Türkmenistanyň Prezidenti we IKAO-nyň geňeşiniň ýolbaşçysy hyzmatdaşlygy ösdürmek mümkinçilikler babatdan pikir alyşdylar

06.09.2017

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara raýat awiasiýasy guramasynyň geňeşiniň prezidenti jenap Olumuiwa Benard Aliuny kabul etdi.

Myhman raýat awiasiýasy babatda iri möçberli özgertmelere ýokary baha berip, dünýäniň awiasiýa döwletleriniň hatarynda häzir Türkmenistanyň öňdäki orunlary mynasyp eýeleýändigini nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow soňky ýyllarda ýurdumyzyň ulag ulgamyny döwrebaplaşdyrmak meselelerine, şol sanda içerki hem-de halkara ugurlarda ýolagçy gatnatmakda we ýük daşamakda möhüm orun eýeleýän awiasiýa pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet berýändigini nygtady.

Bu düzümiň ýolbaşçysy söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistanyň IKAO-nyň ygtybarly hem-de möhüm hyzmatdaşlarynyň biridigini belläp, işewür hyzmatdaşlygy berkitmek işinde berýän goldawy hem-de türkmen awiasiýasynyň ösdürilmegine maýa goumlary goýmaga gatnaşmaga döredýän mümkinçiligi üçin hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirdi. Myhman Aşgabat şäheriniň Halkara howa menziliniň toplumynyň täsin aýratynlyklaryna ýokary baha berip, munuň raýat gurluşygy babatda, hakykatdan-da, batyrgaý we ajaýyp çözgütdigini nygtady. Bu bolsa ony adaty bolmadyk daşky keşbiniň we has amatly zähmet şertleriniň sazlaşykly utgaşmagy netijesinde, Merkezi Aziýada örän uly hem-de tehnologiýa taýdan üpjünçilik boýunça dünýäde öňdebaryjylaryň biri hökmünde öňdäki hatara çykarýar.

Duşuşygyň barşynda ýurdumyzda amala aşyrylýan “2012-2030-njy ýyllar üçin Türkmenistanyň raýat awiasiýasyny ösdürmegiň milli maksatnamasynyň” çäklerinde ikitaraplaýyn özara gatnaşyklaryň geljegi barada giňişleýin pikir alşyldy. Bu maksatnama laýyklykda, türkmen paýtagtynda hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynda täze howa menzilleri guruldy we gurulýar, hereket edýän howa menzilleriň, terminallaryň, düzümleýin ähmiýetli desgalaryň durkuny täzelemek işleri alnyp barylýar. Bu bolsa milli ykdysadyýetimiziň ösdürilmegine, döwletara gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna we giňeldilmegine, döwletimiziň dünýä derejesindäki abraýynyň artmagyna ýardam edýär.

Iň döwrebap howa ulaglary yzygiderli satyn alynýar, täze howa ugurlary, şol sanda ykdysady taýdan bähbitli ugurlar boýunça halkara howa gatnawlary açylýar, ýokary derejeli hünärmenler taýýarlanylýar. Bu ulgamda geçirilýän toplumlaýyn çäreler Halkara raýat awiasasy guramasynyň umumy kabul edilen ölçeglerine we kadalaryna laýyklykda alnyp barylýar.

Türkmen Lideriniň başlangyjy bilen yklymyň möhüm söwda ýollarynyň çatrygynda halkara üstaşyr-ulag halkasyny döretmek boýunça amala aşyrylýan iri taslamalar babatda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin mümkinçilikleriň ara alnyp maslahatlaşylmagy duşuşygyň aýratyn meselesi boldy. Şunuň bilen baglylykda, jenap Olumuiwa Benard Aliu BMG-niň Baş Assambleýasynyň “Durnukly ösüş üçin halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň orny” atly Kaparnamalarynyň ähmiýetini belledi.

Myhman IKAO-nyň çäklerinde hem-de ykdysady ösüş babatda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygyny nygtap, bu halkara düzüminiň ýurdumyz bilen diňe bir ikitaraplaýyn görnüşde däl, eýsem, dünýä derejesinde-de mundan beýläk-de özara hereket etmäge gyzyklanmasyny tassyklady. Şunuň bilen baglylykda, bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek barada birnäçe teklipler aýdyldy.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi