Bank täzelikleri we makalalar

Türkmenistanyň «Halkbank» paýdarlar täjirçilik bankynyň karz syýasaty kämillik ýolunda

10.09.2021

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda, Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň ähli pudaklarynda bolşy ýaly bank ulgamynda hem ösüşler we özgerişler başdan geçirilýär. Häzirki wagtda özgertmeler, esasan, pul dolanşygyny kämilleşdirmek, ýagny ilatyň arasynda nagt däl hasaplaşyklaryň möçberlerini ýokarlandyrmak, hususy önüm öndürijileri ýeňillikli karzlaşdyrmak arkaly goldamak, uzak möhletli karzlaşdyrmak arkaly ilatyň ýaşaýyş jaý we beýleki durmuş ähmiýetli obýektleriň gurulmagyny çaltlaşdyrmak ýaly ugurlarda amala aşyrylýar.

“Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň” düzüm bölegi bolup durýan “Türkmenistanyň ykdysady, maliýe we bank ulgamlaryny ösdürmegiň 2019-2025-nji ýyllar üçin maksatnamasyna” laýyklykda raýatlarymyzyň durmuş-ýaşaýyş derejesini has-da ýokarlandyrmak, ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň maliýe ýagdaýyny berkitmek we durnukly ösüşini dowam etdirmek ugrunda karz edaralary tarapyndan degişli işler dowam etdirilýär. Karz edaralarynyň öňünde goýlan wezipelerden ugur alyp, Türkmenistanyň «Halkbank» paýdarlar täjirçilik banky tarapyndan müşderilere edilýän hyzmatlaryň gerimini giňeltmek, dünýä ülňülerine laýyk gelýän tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly ýokary tilsimatly bank hyzmatlaryny ösdürmek işleri amala aşyrylýar.

Ýurdumyzda düýpli ykdysady, syýasy we medeni özgertmeleriň barşynda ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz böleginiň ösdürilmegi aýratyn üns merkezinde saklanylýar. Häzirki wagtda ýurdumyzda öndürilýän önümleriň ep-esli bölegi döwlete degişli bolmadyk kärhanalarda, telekeçileriň zähmeti bilen öndürilýär. Harytlary we önümleri öndürmek, işleri we hyzmatlary ýerine ýetirmek arkaly telekeçilik işini amala aşyrýan hususy kärhanalaryň we telekeçileriň önümçiligi ösdürmek we täze iş orunlaryny döretmek maksady bilen bagly bolan maýa goýum taslamalary üçin uzak möhletleýin ýeňillikli karzlary bermeklik barasynda Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanda hususy telekeçilik işini maliýeleşdirmegiň meseleleri hakynda» il-ýurt bähbitli kararyny durmuşa ornaşdyrmakda we karz edaralary tarapyndan döwlete dahylsyz pudagy karzlaşdyrmakda, Türkmenistanyň «Halkbank» paýdarlar täjirçilik banky tarapyndan degişli işler alnyp barylýar. Welaýatda hususy telekeçileriň maýa goýum taslamalaryny goldamak esasynda, olara bank karzlarynyň berilmegi, ykdysadyýetimiziň ösüşiniň ýokary depginlerini, haryt bolçulygyny we täze iş ýerleriniň döredilmegini üpjün etmek bilen halkymyzyň maddy-hal ýagdaýynyň has-da ýokarlanmagyna getirýär.

Öňde goýulan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň “Halkbank” paýdarlar täjirçilik banky ykdysadyýeti we bazar gatnaşyklaryny ösdürmäge ýardam etmek, häzirkizaman senagat we telekeçilik amatlyklaryny emele getirmek, ýurtda hususy telekeçilik işjeňligini ýokarlandyrmak, hususan-da halkyň sarp edýän azyk we senagat harytlarynyň önümçiligini ösdürmek boýunça işleri alyp barýar.

Şunuň esasynda aşakdakylar göz öňüne tutulýar:

ykdysady taýdan netijeli we karz beriji bilen bir hatarda karz alyja-da girdeji getirjek obýektleri karzlaşdyrmaklyk we maliýeleşdirmeklik;

Türkmenistanyň Prezidentiniň aýratyn namalary esasynda ýeňillikli karzlary bermek;

dürli görnüşli üpjünçilikli bank karzyny bermek;

ýerli çig mallardan ilatyň isleg bildirýän önümlerini öndüriji hususy kärhanalary, telekeçileri karzlaşdyrmaklyk we milli manadymyzyň hümmetini ýokarlandyrmaklyga ýardam etmek.

Şahamçanyň karz bermek babatdaky işi Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Türkmenistanda geçirýän ýeke-täk döwlet pul-karz syýasatyna laýyklykda amala aşyrylýar.

“Halkbank” PTB-nyň karz syýasatynyň esasy ugruny hususy önümçilik pudaklaryny ösdürmeklige, şeýle hem onuň belli bir bölegini tapawutly girdeji getirýän we töwekgelçiligi pes bolan, sarp ediş karzlary tutýar. Umumy möçberde gysga we uzak möhletli karz goýumlaryny ýokarlandyrmaklyk göz öňünde tutulýar.

Şahamça tarapyndan berilýän karzlaryň görnüşleri:

Önümçilik maksatlaryna (enjamy, çig maly, tehnologiýany satyn almak üçin);

Maldarçylygy öşdürmeklik üçin;

Raýatlara bölünip berlen mellek ýerinde (ýer böleginde) ekerançylygy we maldarçylygy ösdürmek maksady bilen, oba hojalyk önümlerini öndürmek, esasy we dolanyşyk serişdelerini edinmek hem-de iri önümçilikler üçin zerur bolan ýerli çig mallary öndürmek maksady billen kiçi göwrümli karzlar;

Sarp ediş karzy – mebel, dumuş tehnikalaryny, şahsy ulanylýan närseleri we beýleki maddy gymmatlyklary satyn almak hem-de awtoulag edinmek we ş.m.;

Türkmenistanyň Prezidentiniň aýratyn namalary esasynda ýeňillikli karzlar;

Bank şertnamada kesgitlenen döwüriň dowamynda karz alyjy bilen ylalaşylan karz şertnamasynda karzyň möçberiniň çäklerinde göz öňünde tutulan maksatlar üçin pul serişdelerini bermäge borçlanýar. Bankyň karz syýasatyna görä karz bir gezek bermek ýa-da karz ugruny açmak görnüşinde berilýär.

“Halkbank” PTB-nyň degişli işgärleri karzlaşdyrma işini, Türkmenistanyň Merkezi bankynyň kadalaşdyryjy hukuk namalary, Düzgünnamalary we görkezmeleri, bankyň Tertipnamasy, bankyň karz syýasaty, bankyň Müdiriýetiniň kararlary we görkezmeleri, Türkmenistanda hereket edýän kadalaşdyryjy hukuk namalary esasynda hem-de öz wezipe borçlaryna laýyklykda amala aşyrýarlar.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda milli ykdysadyýeti özgertmek boýunça öňe sürülen başlangyçlaryň çäklerinde amala asyrylýan maliýe reformalary – bank ulgamynyň berk binýadyny döretmäge we ýurtda ykdysady durnuklylygy berkitmek arkaly, türkmen ykdysadyýetiniň mundan beýläk hem gülläp ösüşine uly ýardam berer.

Milli Liderimiziň parasatly ýörelgelerinden ugur alýan mähriban halkymyza «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hem üstünlikler arzuw edýäris. Bize şeýle ajap zamanany gurup beren Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun, il-ýurt bähbitli, ählihalk ähmiýetli alyp barýan beýik işleri elmydama rowaç bolsun!


Berdiguly Orazow,

Türkmenistanyň “Halkbank” paýdarlar

täjirçilik bankynyň Mary şahamçasynyň

Işgärler bilen iş ýörediş bölüminiň hünärmeni