Türkmenistanyň "Halkbank" DTB-nyň 2016-njy ýyl üçin Maksatnamasy

  Türkmenistanyň «Halkbank» döwlet täjirçilik banky, «Türkmenistany ykdysady, syýasy we medeni taýdan ösdürmegiň 2020-nji ýyla çenli döwür üçin baş ugry» Milli maksatnamasyna, hem-de «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyna» laýyklykda, döwrebap bank hyzmatlaryny amala aşyrmakda öňde goýulan wezipeleri ýerine ýetirmekligi üpjün etmek maksady bilen, ýurdumyzyň depginli ykdysady ösüşine laýyk gelýän bank hyzmatlarynyň hilini gowulandyrmaklyga gönükdirilen çäreleriň hatarynda pul dolanyşygyny çaltlandyrmak, oňyn göterim syýasatyny alyp barmak, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011-2030-njy ýyllar üçin Milli Maksatnamasyna», «Türkmenistanyň bank ulgamyny ösdürmegiň 2011-2030-njy ýyllar üçin Döwlet Maksatnamasyna», Türkmenistanyň ykdysady, maliýe we bank ulgamlaryny ösdürmegiň 2012-2016-njy ýyllar üçin Maksatnamasyna» we «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2012-2016-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda öz işini alyp barmak bilen, Ýurdumyzyň ykdysadyýetini pugtalandyrmak boýunça bank ulgamynyň öňünde goýulan wajyp meseleleri durmuşa geçirmekde öz goşandyny goşup gelýär.

   Bank tarapyndan berilýän karzlaryň sanyny artdyrmak we karzlaryň täze görnüşlerini ornaşdyrmak arkaly ilata edilýän hyzmatlaryň hilini gowlandyrmak, şeýle hem 2016-njy ýylda Ykdysadyýetiň ileri tutulýan pudaklaryny ösdürmäge we döwlet maksatnamalaryny maliýeleşdirmäge gönükdirilen karzlary bermek ýagny, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2012-nji ýylyň 20-nji iýulyndaky 12446 belgili Kararyny ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan işlenip taýýarlanylan «Türkmenistanyň banklarynyň kiçi we orta telekeçilige degişli taraplara karzlary bermek, «Türkmenistanda ýaş maşgalalaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2011-nji ýylyň 2-nji sentýabrynda çykaran 11817-nji kararyna laýyklykda resmi taýdan nikalaşyp, durmuş guran ýaş maşgalalara öý goşlaryny satyn almaklaryna, toý dabaralaryny geçirmeklige karz bermek, “Türkmenistanda hususy ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygynyň we olary ýerlemegiň meseleleri hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2014-nji ýylyň 8-nji awgustyndaky 13792 belgili kararyna laýyklykda döwlete dahylly we hususy kärhanalara ýaşaýyş jaýlaryny gurmak we raýatlara ýaşaýyş jaýyny satyn almak üçin karzlary bermek, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň «Ýurdumyzda oba hojalyk önümlerini öndürijileri maliýe taýdan goldamak hakynda» 2013-nji ýylyň 6-njy martynda çykaran 12890 belgili karary esasynda milli we daşary ýurt pulunda daýhan birleşiklerine, daýhan hojalyklaryna, oba hojalyk paýdarlar jemgyýetlerine, mülkdarlara, kärendeçilere, oba hojalyk ylmy-barlag institutlaryna oba hojalyk tehnikalary, gurallary we abzallary hem-de suwy tygşytlaýjy tehnikalary, enjamlary, suwaryşda ulanylýan geçirijileri satyn almak üçin hem-de maldarçylygy we guşçulygy ösdürmek, oba hojalyk önümlerini öndürmek, gaýtadan işlemek we hyzmatlary ýerine ýetirmek bilen bagly maýa goýum taslamalaryny maliýeleşdirmek, şeýle hem esasy serişdeleri we emläkleri satyn almak üçin ýeňillikli karzlary bermekligi dowam etdiriler.

   Ýuridiki we fiziki taraplardan goýumlary we depozitleri çekmek üçin hyzmatlaryň täze görnüşlerini işläp taýýarlamak we hereket edýän hyzmatlaryň hilini gowulandyrmak hem-de kämilleşdirmek boýunça işler güýçli depginde alnyp barylar. Ýerine ýetirilýän hyzmatlar barada ilata ýetirmek üçin zerur bolan ähli habar beriş serişdeleriniň kömegi bilen mahabatlandyrma hyzmatlaryndan giňden peýdalanylar.

   Halkara maliýe institutlary bilen hyzmatdaşlygyň çäginde milli töleg ulgamlaryna (elektron tölegler ulgamy, kartly töleg ulgamlary) baha bermek we olary halkara standartlaryna laýyk getirmek boýunça özara taslamalary durmuşa geçirmek hem-de Türkmenistanyň milli töleg ulgamynyň halkara töleg ulgamlaryna utgaşdyrylmagy üçin zerur bolan tehniki we programma üpjünçiligini satyn almak we ornaşdyrmak işleri alnyp barylar.

   Altyn asyr kartly töleg ulgamy kämilleşdirmek we edara-kärhanalaryň işgärleriniň zähmet haklaryny bank kartyna geçirmek, döwlet kömek pullaryny şeýle hem sosial-durmuş bilen baglanyşykly tölegleri we walýuta alyş-çalyş hyzmatlaryny ýola goýmak bilen baglylykda töleg terminallarynyň, bankomatlaryň, infokiosklaryň sanyny artdyrmak, olary döwrebap häzirki zaman programma üpjünçilikleri bilen üpjin etmek işleri dowam etdiriler. Türkmenistanyň «Altyn asyr» we «Milli kart» kartly töleg ulgamlaryny utgaşykly alyp barmak, şeýle hem  olary halkara töleg ulgamlaryna birikdirmek we bu ugurda ösen ýurtlar we halkara maliýe guramalary bilen tejribe alyşmak boýunça işler yzygiderli dowam etdiriler.