Habarlar

Durnuklylyk - ösüşiň özenidir

Berkarar döwletiň Bagtyýarlyk döwründe ýurdumyz toý dabaralara beslenýär. Häzirki wagtda  Galkynyş, Agzybirlik we Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni, Baş Kanunymyz Milli Konstitusiýamyzyň kabul edilmeginiň şanly 23 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk çärelerine giňden taýýarlyk işeri görülýär. Halkyny jenneti durmuşyň eýýamyna atarýan Belent mertebeli Döwlet Baştutanymyzyň baş aladasy türkmen halkyny bol elin durmuşda ýaşatmakdyr, ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmek, onuň daşary ykdysady gatnaşyklarda işjeňligini ýokarlandyrmakdyr.

Erkin aýlanýan puluň çägi bellenildi

Belent mertebeli Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň bank ulgamynda uly özgerdişler durmuşa geçirilip, hukuk binýady has-da kämilleşdirilýär. Häzirki wagtda töleg ulgamyny sazlaşdyrmak we nagt däl hasaplaşyklary kämilleşdirmek esasy wezipeleriň biri bolup durýar. Ýurdumyzda “Altyn asyr” plastik kart ulgamyny ýaýbaňlandyrmak, “VISA” halkara töleg ulgamynyň kartlaryny durmuşa geçirmekde netijeli işler amala aşyrylýar.

Pages