Ynamly töleg ulgamy

2016-njy ýylyň 7-nji oktýabrynda Türkmenistanyň "Halkbank" DTB-da nagt däl hasaplaşyklary amala aşyrýan  terminalyň  12 müň 500-nji müşderisini we zähmet haky alynýan kartynyň 1 million 500 müňünji müşderisini sylaglamak dabarasy boldy.

Häzirki wagtda ýurdumyzda bank ulgamynyň işini has-da kämilleşdirmek, müşderiler üçin amatlyklary ýokarlandyrmak maksady bilen yzygiderli işler alnyp barylýar. Hususy telekeçilik bilen, meşgullanýanlara bolsa ähli banklar bilen hyzmatdaşlyk saklamaga giň mümkinçilikler döredilýär. Bu günki sylaglanyş dabarasyndaky nagt däl hasaplaşyklary amala aşyrýan  terminalyň  12 müň 500-nji müşderisi bolan Arslan Salyhow hem ýaş telekeçileriň biri. Ol Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň Maru-Şahu-Jahan bazarynyň 54-nji dükanynda nagt däl hasaplaşyklary amala aşyrýan töleg terminalyny Türkmen-Türk paýdarlar täjirçilik bankynyň ylalaşygy esasynda ýola goýupdyr.

- "Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, türkmen telekeçilerine ähli mümkinçilikler döredilip berilýär.Döredilýän mümkinçilik esasynda halkymyzda harydyň hem hyzmatyň ýokary derejesini hödürläp bilýäris. Men ýörite şertnama esasynda nagt däl tölegleri amala aşyrýan töleg terminalyny aldym we şeýle görnüşli terminallaryň 12 müň 500-nji müşderisi diýen ýörite sowgada mynasyp boldum. Bu töleg terminalynyň üsti bilen haryt alan müşderilerimiziň kart hasabyndan nagt däl görnüşli hasaplaşyklary geçirip bolýar. Şeýle amatlyklaryň döredilmegi müşderiler bilen ýokary derejede işlemäge ýardam edýär. Türkmen telekeçilerine döredip bilýän giň mümkinçilikleri üçin Hormatly Prezidentimize köp sag bolsun aýdýarys" - diýip, telekeçi Arslan Salyhow buýsanjyny beýan etdi.

Zähmet haky alynýan kartynyň 1 million 500 müňünji müşderisi bolan Aknabat Altyýewa hem bu bolýandygyny aýdyp, ýürek buýsanjyny şeýle beýan etdi:

- "Men "Dermanhyzmat" hususy kärhanasynda hasapçy bolup işleýärin. Biziň hususy kärhanamyz birnäçe ýurtlar bilen aragatnaşykda bolup, derman serişdelerini yzygiderli getirýär. Bu derman serişdeleri döwlet hem-de hususy dermanhanalara ýaýradylýar. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, häzirki wagtda türkmen telekeçilerine uly üns berilýär we telekeçiligiň islendik ugry boýunça işlemäge şertler döredilýär. Şonuň bilen birlikde hem ýurdumyzyň bank ulgamynda , edara-kärhanalaryň hasaplaşyk kassalarynda işler ýokary derejede ýola goýlan. Şanly Garaşsyzlygymyzyň 25 ýyllygy mynasybetli "Halkbank" DTB-da geçirilen tegelek uly sana gabat gelen müşderileri sylaglamak dabarasynda hem men 1 million 500 müňünji müşderi boldum. Meniň zähmet hakyny alýan kartym şol belgä gabat geldi we şowly bije hökmünde sowgada mynasyp boldum. Şeýle şertleri döredip berýän Hormatly Prezidentimiziň jany sag, işleri rowaç bolsun!"

"Türkmenistan" gazeti