Türkmenistanyň Prezidenti wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi

06.08.2018

2018-nji ýylyň 6-njy awgustynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi.

Onda sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň strategiýasyny durmuşa geçirmegiň meselelerine, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşyna hem-de baýramçylyklara we şanly senelere taýýarlyk görlüşine garaldy.

Hormatly Prezidentimiz wideoşekilli iş maslahatyny açyp, göni aragatnaşyga ilki bilen Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewi çagyrdy. Häkim ýurdumyzyň baş şäherinde işleriň ýagdaýy, döwlet Baştutanymyzyň paýtagtymyzy abadanlaşdyrmak, täze gök zolaklary döretmek, durmuş ulgamyny kämilleşdirmek, şeýle hem düzümleýin taslamalary durmuşa geçirmek boýunça ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Häkim paýtagtymyzyň ilatynyň 1 million adamdan agandygyny aýtdy hem-de Aşgabadyň dolandyryş çäklerini gowulandyrmak hakyndaky teklibi milli Liderimiziň garamagyna hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, paýtagtymyzda işleriň ýagdaýyny, şol sanda täze desgalaryň gurluşygyny, aýratyn-da, Watanymyzyň Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalaryň gurluşygyny gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz şäher häkimliginiň öňünde durýan wajyp wezipeleri kesgitläp, häkime medeni-durmuş, inžener-tehniki hem-de ekologiýa ugurlaryny öz içine alýan işleri Aşgabatda toplumlaýyn geçirmek babatda anyk görkezmeleri berdi.

Milli Liderimiz şäher gulluklarynyň hem-de ulgamlarynyň hemmesiniň bökdençsiz işledilmeginiň döwrüň talabyna kybap gelmelidigine ünsi çekip, şähergurluşyk hojalygynyň dolandyrylmagyna oýlanyşykly çemeleşilmeginiň hem-de bu işlere ýokary hil görkezijileriniň ornaşdyrylmagynyň zerurdygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabadyň dolandyryş çäklerini kämilleşdirmegiň şäheriň ilatynyň sanynyň artmagy hem-de adamlar üçin amatly durmuş şertleriniň döredilmegi bilen berk baglanyşyklydygyny aýdyp, bu baradaky başlangyjy makullady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu meseläniň örän wajypdygyny belläp, teklibi Türkmenistanyň Mejlisiniň garamagyna iberdi.

Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzda täze etrabyň döredilmeginiň maksada laýyk boljakdygyny aýtdy hem-de bu babatda degişli işleri alyp barmak barada häkime anyk görkezmeleri berdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyna Ahal welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýewi çagyrdy. Häkim welaýatda işleriň ýagdaýy, pagta ýygymyna hem-de güýzlük galla ekişine guramaçylykly başlamak boýunça görülýän toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi.

Şeýle hem şu ýylyň ýedi aýynda Oba milli maksatnamasyny amala aşyrmagyň jemleri hakynda habar berildi. Mundan başga-da, welaýatda dowam edýän gurluşyk işleri barada hasabat berildi.

Milli Liderimiz obasenagat toplumynyň öňünde goýlan wezipeleriň öz wagtynda çözülmegi barada aýdyp, pagta ýygym möwsümini guramaçylykly geçirmegiň, şol sanda gowaça ideg etmegiň, hatarara bejergisini öz wagtynda geçirmegiň, azot dökünleri bilen iýmitlendirmegiň, ösüş suwuny tutmagyň hem-de gowaçanyň zyýankeşleriniň öňüni almak we ujuny çyrpmak boýunça çäreleri görmegiň möhümdigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ähli oba hojalyk tehnikalaryny — kombaýnlary, traktorlary, awtoulaglary we gurallary, pagta arassalaýjy kärhanalary we pagta kabul ediş harmanhanalary möwsüme taýýarlamak işlerini ilkinji nobatdaky wezipeleriň hatarynda kesgitledi.

Döwlet Baştutanymyz bugdaý ekişine taýýarlyk görmek barada aýdyp, bugdaý ekiljek meýdanlarda sürüm we tekizleýiş işlerini gysga wagtda tamamlamak üçin zerur çäreleri görmegiň, ýokary hasylly tohumlary ekiş möwsümine doly taýýarlamagyň möhümdigini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Oba milli maksatnamasynda göz öňünde tutulan işleri ýerine ýetirmek boýunça degişli çäreleri görmek barada häkime birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Milli Liderimiz welaýatda gurluşygy alnyp barylýan desgalarda işleriň ýagdaýy bilen gyzyklanyp, häkimiň ünsüni şolaryň gurluşygyna gönükdirilen maýa goýum serişdeleriniň maksada laýyk özleşdirilmelidigine çekdi hem-de häkimden alnyp barylýan gurluşyk işleriniň ýagdaýyny seljermegi hem-de welaýatda gurulýan medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalary öz wagtynda ulanmaga bermek üçin çäreleri görmegi talap etdi.

Hormatly Prezidentimiz wezipe borçlaryny talaba laýyk berjaý etmän, Ahal welaýatynda ýerli býujete salgytlary ýygnamagyň tabşyrygynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmändigi üçin, häkime käýinç yglan etmek hakynda degişli Buýruga gol çekdi.

Soňra göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahaty Balkan welaýatynyň häkimi Ý.Gylyjowyň hasabaty bilen dowam etdi. Häkim milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa sebitde agrotehniki kadalara laýyklykda güýzlük bugdaýyň ekişine taýýarlyk görmek, gant şugundyryna ideg etmek, gök-bakja ekinleriniň bol hasylyny ýygnamak boýunça görülýän toplumlaýyn çäreler hakynda hasabat berdi. Şeýle hem welaýatda şu ýylyň ýedi aýynda Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi, dürli maksatly desgalaryň gurluşygy barada habar berildi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, welaýatda möhüm oba hojalyk işlerini — güýzlük bugdaýyň ekişini guramaçylykly geçirmek üçin bar bolan mümkinçilikleri ulanmagyň, welaýatda gant şugundyryna ideg işlerini agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda bellenen möhletde geçirmegiň, onuň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmegiň, ýokary hilli oba hojalyk önümleriniň, şol sanda gant şugundyrynyň, gök we bakja ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmagy talap etdi.

Hormatly Prezidentimiz oba hojalyk ekinlerine ideg etmek boýunça alnyp barylýan işleri, şeýle hem ýerleri däne ekişine taýýarlamagy, şol sanda ähli agrotehniki çäreleri berk berjaý etmegi üns merkezinde saklamak barada häkime anyk görkezmeleri berdi.

Milli Liderimiz welaýatda alnyp barylýan gurluşyk işlerine berk gözegçilik etmegiň ähmiýeti hakynda aýdyp, bu ulgamda gurulýan durmuş-medeni we önümçilik maksatly desgalaryň öz wagtynda ulanmaga berilmegini üpjün etmek babatda häkime berk talap bildirdi hem-de işleri ýerinde içgin seljerip, degişli netije çykarmak barada anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýerli býujet boýunça tabşyryklaryň ýerine ýetirilmegine jogapkärçilikli çemeleşmegiň möhümdigini aýdyp, Balkan welaýatynyň häkiminden bu ugurda kemçilikleri düzetmek üçin gyssagly ýagdaýda çäreleriň görülmegini talap etdi.

Daşoguz welaýatynyň häkimi M.Baýramgulyýew, öz nobatynda, Oba milli maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça demirgazyk sebitde durmuşa geçirilýän işleriň barşy, gowaça agrotehnikanyň kadalaryna laýyk ideg etmek, pagta ýygymyna, güýzlük bugdaý ekişine hemmetaraplaýyn taýýarlyk görmek, şol sanda obasenagat toplumynyň netijeliligini ýokarlandyrmak, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, gowaça ideg etmek — hatarara bejergi, azotly dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak, ujuny çyrpmak işlerini hem-de zyýankeşleriň öňüni almak boýunça ähli zerur çäreleri öz wagtynda geçirmek, pagta ýygymy möwsümine taýýarlyk görmek boýunça birnäçe tabşyryklary berip, möwsümi zerur tehnikalar we beýleki degişli serişdeler bilen üpjün etmek meselelerini hemişe üns merkezinde saklamalydygyny aýtdy.

