Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi

08.12.2017

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 2017-nji ýylyň on bir aýynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň jemlerine bagyşlanan Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Mejlisiň barşynda hökümetiň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň geçiren işleriniň jemlerine garaldy, Prezident maksatnamalarynyň we beýleki milli özgertmeler maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişine baha berildi. Mejlisiň gün tertibine döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleri, birnäçe möhüm resminamalaryň taslamalary hem-de guramaçylyk meseleleri girizildi.

Mejlise Türkmenistanyň parlamentiniň wekilleri, welaýatlaryň häkimleri, ýokary okuw mekdepleriň rektorlary, gazetleriň we žurnallaryň redaktorlary, beýleki ýolbaşçylar çagyryldy.

Döwlet Baştutanymyz mejlisi açmak bilen, uly baýramyň – Halkara Bitaraplyk gününiň öň ýanynda 1690 adamy Türkmenistanyň raýatlygyna kabul etmek hakyndaky kanunçylyk namasyny kabul etmek kararyna gelendigini habar berdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa söz berdi. Ol Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli hiç bir raýatlygy bolmadyk adamlary Türkmenistanyň raýatlygyna kabul etmek we degişli Permanyň taslamasyny taýýarlamak boýunça ýerine ýetirilen işler barada habar berdi.

Hereket edýän milli kanunçylykdan hem-de halkara hukuk kadalaryndan, ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynyň esasyny düzýän ynsanperwerlik ýörelgelerden ugur alnyp, adamlaryň, şol sanda belli sebäpleriň hem-de ýagdaýlaryň netijesinde öz Watanyny taşlamaga mejbur bolan adamlaryň hukuklaryny, erkinliklerini we bähbitlerini üpjün etmek boýunça yzygiderli çäreler durmuşa geçirilýär.

2011-2016-njy ýyllaryň dowamynda milli Liderimiziň Permanlaryna laýyklykda, ýurdumyzda ýaşaýan we hiç bir döwletiň raýatlygy bolmadyk adamlaryň 6 müň 455-siniň Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.

Bosgunlaryň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň hukuklaryny goramak bilen baglanyşykly meseleleriň toplumy 2017-nji ýylyň iýun aýynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Aşgabada iş sapary bilen gelen BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterreşiň arasynda geçirilen gepleşikleriň gün tertibine girizildi. Döwlet Baştutanymyzyň şol duşuşykda öňe süren tekliplerini we başlangyçlaryny amala aşyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Hökümeti BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissarynyň Müdirligi, Halkara Migrasiýa guramasy we bu ugurda ýöriteleşdirilen beýleki halkara düzümleri bilen gatnaşyklaryny ösdürýär.

Şunuň bilen baglylykda, Daşary işler ministrligi we ygtyýarlykly döwlet edaralary tarapyndan ýurdumyzda ýaşaýan 1 müň 690 adamynyň haýyşlary nazarda tutulyp, olary Türkmenistanyň raýatlygyna kabul etmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Olar 21 milletiň wekilleridir.

Hormatly Prezidentimiz “Türkmenistanyň raýatlygyna kabul etmek hakyndaky” Permana gol çekip, ýurdumyzyň raýatlary bolan adamlary tüýs ýürekden gutlady we olara maşgala abadançylygyny, Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösüşini üpjün etmek işine mynasyp goşant goşmaklaryny arzuw etdi, bu resminama gol çekilmegi ýygnananlaryň joşgunly el çarpyşmalary bilen garşylandy.

Hasabatyň dowamynda wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy Daşary işler ministrliginiň Bitarap Türkmenistanyň 2017—2023-nji ýyllarda daşary syýasat ugrunyň Konsepsiýasyny ýerine ýetirmegiň çäklerinde şu ýylyň 11 aýynda alyp baran işleriniň netijeleri barada hasabat berdi.

Hasabat döwründe milli Liderimiziň daşary ýurtlara guran saparlarynyň we daşary döwletleriň, halkara guramalarynyň ýolbaşçylarynyň ýurdumyza bolan saparlarynyň netijeleri bu işjeň strategiýanyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça üstünlikli durmuşa geçirilýändigini alamatlandyrýar. Ýokary derejede ikitaraplaýyn duşuşyklaryň we gepleşikleriň dowamynda gazanylan ylalaşyklar ählumumy abadançylygyň hem-de gülläp ösüşiň bähbitlerine laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlygyň berkidilmegine we artdyrylmagyna gönükdirildi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, sebit we ählumumy möçberdäki netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň deňhukukly we özara peýdaly esasda parahatçylyk söýüjilik, netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ýola goýýan Bitarap Watanymyzyň daşary syýasatynyň esasy ugrudygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň dünýä bileleşiginiň häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň deňeçer çözgüdini işläp taýýarlamak boýunça alyp barýan tagallalaryna işjeň gatnaşmaga ygrarlydygyny tassyklap, wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna Halkara Bitaraplyk güni we BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň döredilmeginiň 10 ýyllygy mynasybetli meýilleşdirilen çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça birnäçe tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz hödürlenen resminamalara gol çekip, DIM-niň we ýurdumyzyň diplomatik korpusynyň täze taryhy eýýamda öňünde durýan wezipelere ünsi çekip, bu babatda birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, aýdym aýtmagyň we tans etmegiň “Küştdepdi” milli sungatynyň ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasynyň Reprezentatiw sanawyna girizilendigi baradaky hoş habary aýtdy. Bu çözgüt 2017-nji ýylyň 7-nji dekabrynda Çeju şäherinde (Koreýa Respublikasy) Maddy däl medeni mirasy gorap saklamak boýunça hökümetara komitetiniň 12-nji mejlisiniň barşynda biragyzdan kabul edildi.

Bu çözgüt umumadamzat medeni mirasyň aýrylmaz bölegi bolan türkmen halkynyň milli medeniýetiniň ägirt uly ähmiýetiniň ykrarnamasydyr. Küştdepdi halk döredijiliginiň köpöwüşginli nusgasy bolmak bilen, milletiň taryhy-medeni däp-dessurlaryny we ruhy tejribesiniň sazlaşygyny şöhlelendirýär hem-de geçen döwürleriň ýörelgelerini we häzirki zamanyň döredijilik energiýasynyň sazlaşygynyň aýdyň mysaly bolup durýar diýip, milli Liderimiz aýtdy. Siziň bilşiňiz ýaly, ozal “Gadymy Merw”, “Köneürgenç”, “Nusaý” ýaly taryhy-medeni ýadygärlikler bilen bir hatarda “Görogly” dessany hem ÝUNESKO-nyň bütindünýä mirasynyň Sanawyna girizilipdi diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.

Döwlet Baştutanymyz ýygnananlary we türkmenistanlylaryň ählisini bu şanly waka bilen gutlap, milli medeni mirasymyzy mundan beýläk-de giňden wagyz etmek boýunça çäreleriň işjeňleşdirilmeginiň zerurdygyny nygtady.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Myradow şu ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynyň makroykdysady görkezijileri barada hasabat berip, ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmäge gönükdirilip durmuşa geçirilýän toplumlaýyn çäreleriň netijesinde, halk hojalyk toplumynyň ähli pudaklarynda durnukly ösüşiň üpjün edilendigini, ilatyň hal-ýagdaýynyň yzygiderli ýokarlanýandygyny habar berdi.

Şeýle hem wise-premýer "Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasynda" kesgitlenilen çäreleriň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi .

Maliýe we ykdysadyýet ministri B.Bazarow hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi, 2017-nji ýylyň 11 aýynda maliýe -býujet ulgamynda geçirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Soňra Merkezi bankyň başlygy M.Annadurdyýew pul-karz ulgamyny kämilleşdirmek boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyryklaryny ýerine ýetirmek boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi.

Şeýle hem daşary ýurtlara iberilen harytlar hem-de ýerine ýetirilen hyzmatlar üçin ministrlikleriň we pudak edaralarynyň hasaplaryna daşary ýurt pulunyň gelip gowuşmagynyň meýilnamasynyň ýerine ýetirilişi barada habar berildi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Babaýew geçen on bir aýda ýangyç-energetika toplumynyň kärhanalarynyň alyp baran işleriniň netijeleri barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz nebitgaz toplumynda amala aşyrylýan özgertmeleri işjeňleşdirmegi, ýangyç-energetika pudagyny döwrebaplaşdyrmak, işleriň netijeliligini gazanmak boýunça anyk çäreleri görmek barada anyk görkezmeleri berdi.

