Gyrat - nagt
pul geçirimleri

Häzirki wagtda Türkmenistanda ilatymyza hödürlenýän bank hyzmatlarynyň sany yzygiderli artýar. Olaryň arasynda iň ýörgünlisi içki pul geçirimleri bolup durýar. Ildeşlerimiziň nagt görnüşinde pul serişdelerini bir welaýatdan başga welaýata aňsatlyk bilen ibermekligi üçin ýörite ulgam ýola goýuldy. 2009-njy ýyldan başlap, Türkmenistanyň "Halkbank" döwlet täjirçilik banky ilatymyza "Gyrat" nagt pul geçirimlerini hödürleýär.

Nagt pul serişdelerini geçirmek üçin raýat "Halkbankyň" merkezi edarasyna ýa-da islendik şahamçasyna öz raýatlyk pasporty, alyjy barada maglumaty we nagt pul serişdeleri bilen gelmeli. Bank işgäri ähli zerur resminamalary taýýarlaýar we geçirim dessine alyja gowuşýar. Eger-de alyjy 7 iş günüň dowamynda banka ýüz tutmasa pul serişdeleri yzyna geçirilýär we bu barada ugradyja telefon arkaly habar edilýär.

Biziň "Gyrat" nagt pul geçirimler hyzmatymyzdan peýdalanyň!

Habarlaşmak üçin 44-49-50 telefon belgisine jaň edip alyp bilersiňiz.