Türkmenistanyň Prezidenti Bütindünýä saglyk güni mynasybetli guralan baýramçylyk çärelerine gatnaşdy

07.04.2018

2018-nji ýylyň 7-nji aprelinde Türkmenistan halkara jemgyýetçiligi bilen bilelikde ählihalk baýramçylygy bolan Bütindünýä saglyk gününi giňden dabaralandyrdy. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe täze many-mazmuna eýe bolan bu şanly sene mynasybetli köpçülikleýin welosipedli ýöriş guraldy we sagdyn durmuş ýörelgelerine ygrarly müňlerçe adamlary özünde jemleýän hem-de tutuş ýurdumyzy gurşap alan köpsanly sport çäreleri geçirildi.

Şol gün, ýaz paslynyň ajaýyp pursatynda milli senenamamyzyň şanly wakalarynyň sanawuna girizilen we däbe öwrülen Saglyk ýoluna çykmak çäresi, sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlar, sagaldyş, medeni çäreler guraldy. Baýramçylyk dabaralaryna hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.

“Bu çäreleriň giň gerimde geçirilmegi, aýratyn hem Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça gadymy Amuldan badalga berlen ylgaw we welosiped ýaryşlarynyň üstünlikli dowam etmegi ajaýyp zamanamyzyň ýokary döredijilik ruhuny artdyrýar. Il-günümize şatlykly joşgun paýlaýan bu wakalar ösüşleriň täze belentliklerine tarap bedew bady bilen ynamly öňe barýan ata Watanymyza buýsanjymyzy has-da artdyrýar” diýlip, hormatly Prezidentimiziň Bütindünýä saglyk güni mynasybetli watandaşlarymyza iberen Gutlagynda bellenilýär.

Milli Liderimiziň gönüden-göni gatnaşmagynda hem-ede baştutanlygynda ýurdumyzda “Saglyk” döwlet maksatnamasyny üstünlikli amala aşyrylýar. Onuň netijesinde ynsan ömrüniň dowamlylygyny artdyrmak, sagdyn-durmuş ýörelegelerini berkarar etmek maksady bilen paýtagtymyzda we welaýatlarda iň häzirki zaman lukmançylyk merkezleri, şypahanalar, Türkmenistanda ösýän dermanlyk ösümliklerini peýdalanmak arkaly derman serişdelerini öndürýän farmasewtiki kärhanalar işe girizildi.

Döwletimiz häzirki zaman sport-sagaldyş desgalarynyň, bu ulgamda bar bolan halkara standartlaryna laýyk gelýän desgalaryň gurluşygyna we döwrebaplaşdyrylmagyna uly möçberli maýa serişdelerini gönükdirýär. Aşgabatda täsin Olimpiýa şäherjigi bina edildi, bu ýerde 2017-nji ýylyň sentýabr aýynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary ägirt uly üstünlik bilen geçirildi.

Häzirki wagtda ýurdumyzda Halkara olimpiýa komiteti we sport federasiýalary bilen hyzmatdaşlykda sportuň köp görnüşleri, şol sanda awtomobil sporty, hokkeý, figuralaýyn typmak, suw görnüşleri ösdürilýär.

Saglyk ýoly hem sport ulgamynda Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň özboluşly nyşany bolup durýar. Bu täsin pyýada ýoly Köpetdagyň eteginde gurlup, aşgabatlylaryň we paýtagtymyzyň myhmanlarynyň işjeň dynç alýan künjegine, iri köpçülikleýin-sport çäreleriniň, ozaly bilen şanly wakalar mynasybetli guralýan künjegine öwrüldi. Şu gün hem bu ýerde Bütindünýä saglyk güni mynasybetli dabaralar ýaýbaňlandyryldy.