Hormatly Prezidentimiz nebitgaz pudagyndaky çözülmeli möhüm meselelere ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz ýangyç-energetika toplumyny has-da ösdürmek üçin maýa goýumlary çekmek boýunça işleri işjeňleşdirmegi, ýolbaşçy işgärleri, başarjaň hünärmenleri saýlamaga ünsi güýçlendirmegi, “Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla senli döwür üçin maksatnamasyny” durmuşa geçirmek maksady bilen degişli çäreleri görmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Milli Liderimiziň aýdyşy ýaly, ilkinji nobatda munuň özi ulanylýan känlerde nebitiň gazylyp alnyşynyň möçberlerini artdyrmak, geljegi uly täze meýdançalary özleşdirmek, nebiti almagyň döwrebap tehnologiýalaryny peýdalanmak ýaly ugurlara degişlidir.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annameredow gözegçilik edýän ulag we aragatnaşyk ulgamlarynda 2017-nji ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Umuman, ulag-aragatnaşyk toplumy boýunça hasabat döwründe ýolagçy gatnatmak we aragatnaşyk hyzmatlarynyň ýerine ýetirilişiniň meýilnamasy 102,7 göterim berjaý edildi hem-de ösüş depgini 105,2 göterime deň boldy.

Hasabat döwründe Demir ýol ulaglary ministrligi boýunça ýük daşamagyň ösüş depgini 107 göterime, ýolagçy gatnatmagyň ösüş depgini bolsa 100 göterime barabar boldy.

“Türkmenhowaýollary” gullugy boýunça hasabat döwründe ýerine ýetirilen hyzmatlaryň ösüş depgini 135,2 göterime, ýük daşamagyň we ýolagçy gatnatmagyň ösüş depgini bolsa degişlilikde 119,6 göterim we 100,2 göterime barabar boldy.

Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy boýunça ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 103,8 göterime deň boldy. Ýük daşamagyň meýilnamasy 155 göterim ýerine ýetirildi. Şunda, ýolagçy gatnatmagyň ösüş depgini 143,5 göterime barabar boldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ulaglaryň ähli görnüşlerini ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak babatda wise-premýere birnäçe görkezmeleri berdi. Milli Liderimiz Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek, sebitleýin hem-de yklym üsti ýollary ösdürmek boýunça öňe sürýän başlangyçlarymyzyň, howa, deňiz we derýa ulaglary düzümleriniň kuwwatly maddy-enjamlaýyn binýadynyň döredilmegini talap edýändigini belläp, awtomobil we demir ýol ulaglarynyň ösüşine aýratyn ähmiýet berilmelidigini aýtdy.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ulag ulgamyna maýa goýumlaryny çekmek, ýük daşamagyň möçberlerini artdyrmak boýunça zerur işleri geçirmek babatda wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz bellenilen meýilnamalary ýerine ýetirmek maksady bilen ulaglaryň bir bitewi ministrligini döretmek hakyndaky teklibi öňe sürdi. Hormatly Prezidentimiz ulag toplumynyň edaralaryny paýdarlar jemgyýetine öwürmek boýunça zerur işleriň dowam edýändigini belläp, wise-premýere bu babatda birnäçe görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Aýdogdyýew şu ýylyň on bir aýynda milli ykdysadyýetimiziň gözegçilik edýän senagat ulgamynyň düzümlerindäki işleriň netijeleri, onuň pudaklaýyn görkezijileri barada hasabat berdi.

Senagat ministrligi boýunça 2017-nji ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň möçberleri, öndürilen önümler hem-de ýerine ýetirilen hyzmatlar boýunça meýilnamanyň 107,8 göterime barabar bolandygy bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow senagat toplumyny ösdürmegiň strategiýasynyň ilkinji nobatdaky wezipelerine ünsi çekip, ýurdumyzyň senagatynyň önümçilik kuwwatlyklaryny yzygiderli artdyrmagyň, kärhanalara öňdebaryjy tehnologiýalary hem-de hojalygy dolandyrmagyň netijeli usullaryny ornaşdyrmagyň wajypdygyny aýtdy. Pudaklaryň netijeli işlemegi köp babatda içerki sarp edilişini hem-de dünýä bazarlarynyň üýtgäp durýan ýagdaýlaryny nazara alyp, işleri başarnykly guralyşyna baglydyr.

