Habarlar

Erkin aýlanýan puluň çägi bellenildi

Belent mertebeli Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň bank ulgamynda uly özgerdişler durmuşa geçirilip, hukuk binýady has-da kämilleşdirilýär. Häzirki wagtda töleg ulgamyny sazlaşdyrmak we nagt däl hasaplaşyklary kämilleşdirmek esasy wezipeleriň biri bolup durýar. Ýurdumyzda “Altyn asyr” plastik kart ulgamyny ýaýbaňlandyrmak, “VISA” halkara töleg ulgamynyň kartlaryny durmuşa geçirmekde netijeli işler amala aşyrylýar.

Pages