Ir säher bilen Saglyk ýolunyň ýakynynda, paýtagtymyzyň Çandybil we Köpetdag şaýollarynyň çatrygynda köpçülikleýin welosipedli ýörişiň başlanýan ýerine ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Mejlisiň ýolbaşçylary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudaklaýyn düzümleriň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleiýn habar beriş serişdeleriniň, daşary ýurtlaryň Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaynyň, halkara guramalaryň ýolbaşçylary, Aşgabat şäerniň häkimi hem-de ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary ýygnandylar. 15 kilometrlik menziliň başlangyjynda sport lybasyny geýnen talyplar, hünärment okuw mekdepleriniň, sport mekdepleriniň okuwçylary, köpsanly zähmetkeşler toparlarynyň, paýtagtymyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri hatara düzüldiler.

Bahar şemalyna Türkmenistanyň döwlet baýdaklary buýsançly pasyrdaýar. Türgenleriň görkezme çykyşlary, joşgunly aýdym-sazlaryň owazy dabara gatnaşyjylaryň baýramçlyyk ruhuny göterýär. Ähli ýerde şatlyk-şowhun al-asmana galýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dabaranyň geçirilýän ýerine geldi. Milli lybasly gyzlar döwlet Baştutanymyza gül desselerini gowşurdy.

Köpsanly sagdan durmuş ýörelgeleriniň tarapdarlary döwlet Baştutanymyzy mähirli garşylady. Olar milli Liderimize Bütindünýä saglyk güni mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlag sözlerini aýtdylar.

Baýramçylyk dabarasy ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň çykyşy bilen açyldy.

Soňra milli Liderimiz Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň baştutanlary bilen gürrüňdeşlikde halkara gatnaşyklaryny ösdürmek boýunça alyp barýan işleri hem-de ýurdumyzyň durmuşynda bolup geçýän möhüm wakalara işjeň gatnaşýandyklary üçin minnetdarlyk bildirdi.

Ine, bu gün hem Bütindünýä saglyk güni ähli ýerde giňden we dabaraly ýagdaýda bellenilýär, bu baýramçylyga dürli görnüşli köpsanly sport ýaryşlary we beýleki çäreler guralýar. Olaryň esasyny adam hakdaky alada, ilatyň saglygyny pugtalandyrmaga gönükdirilen çäreler düzýär. Milli Liderimiz bu çäreleriň ählisiniň bedenterbiýe we köpçülikleýin sagaldyş hereketini hem-de sporty ösdürmäge, zyýanly endikleriň aradan aýrylmagyna beden we ruhy taýdan sagdyn nesliň kemala getirilmegine gönükdirilendigini belledi.

Biziň baş maksadymyz halkymyzyň saglygyny goramak we pugtalandyrmak, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmakdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Öz nobatynda daşary ýurtly diplomatlar ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklary, ähli ulgamlarda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin Türkmenistanda döredilýän şertlere çuňňur hoşallyklaryny beýan etditler.

Soňra Arkadag Prezidentimiz sport welosipedine münüp, köpçülikleýin welosipedli ýörişe badalga berdi. Döwlet Baştutanymyzyň göreldesine eýerip, ýurdumyzyň ýolbaşçly düzümleriniň hatarlary, paýtagtymyzdaky ýokary okuw mekdepleriniň talyplary ýörişe başladylar. Köpçülikleýin çärä gatnaşýan welosipedli hatarlary dürli puldaklaryň, edaralaryň we kärhanalaryň zähmetkeşler toparlarynyň wekilleri dowam etdiler. Ýörişe gatnaşyjylar aýratyn toparlardan ybarat bolup, olar degişli sport lybaslaryny geýindiler.

Welosipedli ýöriş dürli görünşdäki durmuş, sport we ekologiýa ýörelgeleriine goldaw bermek maksady bilen, köp ýurtlarda geçirilýän jemgyýetçilik ähmiýetli meşhur çäredir. Türkmenistanda köpçülikleýin welosiped ýörişini guramak asylly däbe öwrülip, ol şäherleriň we obalaryň ýaşaýjylaryny, ýaşululary we ýaşlary özünde jemleýär. Milli Liderimiziň şeýle çärelere gatnaşmagy bu wakanyň ähmiýetini artldyrmak bilen çäklenmän, eýsem milletiň saglygy bilen baglanyşykly ähli ýörelgeleriň derejsini äşgär edýär we beden, ruhy we ahlak taýdan sagdynlygyň toplumlaýyn milli ulgamyny döretmek maksatnamasynyň ýurdumyzda amala aşyrylýan döwlet syýsatynyň möhüm ugruny alamatlandyrýar.

... Paýtagtymyzyň ajaýyp şaýollary boýunça ýörişe gatnaşyjylaryň hatarlary örän ajaýyp görnüşi emele getirdi, köçeleriň ugurlarynda bina edilen ak mermerli ajaýyp binalar öz öwüşginleri bilen hem-de özboluşly altyn öwüşginli bezegleri bilen bu çärä üýtgeşik ähmiýet berýär. Giň şaýollar özüniň baýramçylyk bezegleri bilen aşgabatlylaryň öz şäherine nähili alada hem-de söýgi bilen garaýandyklarynyň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Bular bolsa ýörişe gatnaşyjylaryň watançylyk ruhuny has-da belende göterdi.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe häzirki zaman sport toplumlary, köpugurly stadionlar paýtagtymyzyň binagärlik keşbine sazlaşykly utgaşyp, adamlaryň ýygy-ýygydan gelýän ýerlerine öwrüldi. Döwlet Baştutanymyzyň yzygiderli aladalary netijesinde bu desgalarda sagdyn durmuş ýörelgesiniň tarapdarlary sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanýarlar. Bularyň ählisi milli Liderimiziň asylly başlangyçlarynyň üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň alamatlarydyr.

Türkmenistan sport ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirýär. Ýurdumyzda onlarça döwletlerden türgenleriň gatnaşmagynda guralýan iri ýaryşlar yzygiderli häsiýete eýe boldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu ugurda durmuşa geçirýän syýasaty özüniň anyk netijelerini berýär hem-de türkmen sporty hil taýdan täze derejä çykarylýar.

Ýörişiň geçirilýän ugry boýunça estrada aýdymçylary we folklor toparlary aýdymlar we tanslar bilen çykyş edýärler. Olaryň hatarynda “Miras”, “Serpaý”, “Näzli”, “Laçyn”, “Meňli” toparlary, şeýle hem çeper höwesjeň talyplar toparlary, ýaşajyk sazandalar we tansçylar bar. Ýurdumyzyň dürli sport mekdeplerinde tälim alýanlar bu dabara mynasybetli görkezme çykyşlaryny taýýarladylar.

Aziada-2017-niň maksatnamasyna girizilen sportuň 21 görnüşiniň hatarynda welosiped sporty (trek) hem bar. Sportuň bu ugry boýunça ýaryşlar paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherjiginiň desgalarynyň birinde – ajaýyp ýapyk welotrekde geçirildi. Onuň welosiped ýodajygy ähli ölçegler boýunça halkara standarlaryna we şeýle desgalara bildirilýän ýokary talaplara laýyk gelýär.

Bu ýerde iri halkara ýaryşlaryny, şol sanda dünýä çempionatlaryny geçirip bolar. 6 müň tomaşaçy orunlyk welotrek desgasynda tomaşaçylaryň amatly ýagdaýda bäsleşiklere syn etmegi üçin aňrybaş şertler döredilindir. Desgada ähli zerur düzümler göz öňünde tutulyp, ol türgenler we tälimçiler, tehniki we hyzmat ediş işgärleri, welosiped sportuny söýýän tomaşaçylar üçin iň amatly şertleri emele getirýär.

Umuman, Aşgabadyň Olimpiýa şäherjiginde ýokary derejeli halkara ýaryşlaryny geçirmek üçin ähli şertler döredildi. Şeýle hem bu ýerde sportuň dürli görnüşleri boýunça milli ýygyndy toparlary taýýarlamak hem-de olimpiýa hereketini ösdürmek üçin köpugurly binýat bar.

Olimpiýa stadiony Aziada-2017-niň açylyş we ýapylyş dabaralaryny geçirmek üçin ägirt uly binýada öwrüldi. Onda ýurdumyzyň we halkymyzyň taryhy bilen häzirki zamanyň arabaglanyşygy, ruhy gymmatlyklary we Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň daşary we içeri syýasatynyň esasyny düzýän ynsanperwerliň ýörelgeleri öz beýanyny tapdy. Munuň özi parahatçylyk, gülläp ösüş we rowaçlykdyr.

