Bank täzelikleri we makalalar

BITARAPLYK – DÜNÝÄNIŇ ÝÜREK AÝDYMY

16.12.2019

Taryhyň teswirlemegine görä, Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk halkara hukuk derejesini berkarar etdirmek üçin uly ýol geçdi. Ýurdumyz bu ugurda döwlet syýasatyny amal etmek bilen, içeri we daşary syýasatynda birnäçe oňyn başlangyçlary durmuşa geçirdi. Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesini dünýä ýüzünde ykrar edilmegini gazanmak ugrundaky tagallasyny döwlet Garaşsyzlygyny gazanandan soňra durmuşa geçirmäge mümkinçilik aldy. 1991-nji ýylda Türkmenistanyň Konstitusiýasynda ýurduň Garaşsyzlygynyň we döwlet gurluşynyň binýatlaýyn hukuk esaslarynyň goýulmagy bu ugurdaky ilkinji ädim boldy.  Türkmen Bitaraplygy barada BMG-niň Baş Assambleýasy 1995-nji ýylyň 12-nji dekabryndaky 50-nji mejlisinde birinji gezek hem-de 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda 69-njy mejlisinde ikinji gezek täzeden “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” baradaky Rezolýusiýany kabul etdi. Geçen ýyllaryň dowamynda Bitaraplyk ýörelgesine esaslanyp, biziň ýurdumyzda syýasy, ykdysady we medeni ugurlarda toplanan tejribe, dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmeklige ygrarlylygyň ajaýyp nusgasy kemala geldi. Bu bolsa türkmen döwletiniň halkyň asyl ruhy ýörelgelerinden gözbaş alýan Bitaraplyk syýasatynyň üçünji müňýyllygyň ählumumy maksatlaryna gönükdirilendigini görkezýär. Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesine eýe bolmagy, Aziýada ylalaşdyryjy merkeze öwrülmegi – ak mermerli Aşgabadymyzda BMG-niň sebit merkeziniň, “Ýewropa öýüniň” açylmagy, döwletimiziň birnäçe gezek BMG-niň Baş Assambleýasynyň wise-başlyklygyna saýlanmagy öz-özünden bolýan zatlar däldir. Döwletimiziň hoşniýetli, hoşmeýilli oňyn bitaraplyk taglymaty we syýasaty, türkmen halkynyň milli aýratynlyklaryna kybap gelýän baý medeni taryhyndan, milli däp-dessurlardan, ýol-ýörelgelerden gözbaş alýandyr. Hormatly Prezidentimiziň 2015-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 70-nji mejlisinde 2015-nji ýyldan soňky döwür üçin ösüş baradaky Gün tertibinde kesgitlenen maksatlary we wezipeleri doly goldap maksatnamalaýyn çykyş etmegi ýurdumyzyň bitaraplyk ýörelgelerine ygrarlydygyny ýene bir gezek aýan etdi.

Milli Liderimiz Milletler Bileleşiginiň forumlarynda  türkmen Bitaraplygynyň many-mazmunyndan gelip çykýan “Ösüş arkaly parahatçylyk ýörelgesine esaslanyp, biziň halkymyzyň we bütin adamzadyň geljegini kesgitleýän başlangyçlary we teklipleri öňe sürdi we sürýär. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzyň energiýa serişdelerini dünýä bazaryna ibermegiň ygtybarly we goragly bolmagyny kepillendirmek barada öňe süren başlangyçlaryny görkezse bolar. Bu başlangyç Milletler Bileleşigi tarapyndan goldanyp, 2008-nji we 2013-nji ýyllarda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan “Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi hem-de durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde onuň hyzmaty” atly Rezolýusiýanyň kabul edilmegi, 2014-nji ýylyň dekabrynda Aşgabatda Energiýa hartiýasy bilen bilelikde “Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi” atly maslahatyň geçirilmegi şu örän wajyp meseläni çözmeklige Türkmenistanyň ygrarlydygyny görkezýär.

Hormatly Prezidentimiziň yhlasy bilen soňky döwürde gurlan gaz geçirijiler ulgamy bu gün türkmen tebigy gazyny Hytaý Halk Respublikasyna, Eýran Yslam Respublikasyna artdyrylan möçberde ibermeklige mümkinçilik berýär. Häzirki günlerde gurluşygy alnyp barylýan Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan (TOPH)  transmilli  gaz geçirijisiniň taslamasynyň durmuşa geçirilmegi bilen bu uglewodorod serişdesi Günorta Aziýa ýurtlarynyň ykdysady ösüşini we bu ýerde durnuklylygy gazanmaklyga itergi berip, ýurdumyzyň Bitaraplyk syýasatyndan gelip çykýan ýörelgeleriň has-da rowaçlanmagyna öz täsirini ýetirer.

Üstümizdäki “Türkmenistan – rowaçlygyň Watany” ýylynyň sentýabr aýynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynyň 106-njy umumy mejlisinde gurama agza döwletleriň biragyzdan goldamagy bilen döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy esasynda «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Rezolýusiýanyň kabul edilmegi Bitarap Watanymyzyň parahatçylyk söýüjilige we hoşniýetli hyzmatdaşlyga ýugrulan daşary syýasy strategiýasynyň dünýäde barha dabaralanýandygynyň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi. Bu halkara resminamanyň kabul edilmeginde dünýäniň 73 döwleti awtordaş hökmünde çykyş etdi. Şunuň bilen, Türkmenistan Ählumumy Gün tertibiniň derwaýys meseleleriniň çözgüdini tapmakda özüniň işjeň ýörelgesini hem-de öňdengörüjilikli çemeleşmesini nobatdaky gezek görkezdi. Şol çözgütlere adamzadyň ykbaly gönüden-göni baglydyr. Hormatly Prezidentimiz Özbegistan Respublikasynyň Ylymlar akademiýasynyň «Hormatly akademigi» diýen belent alymlyk derejesiniň berilmegi mynasybetli dabarada eden çykyşynda hem ýurdumyzyň parahatçylygy we ynanyşmagy halkara gatnaşyklarynyň häzirki zaman binýadynyň berkidilmeginde we ösdürilmeginde wajyp hasaplanýandygyny nygtady.

Berkarar döwletimiziň hoşniýetli daşary syýasaty bütin adamzadyň bähbidine, parahat durmuşyna gönükdirilen başlangyçlary taryhy ýol-ýörelgelerimiz esasynda alnyp barylýar. Nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň bütin döredijiligi diýen ýaly öz halkynyň abadançylygyna, asudalygyna, edep-ekramlylygyna, ruhy hem ahlak  arassalygyna bagyşlanypdyr. Şahyryň döredijiliginden türkmen durmuşynyň islendik tarapyny edil aýnada gören ýaly aýan görmek bolýar. “Yşk mülküniň şasy” saýylýan Mollanepes: “Iki adam uruşsa, öter ýaly ýol berme, birisine gep berip, ol birine al berme” diýen paýhasy öňe süren bolsa, Zelili şahyr: “Asly adamzada ajy söz urma” diýen pikiri baýdak edinipdir.  Bu mysallar halkymyzyň şu günki ýeten beýik derejesiniň kökleriniň juda berkdigini, kämildigini aňladýar. Şeýle mysallara adamzat medeniýetiniň genji-hazynasyna öwrülen “Gorkut ata” eposynda, gahrymançylygy, mertligi, asudalygy ündeýän “Görogly” şadessanynda gabat gelmek bolýar.

  Türkmen halkynyň milli gahrymany Görogly beg özüniň mertligi, watansöýüjiligi, belent adamkärçiligi, hemişe ejize hossar bolmagy, şahandazlygy bilen tutuş ýigrimi iki halkyň döredijiliginde orun alypdyr. Eseri ylmy esasda öwrenen alymlar munuň ýaly başga bir eseriň dünýä edebiýatynda gabat gelmeýändigini belleýärler. Şundan ugur alynsa, şol asylly ahlak ýörelgeleriň, halkymyzyň ýakynu-alys goňşular bilen parahatçylykda, oňşukly, agzybir, arkalaşyp ýaşamak ýaly ynsanperwer häsiýetleriniň, ündewleriniň netijesi bizi hemişelik Bitaraplyga eýe etdi. Türkmeniň gadymdan gaýdýan ahlak ýörelgeleri umumadamzadyň abadançylygy baradaky  meselä öwrülip, halkymyzyň halkara abraýyny ýene bir gez beýige galdyrdy.

Umumadamzat gymmatlyklarynyň giden bir toplumyny dünýäniň ruhy hazynasyna goşan türkmen halkynyň döreden nakyllarynda, ertekidir rowaýatlarynda, dessanlarynda, nusgawy şahyrlarymyzyň şygyrlarynda, hatda XX asyr ýazyjylarymyzyň eserlerinde-de parahatçylyk, ynsana sarpa goýmak ýaly ynsanperwer pikirleriň beýany milli edebiýatymyzyň esasy aýratynlyklarynyň biri bolup, dünýä edebiýatynyň bezegi boldy. Gahryman Arkadagymyzyň “Parahatçylyk sazy, dostluk-doganlyk sazy” atly kitaby bolsa, türkmeniň milli sungatynyň dünýäde parahatçylygy, asudalygy berkarar etmekde örän uly ruhy güýje eýedigini giň jemgyýetçilige ýene bir ýola äşgär etdi.

Hemişelik Bitaraplyk syýasatynyň türkmen halkynyň ata-baba ýörelgesi bolanlygyny aýtmak bilen, biz Bitaraplyk hakdaky pikirleriň iňňän gadymy döwürlerden bäri halkymyzyň agzeki hem ýazuwly edebiýatynda, gündelik ýaşaýyş durmuşynda şöhlelenip gelendigini nygtamak isleýäris. Ol ýörelge häzirki günlerde hem mynasyp dowam etdirilýär. Şeýle bolanlygy üçin “Adam adama dostdur, dogandyr” diýen ynsanperwer pelsepe bagtyýarlyk döwrümizde türkmen Bitaraplygynyň baýdagy astynda özüniň hakyky many-mazmunyna eýe bolýar.

Biz  bu gün beýik we bagtyýar döwürde ýaşaýarys. Gahryman Arkadagymyzyň beýik paýhaslary we tagallalary netijesinde Türkmenistan döwletimiz ösüşiň milli ruha laýyk gelýän dünýä nusgalyk ýoly bilen öňe ilerleýär. Ýurdumyzyň halkara derejesindäki abraýy hem barha ýokarlanýar. Beýik döwürde bagtyýarlygyň hözürini görüp ýaşaýan agzybir il-ulsumyz halkyny bagtly, abadan durmuşda ýaşatmak üçin yhlasly zähmetini gaýgyrmaýan milli Liderimiziň daşyna mäkäm jebisleşip, ajaýyp geljege barýar.

Türkmenistanyň "Halkbank“ DTB-nyň

Maliýe ykdysady seljeriş we usulýet

müdirliginiň Usulýet bölüminiň

baş hünärmeni B.Şihgulyýew