Habarlar

Ýurdumyzyň baş arçasynyň yşyklary ýakyldy

15.12.2017

Şu gün paýtagtymyzda ýurdumyzyň Baş arçasynyň yşyklary ýakylyp, hemmämiziň söýgüli baýramçylygymyz bolan Täze ýylyň ýakynlaşyp gelýändigini dabaraly buşlady.

Türkmenistanyň Prezidenti Bitaraplyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy

12.12.2017

Şu gün Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanda dünýä bilelşigi bilenbilelikde ilkinji gezek Halkara Bitaraplyk güni giňden dabaralandyrylýar. Ýurdumyzyň paýtagtynda we welaýatlarda bu şanly waka myynasybetli köpçülikleýin çäreler ýaýbaňlandyryldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

06.12.2017

2017-nji ýylyň 6-njy dekabrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň ýurdumyzda diplomatik işi tamamlanýan Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Çung Tae-Ini kabul etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Serhetabat – Turgundy demir ýolunyň gurluşygyna badalga berdi

 29.11.2017

Mary welaýatyna iş saparynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen serhedinden Owganystanyň Turgundy şäherine tarap täze demir ýoluň gurluşygyna badalga berdi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisi

28.11.2017

Mary welaýatynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün iş maslahatyny geçirdi. Oňa Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary hem-de welaýatlaryň häkimleri gatnaşdylar.

Aşgabatda Owganystan boýunça 7-nji sebit ykdysady hyzmatdaşlyk maslahatynyň (RECCA VII) ministrler derejesindäki mejlisi geçirildi

15.11.2017

Paýtagtymyzda Owganystan boýunça 7-nji sebit ykdysady hyzmatdaşlyk maslahatynyň (RECCA VII) ministrler derejesindäki mejlisi geçirildi. Onuň gün tertibine umumy abadançylygyň we rowaçlygyň maksatlaryna kybap gelýän netijeli hyzmatdaşlygy has-da ösdürmegiň geljegine degişli meseleleriň giň toplumy girizildi.

Pages