Habarlar

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň sport merkezlerinde türgenleşik geçdi

2017-nji ýylyň 10-njy ýanwarynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öz egindeşleri bilen bilelikde esasy desgalarynyň gurluşygy tamamlanan paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherjiginde ir bilen türgenleşik geçdi, şeýle hem Awtosport merkezinde sport awtoulagyny ýokary tizlikde sürmegiň ussatlygyny görkezdi.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde 2016-njy ýylda harby we hukuk goraýjy edaralaryň alyp baran işleriniň netijeleri seljerildi

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň 2017-nji ýylyň 9-njy ýanwarynda geçirilen giňişleýin mejlisinde 2016-njy ýylyň jemleri jemlendi. Onda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylarynyň döwlet Baştutanymyzyň beren anyk tabşyryklary we görkezmeleri babatda şu döwürde ýerine ýetirilen işler baradaky hasabatlary diňlendi.

Türkmenistanyň Prezidenti söweşjeň baýdaklary gowşurdy

2017-nji ýylyň 9-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň düzümlerini kämilleşdirmek maksady bilen döredilen täze harby bölümlere söweşjeň baýdaklary gowşurdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow atçylyk toplumyna baryp gördi we täze dünýä inen taýçanaga Ruhubelent adyny dakdy

2017-nji ýylyň 8-nji ýanwarynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýola goýlan asylly däbe görä, Täze ýylyň ilkinji günlerinde atçylyk toplumyna baryp gördi. Türkmen halkynyň häsiýetiniň we zehininiň utgaşmagy bilen döredilen deňsiz-taýsyz ahalteke bedewleri gezdirip ýören wagty hormatly Prezidentimize täze taýçanagyň dünýä inendigi barada şatlykly habary aýtdylar. Elbetde, nesliň dünýä inmegi atşynaslar üçin hemişe uly şatlyk bolup, bu ýagdaý yzygiderli bolup geçýär. Ýöne häzirki wakanyň Täze ýylyň başynda bolup geçendigi özboluşly mazmuna eýedir.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

2017-nji ýylyň 6-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň 2017-nji ýyldaky ilkinji mejlisini geçirdi, onda käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy hem-de döwlet durmuşynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistan toý toýlaýa

Belent mertebeli hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, Watanymyzyň parahatçylygynyň, asudalygynyň we hoşniýetliliginiň nyşany bolan hemişelik Bitaraplygymyzyň 20 ýyllyk şanly toýy ýurdumyzyň çar künjeginde giňden tutulýar. Şu günki gün, Türkmen halkynyň taryhy ýolunda beýik yzlary galdyryp giden şahsyýetlerimiziň arzuw eden zamanasyny halkyna peşgeş beren Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda döwletimiziň abraýy has-da belende göterilýär.

Pages