Häzirki döwürde sport ynanyşmak we özara düşünişmek ýagdaýynyň döreldilmegine önjeýli goşant goşmak bilen, halkara hyzmatdaşlygynyň ähmiýetli bölegi bolup durýar.

Türgenler – parahatçylygyň ilçileri. Olar öz ussatlyklary we başarnyklary arkaly guralýan bäsdeşliklerde olimpiýa hereketiniň belent esaslaryny tassyk edýärler. Bu bolsa ýaşlaryň işjeň we döredijiliklli durmuş ornuny pugtalandyrýar hem-de beýleki halkara bolan dostluk we hormat goýmak gatnaşyklaryny döredýär.

Mälim bolşy ýaly, “Aşgabat 2017-niň” Oýunlary Aziýanyň we Okeaniýanyň 64 ýurdundan wekilleri hem-de Aziýa oýunlaryna ilkinji gezek gatnaşýan bosgunlar toparyny özünde jemledi. 11 günüň dowamynda türgenler medallar ugrundaky bäsleşiklere işjeň goşuldylar. Ýiti bäsdeşlige garamazdan, türgenler örän gyzykly oýunlary görkezdiler we janköýerlerde ýatdan çykmajak täsirler galdyrdylar. Ýaryşlara açyklyk, ynanyşmak, dostluk we birek-birege düşünişmek ýörelgesi mahsus boldy.

Bäsleşikleriň ilkinji günlerinden başlap, Türkmenistanyň ýygyndysy öňe ynamly hereket etdi. Olar umumy toparlaýyn bäsleşikde birinji orunlary ynamly eýeläp, medal sanyny barha artdyrdylar. Türkmen türgenleri jemi 245 medallary eýelediler. Olaryň 89-sy altyn, 70-si kümüş we 86-sy bürünç medallardyr.

Dünýäniň 82 ýurdundan gelen žurnalistler hem-de synçylar diňe bir ýaryşlaryň netijeleri barada däl, eýsem Türkmenistan we onuň ajaýyp paýtagty barada giňişleýin gürrüň berdiler hem-de biziň myhmansöýer we sahy topragymyzy tutuş dünýä täzeden açdylar.

Žurnalistleriň we türgenleriň, wekiliýetleriň ýolbaşçylarynyň we köpsanly hormatly myhmanlaryň pikirine görä, Aşgabat diňe bir Aziýa ýaryşlaryny däl, eýsem, Olimpiýa oýunlaryny geçirmäge mynasyp şäher. Munuň üçin bu ýerde halkara derejesindäki talaplara laýyk gelýän hem-de iň häzirki zaman sport düzümini emele getirýän ähli şertler bar.

Şeýle derejedäki we möçberdäki ýaryşlary geçirmek ägirt uly jogapkärçiligi talap edýär. Türkmen paýtagty bu wezipelere abraý bilen hötde gelip, parahatçylyk dörediji şäher we medeniýetleriň, halklaryň hyzmatdaşlygynyň merkezi derejesini berjaý etdi. Tutuş ýurdumyz bu şanly waka örän taýýarlykly geldi. Şeýlelikde, öňde durýan wezipeler üstünlikli berjaý edildi.

“Aşgabat 2017” oýunlary ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy, eýýäm häzirki wagtda paýtagtymyz agyr atletika boýunça dünýä çempionatyny geçirmäge taýýarlanýar. Milli Liderimiz fewral aýynyň aýagynda Lebap welaýatyna bolan iş saparynyň çäklerinde “Beýik Ýüpek ýoly” köpçülikleýin ýaryşlaryna badalga berdi.

... Ýörişe gatnaşyjylaryň köpöwüşginli hatarlary Çandybil şaýolundan geçip, Bitarap Türkmenistan şaýoly boýunça paýtagtymyzyň merkezine tarap ýoly dowam etdiler.