Döwlet Baştutanymyz himiýa senagatynyň ösüş depginini çaltlandyrmak, şol sanda mineral dökünleriniň öndürilişiniň möçberlerini artdyrmak boýunça işleri güýçlendirmegiň möhümdigini belledi. Munuň üçin birnäçe täze kärhanalary, şol sanda kaliý dökünlerini öndürýän ýene-de bir dag magdan kärhanasyny, karbamid we ammiak zawodlaryny gurmaly diýip, milli Liderimiz nygtady. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, mineral serişdeleriň şeýle ýerasty gatlaklary bolan ýurdumyza islendik maýadary çekip bolar. Ýöne, diňe tutanýerlilik bilen işlemek gerek.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary D.Amangeldiýew şu ýylyň on bir aýynda ýurdumyzyň gurluşyk, energetika toplumlarynda we jemagat hojalygy pudagynda hem-de Aşgabat şäher häkimligi boýunça ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, wise-premýere gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işlere berk gözegçiligi ýola goýmagy tabşyrdy. Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň häzirki döwürdäki ýokary sazlaşykly ösüşi giň möçberli maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegi üçin giň mümkinçilikleri açýar. Adamlaryň ýaşaýyş we durmuş derejesini gowulandyrmak onuň esasy ugry bolup durýar. Şunda, ilatyň durmuş derejesiniň mundan beýläk-de ýokarlandyrylmagy, jemagat hojalygy gulluklarynyň degişli işiniň üpjün edilmegi bilen baglanyşykly meselelere aýratyn ähmiýet berilýär.

Milli Liderimiz ýurdumyzyň ilatynyň we kärhanalaryň elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün edilmeginiň zerurdygyna ünsi çekip, bu babatda wise-premýere birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz gurluşyk toplumynda alnyp barylýan özgertmeleriň ýokary depginini üpjün etmek boýunça wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Garajaýew gözegçilik edýän düzümlerinde hasabat döwründe ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

On bir aýyň dowamynda ýurdumyzda milli senenamamyzda möhüm orun eýeleýän baýramçylyklar, şanly seneler we halkara derejesinde geçirilýän çäreler mynasybetli birnäçe dabaralar guraldy.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda daşary ýurtlar bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmek boýunça zerur işler alnyp barylýar. Hasabat döwründe ýurdumyzda birnäçe daşary döwletleriň Medeniýet günleri we daşary ýurtlarda Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçirildi. Aşgabatda we ýurdumyzyň welaýatlarynda daşary ýurtlaryň kinofilmleriniň görkezilişi hem-de sungat ussatlarynyň çykyşlary boldy.

Türkmenistanyň döwlet sirkinde ýurdumyzyň artistleriniň çykyşlary bilen bir hatarda, daşary ýurtlaryň sirk ussatlarynyň maksatnamalaýyn çykyşlary görkezildi.

Medeniýet ulgamynyň hünärmenleri dünýäniň birnäçe döwletlerinde iş saparlarynda bolup, dürli çärelere gatnaşdylar.

Şu ýylyň iýun aýynda Aşgabatda Medeniýet hepdeliginiň geçirilmegi, onuň çäklerinde milli sungatyň gülläp ösýändigini alamatlandyrýan dürli öwüşginli çykyşlar guraldy.

Teatrlaryň, muzeýleriň we kitaphanalaryň işi döwrüň talabyna laýyklykda kämilleşdirilýär.

Hasabat döwründe Türkmen döwlet neşirýat gullugy boýunça 399 görnüşli kitap önümleri neşir edilip, meýilnama 133,7 göterim ýerine ýetirildi.

Syýahatçylyk baradaky döwlet komiteti tarapyndan alnyp barylýan işler barada habar berildi. 1-2-nji noýabrda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda halkara syýahatçylyk sergisi we maslahaty ýokary guramaçylyk derejesinde geçirildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp we medeniýetiň döwlet syýasatynyň esasy ynsanperwer ulgamy, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan sazlaşykly ösüşiniň esasy guraly bolup durýandygyny belledi.

Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, Türkmenistanda soňky ýyllarda medeniýet ulgamynda oňyn tejribe toplandy. Munuň özi dünýäde türkmen halkynyň baý ruhy mirasyny wagyz etmekde özüniň netijesini bermelidir. Mundan başga-da, medeniýet ulgamynyň düýpli maddy-enjamlaýyn üpjünçilik binýady döredildi, köpsanly teatrlar, kitaphanalar, täze okuw mekdepleriniň binalary, telewideniýäniň täze studiýalary guruldy.

Hormatly Prezidentimiz teleýaýlymlarda täsirli gepleşikleri guramak, ýurdumyzyň gazanýan üstünliklerini doly beýan etmek we milli däplerimizi degişli derejede giňden wagyz etmek barada aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz türkmen halkynyň taryhy-medeni mirasyny öwrenmek, olary dünýä ýüzünde wagyz etmek boýunça alnyp barylýan işlere ünsi çekip, bu işleriň guramaçylyk derejesini güýçlendirmek barada wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.

Milli Liderimiz taryhy ýadygärliklerimizi içgin öwrenmegiň hem-de dünýäde giňden wagyz etmegiň möhümdigini belläp, bu işleri talabalaýyk guramak barada degişli tabşyryklary berdi.

Aýdym-saz toparlarymyzyň we zehinli aýdymçylarymyzyň daşary ýurtlara saparlarynyň guralmagynyň möhümdigi babatynda wise-premýere anyk görkezmeler berildi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa özüniň gözegçilik edýän bilim, saglygy goraýyş we sport pudaklarynda şu ýylyň başyndan bäri ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow S.Toýlyýewe tabşyryk bermek bilen, gyşky döwürde lukmançylyk gulluklarynda öňüni alyş çärelerine ünsi güýçlendirmegi wise-premýerden talap etdi. Bu babatda ýokary okuw mekdeplerinde, orta mekdeplerde we çagalar baglarynda alnyp barylýan düşündiriş işlerini artdyrmagyň, möwsümleýin keselleriň ýaýramazlygy üçin öz wagtynda düşündiriş çärelerini we sanjym işlerini geçirmegiň wajypdygyna üns berildi.

Soňra Mejlisiň Başlygy A. Nurberdiýewa Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň esasy maksatlaryny we wezipelerini hem-de halkara hukugynyň umumy kabul edilen kadalaryny we milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça şu ýylyň 11 aýynda geçirilen işler barada habar berdi.

Hasabat döwründe Mejlisiň 8 maslahaty geçirildi. Şol maslahatlarda jemi 194 resminama , şol sanda Türkmenistanyň Kanunlarynyň 111-si hem-de Mejlisiň kararlarynyň 83-si kabul edildi.

Mejlis halkara hyzmatdaşlygynyň çäklerinde BMG-niň iri guramalary we ýöriteleşdirilen düzümleri bilen gatnaşyklary ösdürýär, daşary ýurtlaryň milli kanun çykaryjy düzümleri bilen parlamentara gatnaşyklary işjeň pugtalandyrýar.

Milli Liderimiz kadalaşdyryjy-hukuk binýadynyň kämilleşdirilmeginiň häzirki taryhy eýýamyň möhüm talaby bolup durýandygyny belläp, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň, dünýäniň iň oňat kanunçykaryjylyk tejribesini öwrenip hem-de düýpli seljerip, soňra ony hereket edýän milli kanunçylyga kybap getirip ornaşdyrmagyň möhümdigini nygtady.

