"Cashback" hyzmaty

Hormatly watandaşlar!

        Türkmenistanyň "Halkbank" döwlet täjirçilik banky 2020-nji ýylyň 2-nji ýanwaryndan güýje girýän "Cash back" atly täze hyzmaty hödürleýär. Bu hyzmat size "Halkbankyň“ "Altyn asyr“ aýlyk bank kartlary arkaly nagt däl görnüşinde töleg terminallary arkaly hasaplaşyklary geçireniňizde girdeji gazanmaga mümkinçilik berer.

        Has takygy, bank kartlary arkaly harytlary we hyzmatlary nagt däl görnüşinde satyn alan müşderilerimize ähli geçirilen amallaryň umumy bahasynyň 1,5 göterimi kartyna gaýdyp berilýär.

        Bir aýyň dowamyndaky aýlyk kartyňyza gaýdyp gelen pul serişdeleriňiz baradaky maglumat her aýyň 25-ne SMS-habary arkaly siziň ykjam telefonyňyza iberiler.

        Biz sizi täze hyzmatdan peýdalanmaga çagyrýarys.

"Halkbank" -
bankyň esasy gymmatlygy müşderilerdir!