Säheriň ajaýyp howasy we paýtagtymyzyň gözel görnüşi we giň möçberli welosipedli ýöriş ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan beýik özgertmelere dahylly adamlaryň buýsanjyny artdyrýar Her bir adam durmuşyny has-da gowulandyrmaga, onuň many-mazmunyny baýlaşdyrmaga bolan gyzyklanmalary bilen umumy işiň dabaralanmagyna mynasyp goşant goşmaga çalyşýar.

Şunuň ýaly sport baýramçylyklary oňa gatnaşyjylarda sportuň söýgüli görnuşleri bilen yzygiderli meşgullanmaga ruhlandyrýar. Mundan bаşga-da, sport-köpçülikleýin çäreleri sagaldyş we terbiýeçilik ugry bilen bir hatarda adamlarda oňyn döredijilik kuwwatyny we ruhy ýokary göterilişi oýarýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welosipedde ýurdumyzyň Döwlet münberi ýerleşýän baş meýdançasyna geldi. Bu ýere ýygnanan köpsanly aşgabatlylar milli Liderimizi hem-de bu çärä gatnaşyjylary şatlyk-şowhun bilen garşyladylar.

Sebitiň sport paýtagty bolan ak mermerli Aşgabada bagyşlanan sazly kompozisiýa ýaýbaňlandyryldy. Hoş owazly aýdymlarda halkymyzyň ajaýyp özgertmeleriň başyny başlan milli Liderine bolan çuňňur söýgüsi we hoşallygy beýan edildi. Ýurdumyzda sagdynlyk we sport beýik ýeňişleriň, asylly başlangyçlaryň aýrylmaz nyşanyna öwrüldi.

... Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dabara gatnaşyjylar bilen hoşlaşyp, hemmeleri Bütindünýä saglyk güni bilen gutlady hem-de olara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, işde uly üstünlikler arzuw etdi we bu ýerde ugrady.

Bu günki çäreler Olimpiýa şäherjiginde dowam etdi. Ol ýerde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Mejlisiň, ministrlikleriň we pudaklaýyn düzümleriň ýolbaşçylary sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullandylar we birnäçe sport maşklaryny ýerine ýetirdiler.

Häzirki döwürde sport jemgyýetçilik durmuşymynyň möhüm bölegine

öwrüldi. Bütindünýä sport hereketine gatnaşýan türgenlerimiziň sany we olaryň dürli turnirlerde, çempionatlarda gazanýan medallarynyň, eýeleýän baýraklarynyň sany artýar. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň täze zehinleri ýüze çykarmak, türgenleriň ussatlygyny ýokarlandyrmak ugrunda döredilýän şertlerden netijeli pýedalanmak üçin sporty we onuň düzümini ösdürmäge ägirt uly üns berýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr.

Paýtagtymyzda we ýurdumyzyň sebitlerinde häirkizaman sport toplumlary, stadionlar, aýlawlar, ýöriteleşdirilen mport mekdepleri guraldy. Milli atçylyk sporty uly meşhurlyga eýe bolýar. Welaýatlarda atçylyk sport toplumlary guruldy we sportuň tehniki görnüşleri ösdürilýär.

Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy boýunça “Amul-Hazar 2018” halkara awtorallisiniň geçirilmegi bu ugurda alnyp barylýan işlere kuwwatly itergi berer we bu bäsleşikde halkara jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çeker.

Halkara ýaryşyna gatnaşjak daşary ýurtly türgenler diňe bir türkmen halkynyň baý mirasy bilen tanyşmak bilen çäklenmän, eýsem olar durmuş-ykdysady özgertmeler, ylmy-tehniki ösüş we ýurdumyzyň sebitleriniň senagat taýdan berkidilýän ýerlerde häzirki döwürde gurulýan täze durmuş bilen tanşarlar. Şeýle hem täze taryhy eýýamda Beýik Ýüpek ýolunyň möhüm ulag çatrygy hökmündäki ornuny berkidilýändigini görerler.

Şu günki welosipdli ýöriş, ylgaw ýaryşlary we beýleki sport hem-de baýramçylyk çäreleri diňe bir paýtagtymyza däl, eýsem, ähli welaýatlarda geçirildi. Beden we ruhy taýdan kämilleşmäge bolan gyzyklanmalar tutuş ýurdumyz boýunça sagdyn durmuş ýörelgelerine ygrarly bolan adamlary sport meýldançalary çykardy. Diňe Aşgabat şäherinde guralan köpçülikleýin welosipedli ýörişe 5 müňe golaý adam gatnaşdy.

Şu günki dabaralar türkmen halkynyň we her bir raýatyň abadan hem-de bagtyýar durmuşyny nazarlaýan bedenterbiýe-sagaldyş hereketiniň hil taýdan täze derejä çykýandygyny has aýdyňlygy bilen äşgär etdi.

Sungat ussatlarynyň çykyşlary has-da giňden ýaýbaňlandyryldy. Döwlet Baştutanymyz joşgunly aýdym-sazlary diňläp, bu ýerde guralýan köpçülikleýin çärä gatnaşýan daşary ýurtlaryň Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň we halkara guramalaryň ýolbaşçylarynyň ýanyna bardy.

Hormatly Prezidentimiz diplomatlary bu gün giňden dabaralandyrylýan Bütindünýä saglyk güni bilen gutlap, olara ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan şanly wakalara işjeň gatnaşýandyklary üçin minnetdarlyk bildird hem-de Türkmenistanda sagdyn durmuş ýörelgleleriniň pugtalandyrylmagy, onuň tarapdarlarynyň artmagy ugrunda giň möçberli işleriň alnyp barylýandygyny belledi.

Daşary ýurtly diplomatlar giň gerimde bellenilýän we ählihalk baýramçylygyna öwrülýän giň möçberli dabaralara gatnaşmaga döredilýän mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, tutuş türkmen halky bilen bilelikde şanly waka mynasybetli guralýan giň möçberli ählihalk çärelerine gatnaşmagyň özleri üçin uly hormatdygyny nygtadylar.

Döwlet Baştutanymyz bu ýere ýygnananlaryň hemmesini sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmeginde, köpçülikleýin bedenterbiýäniň we sport hereketiniň ösdürilmeginde möhum orun eýeleýän şanly sene bilen gutlady we olara bü günki köpçülikleýin çärelere gatnaşýandyklary üçin minnetdarlyk bildirdi.

Baharyň hoştap howaly günleriniň birinde, säher çagynda guralan köpçülikleýin ýaryşa gatnaşyjylaryň belent ruhy Köpetdagyň etegindäki ajaýyp künjeklerriň kök öwüsýän giňişlikleri, barha boýuny alýan agaç nahallary bu ýerde ynsan saglygy üçin ýakymly howa gurşawyny emele getirýär. Köpçülikleýin welosipedli ýörişiň başlanýan künjeginden dünýäniň iň owadan şäherleriniň hatarynda öz ornuny pugtalandyrýan hem-de ýaşaýyş üçin ähli amatlyklary özünde jemleýän paýtagtymyzyň ajaýyp görnüşi açylýar.

Soňky ýyllarda Arkadag Prezidentimiziň tagallasy bilen, köpçülikleýin bedenterbiýäni we ýokary netijelei sporty ösdürmek, paýtagtymyzyň we tutuş ýurdumyzyň ekologiýa derejesini gowulandyrmak işleri bilen utgaşykly alnyp barylýar. Bu bolsa sagdyn durmuş ýörelgelerini berkitmek ýaly asylly işlere döwlet derejesinde ähmiýeti berilýändigini has aýdyňlygy bilen äşgär edýär.

Welosiped sporty dünýäde iň meşhur görnüşleriň biri bolup durýar. Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça geçen ýyl Aşgabat geçirilen 5 Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna girizilen welosiped sporty ýurdumyzda sportuň bu görnüşiniň ösdürilmegine kuwwatly itergi berdi. Gönüden-göni döwlet Baştutanymyzyň tagallas ybilen, ýurdumyzda welosporty ösdürmäge, onuň düzümini döwrebaplaşdyrmaga, ýaşlary sportuň bu görnüşi bilen meşgullanmagyna çekmäge gönükdirilen giň möçberli işler ýaýbaňlandyryldy.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi