Bank täzelikleri we makalalar

Jarnama ― bilelikdäki ösüşiň resminamasy

09.11.2019

Ýakynda paýtagtymyzda geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň jemleýji resminamasy hökmünde GDA agza döwletleriň strategik ykdysady hyzmatdaşlygy hakyndaky Jarnamasy kabul edildi. Bu Jarnama diňe Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy üçin däl, bütin dünýä üçin hem möhüm taryhy resminamalaryň biridir.

Jarnamanyň durmuşa geçirilmegi bilen, Arkalaşygyň düýpli esaslaryny has-da pugtalandyrmak, onuň giňişliginde iri ulag we energetika taslamalary amala aşyrylýan, sebitara we dünýä derejesinde döwrebap düzümler, kommunikasiýa, halkara ulag geçelgeleri, logistika merkezleri döredilýän ýer hökmünde dünýä hojalyk gatnaşyklaryna goşulyşmagy, Arkalaşygyň ykdysady kuwwatynyň ep-esli artmagy, şonuň esasynda, garyplygyň azalmagyny, işsizlik meselesiniň çözülmegini üpjün edýän GDA gatnaşyjy döwletleriň her biriniň netijeli hem-de durnukly ykdysady ösüşi üpjün ediler. Munuň özi GDA-nyň halkara abraýyny ýokarlandyrmakdyr, birek-biregiň mümkinçiligini artdyrmakdyr hem-de GDA-nyň halklarynyň bähbidine oňa gatnaşyjy döwletleriň ykdysady kuwwatyny netijeli peýdalanmakdyr.

Gürrüňi edilýän Jarnamada anyk maksatlaryň, wezipeleriň ençemesi goýulýar. Olaryň arasynda maýa goýum, ekologiýa, ykdysadyýet, innowasiýalar we nanotehnologiýalar, kiçi we orta işewürlik, ulag we kommunikasiýa ýaly ugurlar boýunça örän aýdyň wezipeleriň uly toplumy bardyr.

GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşinde kabul edilen Jarnama asla kiçi-girim resminama däldir. Bir ýagdaýa üns beriň: Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy bu günki gün diňe bir pikir alyşmalar meýdançasy bolman, eýsem, bähbitleriň bi-tewüleşýän, täze mümkinçilikleriň açylýan giňişligidir. Ol Gündogar Ýewropanyň we Demirgazyk Aziýanyň uly bölegini öz içine alýar. Demirgazygynda Demirga-zyk Buzly ummanyna, gündogarynda Ýuwaş ummanyna, günbatarynda we günor-ta-günbatarynda Atlantik ummanyna çykalgasy bolan giňişlikde dünýäniň senagat mümkinçilikleriniň 10 göterimi jemlenendir. Bu giňişlik uglewodorod çig mallary-nyň ägirt uly gorlaryna, has anygy, tebigy serişdeleriň dünýä boýunça dörtden bir bölegine, ählumumy ähmiýetli ulag-aragatnaşyk geçelgelerine, söwda-ykdysady mümkinçiliklerine, zamananyň tehnologik ösüşleriniň baý tejribesine we uly baza-ra eýedir. Kabul edilen Jarnama şu mümkinçilikleriň bilelikdäki ösüşe gönükdiril-meginde, täze gözýetimleriň açylmagynda möhüm maksatlary öňde goýýar.

Bu Jarnama çuňňur seredilse, ol türkmeniň milli ideýalaryndan gözbaş alýar. Ýöne bu, hakykatdan-da, şeýledir, gözbaş türkmen topragyndan başlandy. Ünsli bolsaň, Jarnamada döwletimizde häzirki döwürde hereket edýän döwlet maksatnamalarynyň ol ýa beýleki görnüşde beýan edilendigini görmek bolýar. Diýmek, biziň döwletimiz bu Jarnamanyň ideýalaryny öňden bäri durmuşa geçirip ýören eken. Bu Jarnama bir döwletiň çäginde dälde, indi bütin Arkalaşygyň çäginde hereketleriň sazlaşygyny hem toplumlaýynlygyny üpjün edýär. Indiden beýläk bu Jarnama Arkalaşygyň halklary üçin esasy ýörelgä öwrülmäge degişlidir. Biziň halklarymyz bolsa geçen taryhy döwürde arkalaşyp, goşulyşyp ýaşamagyň ajaýyp tejribesine eýedirler. Ol tejribe agzybirlikde güýjüň bardygyny, agzybir

halklara ruhubelentligiň ýardygyny görkezýär. Täze taryhy döwrüň talaplaryndan hem mümkinçiliklerini peýdalanyp, öňküden has gowy, has netijeli işlemäge, halklarymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has ýokary derejelere ýetirmäge Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň Baştutanlary badalga berdiler.

Bu taryhy Jarnama öňümizdäki ýyllarda durmuşa geçiriler. Ol GDA agza ýurtlaryň bilelikdäki ösüşiniň resminamasyna öwrüler.


Türkmenistanyň “Halkbank” döwlet täjirçilik bankynyň

Maliýe ykdysady seljeriş we usulýet müdirliginiň

başlygynyň w.w.ýe.ýe. Maýa Mollaýewa