Milli Liderimiz geljek ýyl Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary barada aýdyp, olaryň bäsdeşlik, aç-açanlyk we aýanlyk esasynda geçmelidigini, dünýä tejribesinde giňden ulanylýan bu ýörelgäniň iň mynasyp adamlaryň saýlanmagyny üpjün etmäge gönükdirilendigini nygtady. Şeýle esasda saýlanylan adamlar Watanymyzyň kuwwatyny pugtalandyrmaga, halkymyzyň abadançylygyna hem-de gülläp ösüşine gönükdirilen uly möçberli durmuş-ykdysady maksatnamalary durmuşa geçirmäge öz ähli güýjüni, tejribesini we bilimini gaýgyrman tagalla etmäge ymtylýan adamlar bolmalydyr.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň Mejlisi tarapyndan Ministrler Kabinetiniň teklipleri hasaba alnyp, Lebap welaýatynyň dolandyryş – çäk bölünişini kadalaşdyrmak boýunça resminamalary taýýarlamak işleriniň möhümdigini nazara almak bilen, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda şeýle işleri geçirmegiň zerurdygyna milli parlamentiň ýolbaşçysynyň ünsüni çekdi.

Soňra Ýokary gözegçilik edarasynyň Başlygy G.Gylyjow gurluşyk işlerine geçirilen seljerme çäreleriniň netijeleri barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherjiginiň binalarynyň netijeli peýdalanylmagyny, onuň sport desgalarynda raýatlarymyzyň saglyklaryny berkitmegini üpjün etmek boýunça meselelere ünsi çekdi. Olimpiýa şäherjiginiň desgalaryny Aşgabat şäheriniň häkimliginiň garamagyndaky Baş müdirlik dolandyrar.

Milli sport we syýahatçylyk institutynyň talyplarynyň bu ýerde tälim almaklary we tejribe toplamaklary üçin zerur guramaçylyk işleriniň geçirilmelidigini belläp, hormatly Prezidentimiz bu ugurda bar bolan mümkinçilikleri netijeli peýdalanmak barada birnäçe tabşyryklary berdi.

Bellenilişi ýaly, Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň talyplary bolsa amaly tarapdan bilim alarlar. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz adamlaryň isleg bildirýän sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak üçin şertleri döretmäge üns bermelidigini belledi.

Milli Liderimiz wise-premýer D.Amangeldiýewe ýüzlendi we gözegçilik edýän ministrliklerinde we pudak edaralarynda birnäçe kemçiliklere ýol berlendigine ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow oňa berk käýinç yglan etdi we ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmegi soňky gezek duýdurýandygyny belledi.

Soňra içeri işler ministri I.Mulikow IIM-niň alyp barýan işleri barada hasabat berip, Türkmenistanyň ilatyny elektrik energiýasy bilen üpjün etmekde hem-de Energetika ministrliginiň düzümlerinde geçirilen seljermeleriň barşynda ýüze çykarylan kemçilikler barada habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň elektrik üpjünçiligi bilen baglanyşykly işleriň şunuň ýaly ýagdaýyna ýol berilmeli däldigini nygtap, degişli ýolbaşçylardan ýagdaýy düzetmek boýunça gaýragoýulmasyz çäreleri görmegi talap etdi.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz işde goýberen kemçilikleri üçin energetika ministri Ç.Pürçekowa käýinç yglan edip, degişli resminama gol çekdi.

Döwlet Baştutanymyz mejlisiň dowamynda Ykdysady jenaýatçylyklara garşy göreşmek baradaky döwlet gullugynyň direktory M.Çakyýewe söz berdi. Ol birnäçe ministrliklerde we pudak edaralarynda seljerme işleriniň geçirilendigi barada maglumat berdi.

Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak, Oba we suw hojalyk, Demir ýol ulaglary ministrlikleriniň, “Türkmennebit” Döwlet konserniniň, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň, Döwlet balyk hojalygy komitetiniň düzümlerinde we bölümlerinde geçirilen seljerme işleriniň barşynda birnäçe jogapkär adamlaryň gulluk wezipelerinden hyýanatly peýdalanandyklarynyň, parahorlugyň we korrupsiýanyň ýüze çykarylandygy, şunlukda ägirt uly maddy zyýanyň ýetirilendigi bellenildi.

Bellenilişi ýaly, häzirki döwürde, hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça jemgyýetimizde parahorlugy we korrupsiýany köki-damary bilen ýok etmek ugrunda giň möçberli işler alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, birnäçe guramaçylyk meselelerine seretdi.

Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini jemläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow oňa gatnaşyjylary we ýurdumyzyň ähli halkyny 12-nji dekabrda bellenilýän Halkara Bitaraplyk güni bilen gutlady, hemmelere özygtyýarly Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlik arzuw etdi.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi