Bank täzelikleri we makalalar

“TALYP TÖLEGI” – TALYPLARYŇ IŇ ÝAKYN ÝARDAMÇYSY

06.12.2019

Tutuş dünýäde bolşy ýaly, ýurdumyzda amala aşyrylýan ykdysady özgertmeleriň çäklerinde bank ulgamynyň işine döwrebap tehnologiýalar, häzirki zaman bank hyzmatlary işjeň ornaşdyrylýar. Bu bank hyzmatlarynyň içinde, aýratyn hem raýatlaryň şahsy maksatlary, şahsy zerurlyklary üçin ulanylýan bank kartlary arkaly geçirilýän nagt däl hasaplaşyklara aýratyn orun degişlidir. Häzirki wagtda Türkmenistanyň karz edaralarynda giňden ýaýbaňlandyrylan nagt däl hasaplaşyklar boýunça durmuşa geçirilýän işler Türkmenistanyň “Halkbank” döwlet täjirçilik bankynda hem giň gerim alýar, hyzmatlaryň täze görnüşleri müşderilere yzygiderli hödürlenilýär.

Şeýle hyzmatlaryň biri-de, “Talyp tölegi” hyzmatydyr. Sentýabr aýynda açylan bu hyzmatyň esasy maksady tölegli esasda okaýan talyplar üçin ýeňillikli şertleri döretmekden, töleg geçirmekde ýüze çykyp biljek bökdençlikleri aradan aýyrmakdan ybaratdyr.

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň ýokary we ýörite orta okuw mekdepleriniň aglabasynda tölegli okuwlar ýola goýuldy. Talyplaryň okuw töleglerini baglaşylan şertnamalaryna laýyklykda, öz wagtynda, doly geçirmekleri üçin bolsa karz edaralarynyň öňünde möhüm wezipeler durýar. Bankymyz tarapyndan açylan täze hyzmatda hem talyplar üçin ähli amatly mümkinçilikler göz öňünde tutulýar. Bu hyzmatyň esasy aýratynlygy, ýagny nagt hasaplaşykdan tapawudy tölegi islän wagtyň, nobata durmazdan, göni wagt tertibinde ("online“ usul arkaly) geçirip bolýanlygydyr.

Häzirki döwre çenli ýurdumyzyň tölegli esasda bilim berýän ýokary okuw mekdepleri bilen degişli şertnamalar baglaşyldy. Şonuň esasynda bolsa, talyplaryň okuw tölegini bökdençsiz tölemekleri üçin olaryň her birine birnäçe sandan ybarat bolan ýörite belgiler paýlanyldy. Talyp özüne degişli şol şahsy belgiler arkaly “Halkbankyň” saýty ýa-da ýörite “Talyp tölegi” ady bilen döredilen goşundy hyzmatynyň üsti bilen töleg geçirip bilýär. Şu ýerde töleg geçirmek bilen bagly birnäçe sowallaryň ýüze çykmagy mümkin. Meselem, özünde şahsy "Altyn asyr“ bank karty bolmadyk talyp tölegini nädip geçirmeli? Ýyllyk tölegi böleklere bölüp töläp bolarmy? Tölegiň geçendigi barada degişli resminama nähili usulda düzgünleşdirilýär? 

Her bir müşderide döräp biläýjek şu we beýleki sowallaryň ählisi hyzmatyň taslamasy işlenip düzülende degişli hünärmenler tarapyndan doly öwrenildi. Şoňa laýyklykda, özünde bank karty bolmadyk talyp iki tarapyň özara ylalaşygy esasynda islendik adamyň aýlyk kartyndan töleg geçirip bilýär. Ýyllyk töleg möçberini bolsa islendik mukdarda tölemek mümkinçiligi döredildi. Talybyň töleg geçirendigi baradaky degişli resminama her okuw mekdebine awtomatik usulda habar berilýär, şeýle-de zerurlyga görä degişli resminamany çap etmek şertleri hem ýola goýuldy.

Ýokarda belläp geçişimiz ýaly, tölegler bankyň saýty, şeýle-de telefon goşundysy arkaly kabul edilýär. Bu ýerde hereketler örän aňsat we tiz ýerine ýetirilýär. Saýt arkaly töleg üçin saýtyň baş sahypasynda «Onlaýn-tölegler» düwmesine basyp, «Talyp tölegi» hyzmatyny saýlamaly. Ýakynda döredilen goşundy hyzmaty hem tölegi tiz usulda tölemäge mümkinçilik berýär. Gysgaça aýdanymyzda, bu programma talyplara okuw tölegini internet arkaly göni wagt tertibinde tölemek mümkinçiligini bermekden hem-de ondan daşary häzirkizaman tehnologiýalary ulanmak ýaly milli ýörelgeleri durmuşa geçirmekligi üpjün etmeklikden ybaratdyr. Şeýle-de, bu programmanyň döredilmeginiň esasy maksady  ýurdumyzda "Altyn asyr“ milli töleg ulgamynyň ýaýramagy bilen talyplara okuw töleglerini nagt däl görnüşde geçirmekde ýeňillikli şertleri döretmek bilen baglydyr. Programmanyň interfeýsi häzirki wagtda ulanylýan ähli enjamlara (kompýuter, planşet we el telfon) görä niýetlenip taýýarlanyldy.

Umuman aýdanymyzda, milli ykdysadyýetimizde innowasiýa syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylmagy netijesinde, öňdebaryjy tehnologiýalar diňe bir önümçilik ulgamyna däl, eýsem, hyzmatlar ulgamynda hem giňden ornaşdyrylýar. Gahryman Arkadagymyzyň döredip berýän mümkinçilikleri bolsa, bank ulgamynyň işgärleriniň halal, yhlasly zähmet çekmäge ruhlandyrýar. Döredilýän şertlerden ruhlanyp, müşderilere hyzmatlaryň täze, döwrebap görnüşlerini hödürläris. Çünki, “Halkbank” – halkyň bankydyr. Müşderiler bolsa bankyň iň esasy gymmatlygydyr. 

Myrat Gurbanow,

Türkmenistanyň "Halkbank“ döwlet täjirçilik bankynyň

Bank kart ulgamlary müdirliginiň Müşderiler bilen

işlemek bölüminiň baş hünärmeni