Güýzlük däne ekişini guramaçylykly geçirmek hem-de şaly ekilen meýdanlara ideg etmek boýunça çäreler babatda aýratyn görkezmeler berildi. Milli Liderimiz bu işleriň agrotehniki kadalara laýyklykda we öz möhletinde geçirilmelidigine ünsi çekip, häkime anyk görkezmeleri berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow desgalary öz wagtynda we ýokary hilli gurmagyň ähmiýetini nazara almak bilen, ýurdumyzyň demirgazyk welaýatynda dürli maksatly desgalaryň gurluşygyna gönükdirilen maýa goýum serişdeleriniň öz wagtynda özleşdirilmelidigini aýtdy hem-de häkime bu meseleleri berk gözegçilikde saklamak barada degişli tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz wezipe borçlaryny talabalaýyk berjaý etmän, ýerli býujete salgytlary ýygnamagyň tabşyrygynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmändigi üçin, Daşoguz welaýatynyň häkimine käýinç yglan etmek hakynda degişli Buýruga gol çekdi hem-de bu ýagdaýy düzetmek üçin ähli çäreleri görmegi berk talap etdi.

Soňra wideoşekilli göni aragatnaşyga Lebap welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew çagyryldy. Häkim Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmek ugrunda görülýän çäreler, hususan-da, oba hojalyk toplumynda hem-de sebitiň gurluşygy alnyp barylýan desgalarynda işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz welaýatyň oba hojalyk pudagynyň möhüm wezipeleriniň üstünde durup geçmek bilen, pagta ýygymyna hem-de güýzlük bugdaý ekişine taýýarlyk görmek ugrunda ähli degişli düzümleriň sazlaşykly işini ýola goýmagy tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow şaly ekilen meýdanlarda ekinlere ideg etmegi agrotehnikanyň möhletlerine laýyklykda geçirilmegini berk gözegçilikde saklamagyň zerurdygyna ünsi çekdi, munuň özi ýetişdirilen şaly hasylyny bellenilen möhletlerde ýygnap almaga mümkinçilik berer.

Mundan başga-da, gurluşyk işleriniň ýokary hilini üpjün etmegiň hem-de bina edilýän desgalary öz wagtynda ulanmaga bermegiň möhümdigi bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz wezipe borçlaryny talaba laýyk berjaý etmän, ýerli býujete salgytlary ýygnamagyň tabşyrygynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmändigi üçin, häkime käýinç yglan edip, degişli resminama gol çekdi.

Soňra Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew sebitde işleriň ýagdaýy gündelik oba hojalyk işleri hem-de şolaryň depginini artdyrmak boýunça görülýän çäreler, şeýle hem şu ýyl Oba milli maksatnamasyny amala aşyrmagyň barşy, şol sanda medeni-durmuş maksatly desgalaryň gurluşygy barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow obasenagat toplumynda möwsümleýin işleri ýokary hilli geçirmek, welaýatda bellenilen tertibe laýyklykda pagta ýygymyna hem-de bugdaý ekişine degişli derejede taýýarlyk görlüşini üpjün etmek baradaky meselelere degip geçmek bilen, oba hojalyk önümçiliginiň ähli düzümleriniň netijeli gatnaşyklaryny ýola goýmagy tabşyrdy. Gant şugundyrynyň bereketli hasylyny almak barada anyk görkezmeler berildi.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, tutuş ýurdumyzda bolşy ýaly, welaýatda daýhanlary ýokary hilli tohumlar, mineral dökünler bilen üpjün etmek meselelerini yzygiderli gözegçilikde saklamak zerurdyr.

Döwlet Baştutanymyz welaýatda gurulýan ýaşaýyş jaýlary, medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalar üçin gönükdirilen serişdeleri özleşdirmekde kemçilikleriň bardygyny aýdyp, şolaryň gurluşyk depginini güýçlendirmek hem-de öz wagtynda ulanmaga berilmegi boýunça degişli çäreleri görmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz wezipe borçlaryny talaba laýyk berjaý etmän, ýerli býujete salgytlary ýygnamagyň tabşyrygynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmändigi üçin, Mary welaýatynyň häkimine käýinç yglan etmek hakynda Buýruga gol çekdi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow maslahaty jemlemek bilen, oňa gatnaşyjylara ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösdürmegiň, mähriban halkymyzyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmagyň hem-de ata Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi