Internet banking

TÜRKMENISTANYŇ "HALKBANK" DÖWLET TÄJIRÇILIK BANKY

Internet-banking ulgamynyň häzirki wagtda kämil geljegi bar. Köp banklar müşderileri bilen internet ulgamy arkaly özara baglanyşmaga mümkinçilik berýan ulgamy girizip başladylar. Internet-banking ulgamynda wajyp ahmiýetleri bar:

·        Şahsy maglumatlaryň howpsuzlygy

·        Çykdaýjy we girdeýjileri seljerilmegi

·        Her bir geçirilýän amallaryň SMS üsti bilen habar berilmegi

·        Bank tarapyndan 24/7 wagtyň dowamynda başarjaň hünärmenleriň goldaw bermegi (tel: 44-48-37, 44-49-27)

Öýjükli aragatnaşygy, Internet ulgamy üçin tölegleri, şeýle hem plastik kartlardaky we beýleki hasaplardaky serişdeleriň galyndylaryny yzarlamak hem-de Aşgabat şäher telefon ulgamy hyzmatlary üçin tölegleri, berlen karzlaryň, şol sanda ipoteka karzlarynyň esasy bergilerini we göterimlerini, IPTV boýunça tölegleri amala aşyrmak indi ýeňil we adatça bolar. Müşderi login we paroly girizmek bilen öz şahsy kabinetine düşýär. Ol ýerde birnäçe amallary ýerine ýetirip bilýär. Her bir töleg geçiriljek bolanynda kartyň eýesiniň öz bankynda görkezilen mobil telefon belgisine 5 sandan ybarat bolan kod gelýär, şol kod girizilenden soň töleg amal edilýär.

Hormatly "Halkbank" DTB-nyň müşderileri Internet Banking hyzmatyna birikmek üçin A.Nyýazow 154 "Halkbak" DTB-nyň esasy binasyna ýa-da degişli şahamçalara ýüzlenip bilersiňiz. Ýanyňyzda passport (nusgasy) we ykjam el telefonyňyz bolmaly.

 

 

Internet-bank, Mobil-bank hyzmatlarymyzdan peýdalanýan müşderilerimiz, Internet banking arkaly kartdan karta geçirip bilýärsiňiz! 

1. https://ib.gov.tm/ib/ sahypada loginiňizi we parolyňyzy girizip internet banking şahsy kabinete girýärsiňiz

2. Geçirimler menýusyny saýlap, öz kartyňyzy saýlaň we Dowam etmek düwmesine basyň

3. soň sizden bankyň içinde öz kartyňyza ýa-da bankyň içinde kesekiniň kartyna”  birini saýlamaly

4. Kredit kartyň belgisi diýlen ýerde geçirilmeli kartyň belgisini

         9934 XXXX XXXX XXXX formatda giriziň

5. Geçmeli möçberi diýlen ýere geçiriljek pul mukdaryny ýazyň we   Dowam etmek düwmesine basyň

6. Ýene-de bir gezek Dowam etmekdüwmesine basyň

7. Size gelen SMS habaryň içindäki 5 belgili gorag koduny internet sahypada giriziň

8. Dowam etmekdüwmesine basyň

 

 

Internet-Banking ulgamynda işläp başlamazdan ozal, aşakdaky düwmä basyp, gollanmany ýükläp almagy maslahat berýäris: