Bank täzelikleri we makalalar

TÜRKMEN-ÖZBEK GATNAŞYKLARYNYŇ TÄZE SAHYPASY

05.12.2019

Türkmen-özbek döwletara gatnaşyklarynda medeni-ynsanperwer ulgam möhüm düzüm bölegi bolup durýar. Bu ugurda Türkmenistan we Özbegistan bilelikde işlemegiň we döredijilikli hyzmatdaşlyk etmegiň ajaýyp däplerine eýerýärler. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, biziň halklarymyz diňe çäk taýdan goňşy bolmak bilen çäklenmän, eýsem, hakyky doganlyk gatnaşyklary, taryhy ykballarynyň, däp-dessurlarynyň, ahlak sütünleriniň umumylygy bilen hem birleşendirler. Häzirki zamanda bu düşünjeler ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň, özara düşünişmegiň, dostlugyň we halklaryň arasyndaky hoşniýetliligiň möhüm bölegi bolmak bilen täze many-mazmuna eýe bolýar. Bu ugurdaky hzymatdaşlygyň ösdürilmeginde hormatly Prezidentimiziň 28-29-njy noýabrdaky Özbegistan Respublikasyna amala aşyran iş sapary döwletara gatnaşyklarynyň taryhnda täze sahypa öwrüldi.

 

Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1993-nji ýylyň 7-nji fewralynda ýola goýuldy. Emma bu iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklaryň şol seneden gözbaş alýandygyny görkezmeýär. Biziň ýurtlarymyzyň we halklarymyzyň taryhy ösüşinde, medeniýetlerinde we däp-dessurlarynda-da umumylyklar köpdür. Iki döwletiň hem Aziýa yklymynyň merkezinde geografik taýdan amatly ýerleşmegi diňe bir sebit däl, eýsem, ählumumy möçberde hem möhüm ähmiýete eýedir.

Türkmen we özbek halklary uzak asyrlaryň dowamynda biri-birine goňşy oturyp, umumy mirasa, taryha eýe bolan halklardyr. Magtymguly Pyragy, Alyşir Nowaýy ýaly akyldarlaryň edebi mirasy bolsa iki halkda hem söýlüp okalýar. Biziň dillerimiziň bir kökden gaýdyp, islendik özbegistanlynyň we türkmenistanlynyň biri-biri bilen dilmaçsyz düşünişip bilmegi hem aramyzdaky ýakynlykdan habar berýär.

Özbegistan Respublikasynda türkmenleriň 190 müňden gowragy ýaşaýar. Dürli ýurtlaryň Özbegistandaky milli-medeniýet merkezleriniň arasynda Türkmen milli medeniýet merkezi hem hereket edip, ol 2001-nji ýylyň maý aýynda Özbegistanyň Adalat ministrligi tarapyndan hasaba alyndy. Häzir merkeziň 6 bölümi bolup, olar Surhanderýa, Kaşkaderýa, Buhara, Daşkent welaýatlarynda we Daşkent şäherinde, şeýle hem Garagalpagystan Respublikasynda hereket edýär.

Orta mekdepleriň 44-sinde çagalara türkmen dilinde bilim berilýär. Şol mekdepleriň üçüsinde özbek, gazak we türkmen çagalary goşulyşyp okaýarlar. Şol sanda, Özbegistanyň orta mekdeplerinde öwredilýän ýedi sany daşary ýurt diliniň biri türkmen dilidir. Garagalpak döwlet uniwersitetinde türkmen dili we edebiýaty bölümi bar. Garagalpagystan Respublikasynyň Ajiniýaz adyndaky institutynda türkmen dilinde bilim berýän ýokary bilimli başlangyç synp mugallymlary taýýarlanylýar. Garagalpagystanyň radiokompaniýasynyň düzümindäki “Diýar” radiogepleşigi türkmen dilinde alnyp barylýar. Dörtgül etrabynda bolsa, 2001-nji ýyldan bäri “Mekan” gazeti türkmen dilinde neşir edilýär. Magtymguly Pyragynyň adyny göterýän 29-njy orta mekdepde bolsa, türkmen çagalarynyň 400-den gowragy bilim alýarlar. Orta mekdebiň kitaphanasynda türkmen dilindäki kitaplar bar. Bu maglumatlar iki döwletiň arasyndaky ýola goýlan medeni-ynsanperwer gatnaşyklara degişli köpsanly maglumatlardan diňe käbirleri.

Gözbaş çuň bolanda, çeşmäniň suwy dury bolýar. Ýürekdeş dostluga esaslanýan türkmen-özbek gatnaşyklary-da müňýyllyklardan gözbaş almak bilen, häzirki döwürde hil taýdan täze derejelere göterilýär. Hormatly Prezidentimiziň nobatdaky iş sapary hem döwletara gatnaşyklaryny ösdürmekde iki döwletiň häzirki zaman taryhynda nobatdaky möhüm ähmiýetli waka boldy.

Iki döwletiň Baştutanlarynyň ýokary derejede geçirilen gepleşikleri däp bolan türkmen-özbek hyzmatdaşlygyna täze kuwwatly itergi berýär. 2017-nji ýylda Özbegistanyň täze Prezidentiniň ilkinji daşary ýurt saparyny hut Türkmenistana amala aşyrandygy, özi-de hormatly Prezidentimiziň ýokary döwlet wezipesine täzeden saýlanan pursadyndan soň, ilkinji belent mertebeli myhman hökmünde gelmegi netijeli gatnaşyklary işjeňleşdirmäge we hemmetaraplaýyn giňeltmäge iki ýurduň özara gyzyklanýandygynyň iň oňat subutnamasydyr. Döwletara gatnaşyklaryň tapawutly aýratynlyklary bolsa hemişe hoşniýetli goňşuçylyk, deňhukuklylyk, açyklyk, özara hormat goýmak hem-de iki doganlyk halkyň arasyndaky köpasyrlyk dostluk we ynanyşmak gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň örän wajypdygyna düşünişilmegi bolupdy we şeýle bolmagynda galýar.

Döwletleriň arasynda medeni-ynsanperwer gatnaşyklary çuňlaşdyrmaga aýratyn ähmiýet berilýär. Iki doganlyk döwlet taryhy gatnaşyklar, türkmen hem-de özbek halklarynyň medeni we ruhy gymmatlyklarynyň umumylygy baglanyşdyrýar. Yzygiderli geçirilýän uly möçberli döredijilik çäreleri şol gatnaşyklaryň has-da ýakynlaşmagyna ýardam berýär.

2017-nji ýylyň 6-njy martynda Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň Türkmenistana döwlet saparynyň çäklerinde medeni-ynsanperwer ulgamynda 2017—2019-njy ýyllarda hyzmatdaşlyk etmegiň Maksatnamasyna gol çekildi. Onuň çäklerinde 2017-nji ýylyň 11 – 13-nji aprelinde Daşkentde Türkmen kinosynyň günleri guraldy. Şol ýylyň 13-15-nji noýabrynda bolsa Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleri geçirildi. Iki döwletiň alymlarynyň we medeniýet işgärleriniň gatnaşyklary, türkmen we özbek halklarynyň taryhy-medeni mirasyny öwrenmek we saklamak maksady bilen ylmy alyş-çalyşmalar işjeňleşdi.

Türkmenistanyň hem-de Özbegistanyň çäklerinde bütindünýä ähmiýetli Gadymy Merw, Nusaý we Köneürgenç, Hywa, Buhara hem-de Samarkant ýaly köp sanly medeni-arheologik ýadygärlikleri bolan syýahatçylyk merkezleri bar. Häzirki wagtda Özbegistanda medeni mirasyň 7,3 müň nusgasy hasaba alnandyr. Şol sanda 4,2 müňden gowrak  arheologiýa, 2 müňden gowrak binagärlik ýadygärligi bar. Olaryň 500-den gowragy syýahatçylyk ugurlaryna goşulandyr. Goralýan tebigy ýerleriň 8-si, 3 milli tebigy seýilgäh, 6 tebigy ýadygärlik, 11 çäkli goraghana hem syýahatçylyk mümkinçiliklerini artdyrýar.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, syýahatçylyk pudagynda ulgamlaýyn özara hereketleri ýola goýmak, halkara syýahatçylygy babatda hyzmatdaşlygyň bilelikdäki maksatnamalary hakda oýlanmak hem-de geljekde syýahatçylyk ugurlarynyň we logistika mümkinçilikleriniň esasynda umumy syýahatçylyk giňişligini döretmek maksadalaýykdyr. Gahryman Arkadagymyzyň goňşy döwlete nobatdaky iş sapary köpugurly gatnaşyklaryň täze derejelere çykmagyna, medeni hyzmatdaşlygyň işjeňleşmegine we halklaryň has-da jebisleşmegine kuwwatly itergi berdi.