Habarlar

Hormatly Prezidentimiz “Amul – Hazar 2018” Halkara awtorallisiniň saýlama tapgyryna gatnaşdy

12.05.2018

2018-nji ýylyň 12-nji maýynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Amul — Hazar 2018” Halkara awtorallisine diňe bir ak pata bermän, eýsem, özi hem onuň saýlama tapgyrlaryna gatnaşdy, onuň barşynda şol halkara ýaryşa Türkmenistandan gatnaşjak ýygyndy toparlar kesgitlenildi.

Syýasat habarlary Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow söweşjeň baýdaklary gowşurdy

10.05.2018

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň goşun görnüşleriniň, Döwlet serhet gullugynyň serhet birikmeleriniň baýdaklaryny dabaraly ýagdaýda gowşurdy.

Türkmenistanyň ykdysady, maliýe we bank ulgamlaryny ösdürmegiň 2018-2024-nji ýyllar üçin Maksatnamasy

Berkarar döwletimiziň Bagtyýarlyk döwründe “Türkmenistan-Beýik ýüpek ýolunyň ýüregi ýylynda” Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen tassyklanan “Türkmenistanyň ykdysady, maliýe we bank ulgamlaryny ösdürmegiň 2018-2024-nji ýyllar üçin Maksatnamasynda” ýurdumyzyň bu ulgamlarynda täze sepgitlere ýetmeklik bellenilendir. Bu Maksatnamanyň “Türkmenistan-Beýik ýüpek ýolunyň ýüregi” diýip atlandyrylan ýylda kabul edilmegi aýratyn many-mazmuna eýedir.

Ýyllar. Ýollar. Täze menziller

Iki müň ýyla golaý wagt içinde dünýä ýurtlarynyň ösüşine, birek-biregiň  medeniýetine, haryt alyş-çalşygyna badalga beren Beýik Ýüpek ýolunda gatnawlaryň bes edileli bäri V asyr geçipdir. “Kerwen geçer ýol galar” diýleni. Bu gün ata-babalarymyzdan miras galan şol keremli ýollara gaýtadan ömür bermek nesibesi türkmeniň gerçek ogly Gahryman Arkadagymyzyň paýyna düşdi. Ak ýollar abadan, sogaply işler, ylahy, dowamat dowam bolsun!

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenbaşy Halkara deňiz portuny ulanmaga bermek dabarasyna gatnaşdy

02.05.2018

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Hazaryň türkmen kenarynda täze Halkara deňiz porty dabaraly ýagdaýda ulanmaga berildi.

Pages