Bankyň strategiýasy we alyp baran işjeňliginiň ugurlary

Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli we parasatly ýolbaşçylygynda karz edaralary tarapyndan döwlet maksatnamalaryny ýerine ýetirmek, karz bermegiň netijeliligini ýokarlandyrmak we müşderileriň talaplaryny kanagatlandyrmak üçin bankyň göterim syýasatyny kämilleşdirmek boýunça düýpli işler alnyp barylýar.

Innowasiýalar diňe bir önümçiligiň däl, eýsem hyzmatlar ulgamynyň işiniň hem rowaçly alnyp barylmagynyň möhüm serişdesi bolmagynda galýar. Bank ulgamynda öňdebaryjy innowasiýalara berilýän ähmiýet hem barha artýar. Munuň özi, aýratyn hem bank amallary ýerine ýetirilende has aýdyň görülýär. Bank amallary bolup töleg-hasaplaşyk amallary, gymmatly kagyzlar we maliýe gurallary bilen amallar, karzlaşdyrmak we başgalar bolup durýan bolsa, bank innowasiýalary bolup banklarda tehnikanyň, tehnologiýanyň, bank işlerini dolandyrmakda ylmyň hem-de öňdebaryjy tejribeleriň iň täze görnüşleriniň ornaşdyrylmagyna düşünilýär.

“Türkmenistanyň ykdysady, maliýe we bank ulgamlaryny ösdürmegiň 2018-2024-nji ýyllar üçin Maksatnamasyna” laýyklykda karz edaralary ösüş ugurlaryny şu aşakdaky ugurlara, ýagny:

  • ýurdumyzda ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz bölegini ösdürmek hem-de telekeçilik işini goldamak maksady bilen önümçiligi maliýeleşdirmekligi dowam etdirmeklige;
  • bankyň işjeňliginiň hilini bahalandyrmaga, girdeji we çykdajy meýilnamasyny bar bolan mümkinçiligiň derejesinde düzmek we ukyplylyk nukdaýnazaryndan peýdanyň derejesini bahalandyrmaga;
  • bankyň esaslyk maýasyny artdyrmaga;
  • karz depozit we goýum syýasatlaryny kämilleşdirmegiň binýadynda goýumlaryň möçberini artdyrmaga we görnüşlerini köpeltmäge;
  • bank hyzmatlarynyň görnüşlerini hem-de hilini ýokarlandyrmagyň hasabyna bar bolan müşderiler bilen işjeňligi pugtalandyrmak hem-de täze müşderileri çekmäge;
  • bank tehnologiýasyny we bank howpsuzlygyny üpjün etmek bilen internet-bank hyzmatyny ýaýbaňlandyrmaga we hilini has-da ýokarlandyrmaga;
  • marketing we mahabatlandyryş syýasatyny alyp barmaga;
  • nagt däl hasaplaşyklaryň gerimini has-da giňeltmäge;
  • müşderileriň we goýumçylaryň banklara bolan ynamyny ýokarlandyrmak bilen olaryň bähbitlerini goramagyň hukuk esaslaryny kämilleşdirmeklige gatnaşmaga gönükdirer.

 

 

Maýa MOLLAÝEWA,

Türkmenistanyň “Halkbank” DTB-niň

Maliýe we ykdysady seljeriş

 müdirliginiň başlygynyň w.w.ýe.ýe.