Habarlar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisi

29.06.2020

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy we birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Mejlis başlamazdan öňürti, hoş habara – gallaçylaryň azyklyk bugdaý taýýarlamak boýunça borçnamalaryny ýerine ýetirendikleri barada welaýat ýolbaşçylarynyň hasabatlaryna bagyşlanan dabara geçirildi.

Her welaýatyň elleri bugdaý desseli we ak bugdaýdan doldurylan horjunly çagalary zala girdiler.

Çagalar milli Liderimizi goşgy setirleri bilen şatlykly gutladylar. Sahawatly türkmen topragyny we zähmetsöýer daýhanlary, olaryň yhlasy bilen ýetişdirilýän berekedi wasp etdiler. Şeýle hem körpeler mähriban Watanymyza, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüne, Arkadag Prezidentimiziň asylly işlerine bagyşlanan goşgulary okadylar.

Her welaýata wekilçilik edýän oglanjyklar we gyzjagazlar döwlet Baştutanymyza ýüzlenip, zähmetkeş adamlar hakynda edýän aladasy, ýokary hasyl almak we oba adamlarynyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak, halal zähmetiň derejesini belende götermek ugrunda edýän aladasy üçin welaýatlaryň zähmetkeşleriniň adyndan tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdylar.

Körpeler milli Liderimizi galla oragynyň üstünlikli tamamlanmagy bilen gutlap, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa bugdaý desselerini gowşurdylar.

Welaýatlaryň gallaçy zähmetkeşleriniň adyndan Ahal welaýatynyň häkimi, Balkan welaýatynyň häkimi, Daşoguz welaýatynyň häkimi, Lebap welaýatynyň häkimi, Mary welaýatynyň häkimi hormatly Prezidentimize daýhanlaryň zähmet ýeňişleri baradaky hasabatlaryny berdiler.

Döwlet Baştutanymyz çagalaryň haýyşy boýunça olar bilen ýadygärlik surata düşdi.

Şöhratly pederlerimiziň ruhy mirasyny, türkmen halkynyň ýagşy dessurlaryny dowam edýän ýaş nesilleriň joşgunly çykyşlary bu günki dabara özboluşly baýramçylyk öwüşgünini çaýdy. Çagalaryň nurana ýüzleri, şadyýanlygy, dabaranyň belent ruhy oba zähmetkeşlerine, gallaçy kärendeçilere bildirilýän hormat-sarpany aňlatdy.

Soňra Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisi geçirildi. Onuň başynda milli Liderimiz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, ýakynda hökümet agzalary bilen ýurdumyzyň welaýatlarynda iş saparynda bolup, galla oragynyň gidişi, agrosenagat toplumynda özgertmeleriň alnyp barlyşy, oba hojalyk önümlerini öndürijileriň işleri bilen tanşandyklaryny belledi. Daýhanlara döwletiň goldaw bermegi netijesinde uly üstünlikler gazanylýar.

Şeýle hem,ýerlerde kuwwatly tehnikalar bar, bol gök-bakja önümlerini ösdürip ýetişdirmek üçin zerur şertler üpjün edilýär. Aňyrsyna-bärsine göz ýetmeýän, tolkunyp duran altynsow ak bugdaýly meýdanlary synlanyňda, rysgal-berekediň nyşany bolup, kalbyňda ýakymly täsirleri galdyrýar. Munuň özi ykbalyny ene topraga baglan jepakeş daýhanlarymyzyň yhlasynyň miwesidir diýip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Gallany öz eliň ýa-da kombaýn bilen oranyňda bolsa, aýratyn ýakymly duýgulary başdan geçirýärsiň. Sebäbi çörek diňe bir möhüm iýmit bolman, eýsem, tebigatyň ynsana beren mukaddes peşgeşi hem hasaplanýar. Arzyly myhman ýönelige duz-çörek bilen garşylanmaýar. Ýakyn adamyň uzak ýola çöreksiz ugradylmaýar.

Munuň özi halkymyzyň asylly dessurlarydyr, asyrlardan gözbaş alýan däpleridir. Bu däpler häzirki döwürde diňe bir dowam etdirilmän, eýsem, täze many-mazmun bilen hem baýlaşdyrylýar diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.

Haçan-da, gyzgynjak çöregiň ýakymly ysyny alyp, tagamyny dadanyňda bolsa, halkyň ykbalyna, gallaçy daýhanyň mukaddes kärine özüňi hem dahylly duýýarsyň. Ine, şu görnüşlere ýüregim joşup, kalbymda mukaddes bugdaý, daban azaby bilen galla ýetişdirip, Watana, ene topraga çäksiz söýgüsini siňdirýän zähmetkeş daýhanlarymyz barada şahyrana setirler döredi diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze ýazan goşgusyny okap berdi.

BUGDAÝSäher synlap bereketli meýdany,
Göwnüm tapdy ylham-heýjany, bugdaý!
Gaýrat saňa, halal türkmen daýhany!
Çoýup dur çoguna dünýäni, bugdaý!
Ak bugdaýyň mekanydyr Watanym,
Bagtyň baky mukamydyr Watanym!
Ýurdum diýip, belent maksat tutanyň
Joş urar döwleti, döwrany, bugdaý!
Ýeriň mähri, Arşyň rehmeti bilen,
Durmuşyň höziri, rehneti bilen,
Jepakeş ilimiň zähmeti bilen
Tolkun atan rysgal ummany, bugdaý!
Ojaklar otludyr, saçaklar doly,
Döwletim rowaçdyr, açykdyr ýoly,
Halkym yhlasyndan tapýar kemaly,
Ýaşaýşyň dowamat-dowamy, bugdaý!
Daýhan, güýç goşulyp kuwwat-güýjüňe,
Nur-bereket insin altyn çäjiňe!
Meňzäp topragymyň tylla täjine,
Şugla saçsyn mydam Gün ýaly, bugdaý!

Milli Liderimiziň ýürekden gaýdýan joşgunly goşgy setirleri mejlise gatnaşyjylar tarapyndan dowamly el çarpyşmalar bilen garşylanyldy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa söz berdi.

Wise-premýer hökümet agzalarynyň, ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň adyndan döwlet Baştutanymyzy türkmen halky üçin möhüm sene bolan pygamber ýaşyna ýetmegi bilen gutlady hem-de döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, uzak ömür we ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine, mähriban halkymyzyň abadançylyk derejesiniň ýokarlanmagyna gönükdirilen giň möçberli özgertmeler maksatnamasyny amala aşyrmakda uly üstünlikleri arzuw etdi.

Bellenilişi ýaly, milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän hem-de milli we dünýä ösüşiniň wajyp wezipelerini üstünlikli durmuşa geçirmek ugrunda Bitarap Türkmenistanyň ägirt uly geosyýasy, ykdysady we adam mümkinçilikleriniň doly derejede peýdalanylmagyny esasy ugur edinýän işjeň syýasaty giňden ykrar edilýär hem-de ýurdumyzyň halkara giňişligindäki abraýynyň belende galmagyny üpjün edýär.

Türkmen döwletiniň özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin açyk bolan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty, häzirki zamanyň möhüm sebit we ählumumy meseleleriniň çözgüdine bolan täzeçil çemeleşmeleri daşary ýurtlaryň syýasy toparlarynyň ýokary bahasyna mynasyp bolýar.

Gyzyklanma bildirýän taraplar biziň Watanymyz bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda, şeýle hem abraýly halkara guramalarynyň we düzümleriniň çäklerinde däp bolan hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn ösdürmäge möhüm üns berýärler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuş ulgamyny nazarlaýan içeri syýasaty halkymyzyň synmaz buýsanjy bolup durýar. Öz-özüni üpjün edýän, gurply, köpugurly ösen ykdysadyýeti bolan döwlet hökmünde ykrar edilen, tebigy serişdelere baý bolan Türkmenistan adam saglygyny döwletiň we jemgyýetiň baş baýlygy hökmünde yglan etdi.

Wise-premýeriň belleýşi ýaly, ilatyň durmuş derejesiniň we hiliniň ýokarlanmagy, şolaryň bagtyýar hem-de abadan durmuşy üçin ähli zerur şertleriň döredilmegi milli Liderimiziň alyp barýan syýasy ugrunyň dürsdügini we netijelidigine güwä geçýär.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowy doglan güni bilen gutlady we milli Liderimize Ýaragly Güýçlerimiziň şahsy düzüminiň hem-de harby we hukuk goraýjy edaralaryň ähli işgärleriniň adyndan iň gowy arzuwlaryny aýtdy.

Döwlet Baştutanymyza ýurdumyzyň Milli goşunlarynyň kuwwatynyň berkidilmegine, goranyş ukybynyň ýokarlandyrylmagyna, harby we hukuk goraýjy edaralaryň düzümleriniň mundan beýläk-de kämilleşdirilmegine hem-de maddy-enjamlaýyn binýadynyň döwrebaplaşdyrylmagyna we pugtalandyrylmagyna gönükdirilen köpugurly harby özgertmeler üçin hoşallyk sözleri aýdyldy.

Bellenilişi ýaly, parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty alyp barýan Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan tutuşlygyna goranmak häsiýetine eýe bolan Harby doktrinanyň düzgünlerine berk eýerýär.

Halkymyzyň parahat we abadan durmuşynyň, döwletimiziň özygtyýarlylygynyň hem-de ýurdumyzyň howpsuzlygynyň polat galkany hasaplanylýan Ýaragly Güýçler, harby we hukuk goraýjy edaralary öz öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirýärler. Bu düzümleriň işgärleriniň ýokary derejeli harby gulluk etmegi ýaşaýyş-durmuş derejeleriniň gowulandyrylmagy ugrunda zerur şertler üpjün edilýär.

Wise-premýer, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow
Watan goragçylary hakynda yzygiderli alada edýändigi üçin döwlet Baştutanymyza ýene bir ýola hoşallyk bildirip, harby gullukçylaryň mähriban halkymyza, ata Watanymyza, mukaddes harby kasama wepaly gulluk etjekdiklerine ynandyrdy.

Soňra Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew ýurdumyzyň sebitleriniň hem-de paýtagtymyzyň ýolbaşçylarynyň adyndan döwlet Baştutanymyzy 63 ýaşynyň dolmagy bilen tüýs ýürekden gutlady.

Häkim milli Liderimize ýokary döwlet wezipesinde alyp barýan işlerinde uly üstünlik, bagt we abadançylyk arzuw edip, oba zähmetkeşleri hakynda edýän yzygiderli aladasy, obasenagat toplumyny tehniki taýdan enjamlaşdyrmaga hem-de döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen özgertmeleri, Watanymyzyň abadançylygyna we gülläp ösmegine mynasyp goşant goşýan daýhanlaryň ýokary derejeli durmuşy we netijeli zähmeti ugrunda döredilýän şertler üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdy.

Milli maksatnamalaryň yzygiderli amala aşyrylmagy netijesinde, Diýarymyzyň obalary, çetdäki künjekleri tanalmaz derejede özgerdi. Şol ýerlerde her ýylda ýüzlerçe dürli maksatly desgalar bina edilýär. Gurulýan desgalaryň hatarynda möhüm senagat toplumlary, medeni-durmuş maksatly binalar, döwrebap şypahanalar, saglygy goraýyş edaralary, stadionlar, döwrebap sport toplumlary, mekdepler, çagalar baglary we ähli amatlyklary özünde jemleýän ýaşaýyş jaýlar bar.

Döwletimiz oba hojalyk işgärlerine yzygiderli goldaw berýär. Olar ýokary hilli tohumlar, mineral dökünleri, dünýäniň belli önüm öndürijileriniň ýerli toprak-howa şertlerine laýyk gelýän häzirki zaman tehnikalary bilen üpjün edilýär.

Sebitleriň ähli meseleleri bilen içgin gyzyklanýan milli Liderimiz ekerançylaryň we maldarlaryň netijeli zähmetine gönükdirilen zerur şertleriň döredilmegine möhüm ähmiýet berýär. Bu bolsa azyk bolçulygynyň üpjün edilmegine, halkymyzyň abadan durmuşynyň berkidilmegine mümkinçilik berýär.

Nygtalyşy ýaly, döwlet derejesinde edilýän alada jogap hökmünde oba zähmetkeşleriniň geljekde-de beýik zähmet ýeňişlerini gazanjakdyklaryna hem-de mähriban Watanymyzyň ykdysady taýdan gülläp ösmegine mynasyp goşant goşjakdyklaryna ynandyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mähirli gutlaglar we hoşniýetli arzuwlar üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, döwlet durmuşynyň ähli ugurlarynda uly üstünlikleriň gazanylýandygyny belledi.
Täze oba-şäherler, ýaşaýyş jaý toplumlary, çagalar baglary, mekdeplerdir beýleki medeni-durmuş we önümçilik desgalary giň gerim bilen gurulýar.

Milli Liderimiz merdana daýhanlarymyzyň galla taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamany abraý bilen ýerine ýetirip, ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny berkitmäge uly goşant goşandyklaryny buýsanç bilen belledi. Watan ammaryna 1 million 400 müň tonnadan gowrak guşgursak ak bugdaý tabşyryldy. Ammarlarymyz galladan, saçaklarymyz mele-myssyk nandan doly bolsa, adamyň başga näme kemi bolup biler?!

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, ykdysadyýetimiziň beýleki pudaklarynda hem göwün galkyndyryjy netijeler gazanylýar. Bu üstünlikler bizi buýsandyrýar, täze sepgitlere ruhlandyrýar. Özüniň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny gyşarnyksyz goldanýan Garaşsyz döwletimiziň halkara abraýy hem barha ýokarlanýar.

Biziň alyp barýan içeri we daşary syýasatymyz, öňe sürýän başlangyçlarymyz dünýä bileleşigi tarapyndan gyzgyn goldanylýar. Bitarap Türkmenistan bu gün parahatçylygy dörediji, hoşniýetli we deňhukukly hyzmatdaş döwlet hökmünde ýer ýüzünde giňden tanalýar diýip, milli Liderimiz belledi.

Gazanylýan bu üstünlikler, merdana halkymyz bilen bilelikde, agzybirlikli alyp baran yhlasly we tutanýerli işlerimiziň netijesidir. Men geljekde hem şular ýaly, el-ele berip zähmet çekip, ata Watanymyzy ösdürmek, dünýädäki abraýyny has-da artdyrmak boýunça öňümizde goýan belent wezipelerimizi üstünlikli amala aşyrjakdygymyza berk ynanýaryn diýip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni jemledi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisiniň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow doglan güni mynasybetli mähirli gutlaglary üçin ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirip, hemmelere berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny we Watanymyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmek ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

http://tdh.gov.tm/news/tm/articles.aspx&article23301&cat19