyr. Hormatly Prezidentimiziň öz eziz halkyna peşgeş beren “Türkmenistan- Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýen eseri hem şol hazynalaryň biridir. Bu dogaýy diwany okadygyň saýy ata-babalarymyzyň halallygy, merdi-merdanalygy, lebiz-ygrarlylygy... hakdaky rowaýatlar öz aslyňa, nesliňe bolan buýsanjyňy idegi ýeten gül kimin kuwwatlandyrýar, has-da terlendirýär. Çünki bu eser çuň mazmunly taryhy maglumatlaryň, türkmeniň şanly geçmişini dabaralandyrýan hekaýatlaryň jemidir. Olary birin-birin okap, özüňi şol taryhy wakalaryň içinde ýaşap ýören ýaly duýýarsyň. Has dogrusy, gapdalyňda oturan akyldar, pähimdar ataň öwüt-ündewlerini diňlän ýaly bolup, kalbyň sahawata, kanagata gol berýändigine haýranlar galýarsyň. Käte çözmesi kynrak durmuşy sowallar ýüze çykaýsa, şol danaýy hekaýatlardan şolaryň hem jogabyny tapjagyňa ynanýarsyň.

Geliň, şu ýerde taryhda türkmen ýigitleriniň mertligine bagyşlanan rowaýatlaryň biri bilen tanyş bolalyň.

.....Orta asyrlarda köp yklymlary boýun egdiren, baran ýerinde ylalaşygy, agzybirligi, gülläp ösüşi ýola goýmagy başarýan türkmenleriň döwlet gurluşy, ykbaly, ýol-ýörelgesi arap halyflarynyň birini gyzyklandyrypdyr. Bilesigeliji halyf wezir-wekillerini, ulamalaryny, alymlaryny ýygnapdyrda: “Bu milletiň tutan tutumlarynyň dowamat-dowamlylygynyň, baran ýerinde ýerli halk bilen derrew dil  tapyşýandygynyň syry nämede?

Edenleri ugruna, ruhlary belent, ýürekleri şiriňki ýaly-maňa bularyň syryny açyp beriň” diýip, tabşyrypdyr. Alymlar ençeme küt-küt kitaplaryň gatlaryny açyp, özlerine aýan bolan zatlary halyfa ýetirmäge alňasapdyrlar. Türkmenleriň rowaçlygynyň 10 sebäbiniň bardygyny aýdypdyrlar. Şonda halyf ol syrlary düşündirmegi baş wezirine tabşyrypdyr. Şonda baş wezir: “Men şol syrlaryň diňe ýeke birini ýatlasamam ýeterlik bolar.

Türkmen aslynda ýeňmek, üstün çykmak, döretmek hem-de parahatçylygy gorap saklamak üçin ýaradylan millet. Muny pygamberiň hadyslaram, taryhy kyssalar hem tassyklaýar. Olar ot, suw, ýel ýaly tebigy güýçlerden soň hökmürowan gerçekler hasap edilýär. Agzybirlige uýsalar, sarpa goýsalar olara beýik ykbal garaşýar” diýipdir.

Bu jogapdan hoşal bolan halyf oňa: “Ähli toplanlaryňyzy bir ýere jemläp, kitap ýaz. Goý, biziň nesil-neberelerimiz türkmenleriň ykbalyny öwrensinler, olara meňzejek bolsunlar” diýip tabşyrypdyr.

Üstünden Beýik Ýüpek ýoly geçen ýurtlaryň ösüşi beýlekilerden mesaňa tapawutlanýar. Oňa halkara söwda ýoly güýçli itergi beripdir. Mundan birnäçe asyr öň ýurdumyzdan sansyz kerwenler geçen gumaksy ýollaryň ýakasyndaky taryhy-medeni hem-de arheologik ýadygärlikleriň köpüsiniň galyndylary şol täsin aragatnaşyk torunyň täsirinde dörän ösen ykdysady-medeni ojaklaryň yzlarydyr. Olaryň sany örän köpdür.

Halkyň hakydasynda Beýik Ýüpek ýoly we özüniň gözelligi hem-de beýikligi bilen haýran galdyran uly şäherleriň, aýry-aýry binalaryň her biri hakynda rowaýatlar ýaşaýar, taryhymyz baradaky takyk ylmy maglumatlar gymmatly ýazuw çeşmelerinde saklanýar.

Türkmenistanyň “Halkbank” döwlet täjirçilik banky