HalkBank "Ýylyň banky" diýen ada eýe boldy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow:

- Bank ulgamyny ösdürmek we döwrebaplaşdyrmak täze taryhy eýýamda Türkmenistanyň ykdysady strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar.

Türkmenistanyň maliýe ulgamynda möhüm orny eýeleýän “Halkbankynyň” işi halkara derejesinde ykrar edildi.

Golaýda London şäherinden hemmeleri begendiren hoş habar gelip gowuşdy. Beýik Britaniýanyň belli neşirleriniň biri bolan “The Banker” žurnaly geçirilen ýörite seljerişleriň netijesinde “Halkbank” döwlet täjirçilik bankyny “Türkmenistanda ýylyň iň gowy banky” diýip yglan etdi.

Şu ýylyň 12-nji oktýabrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda “Halkbank” döwlet täjirçilik bankynynyň 12 gatly, iň häzirki zaman elektron-dolandyryş ulgamlary bilen üpjün edilen kaşaň binasynyň açylyş dabarasy boldy.

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 20 ýyllyk şanly toýy bilen birlikde,döredilmeginiň 10 ýyllyk baýramçylygyny dabaraly belläp geçen “Halkbankyň” işgärleriniň, hünärmenleriniň ýadynda ýakymly ýatlama bolup galan açylyş dabarasynda hormartly Prezidentimiziň bank ulgamynyň işgärlerine ýüzlenip aýdan sargytlary we öňde goýan wezipeleri biziň işimiziň baş ýörelgesine öwrüldi.

Milli Liderimiz ýurtda amala aşyrylýan maliýe-ykdysady özgertmeleriň we bu ugurdaky döwlet syýasatynyň ajaýyp netijelerini belläp geçmek bilen: “Häzirki wagtda bu maliýe edaralarynyň netijeli işlemegi üçin ýurdumyzda ähli şertler döredildi we banklaryň işi milli ykdysadyýetimizi öz mümkinçiliklerine laýyk gelýän täze sepgitlere çykarjak toplumlaýyn maksatnamalary durmuşa geçirmäge ugur almalydyr” diýip nygtady we döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň bank ulgamynyň milli pulumyzyň hümmetini berkitmäge, pul dolanyşygyny kämilleşdirmäge, karz syýasatynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga ähli tagallalaryny gönükdirmelidigi hakynda möhüm wezipeleri öňe sürdi.

Ýurdumyzyň okgunly ykdysady ösüşlerini üpjün etmekde maliýe düzümleriniň uly orny bolup, döwrüň we dünýä ösüşleriniň talaplaryndan gelip çykýan wezipelere amal etmeklige örän jogapkärli çemeleşmek bu günki gün ähli bank ulgamlarynyň, şol sanda “Halkbank” döwlet täjirçilik bankynyň işgärleriniň hem jana-jan borjudyr.

Hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän özgertmeleriniň netijesinde “Halkbank” DTB-niň soňky ýyllarda ýeten sepgitleri, halkymyzyň, jemgyýetimiziň banklara bolan ynamyny pugtalandyrmakda durmuşa geçirýän işleri bellenmäge mynasypdyr. Hormatly Prezidentimiziň berkarar eden täze Galkynyş we beýik özgertmeler eýýamynda özüniň täze ösüş ýoluna düşen “Halkbankyň” maliýe-ykdysady görkezijileri diýseň guwandyryjydyr. Soňky dört ýylyň dowamynda bankyň esaslyk maýasynyň möçberiniň 3,3 esseden gowrak artdyrylmagy, gazanylýan girdejileriň yzygiderli artmagy netijesinde peýdanyň 5,3 esseden gowrak ýokarlanmagy muňa şaýatlyk edýär.

„Halkbankyň“ esasy maksady  “Bankyň esasy gymmatlygy–müşderileridir” diýen şygary öňe sürüp, müşderileriň ynanan serişdeleriniň aýawly saklanylmagyny, olaryň netijeli ulanylmagyny üpjün edip, ýokary hilli bank hyzmatlaryny hödürlemekden we ykdysadyýetiň ösüşine netijeli ýardam bermekden ybaratdyr. Soňky ýyllarda ilatdan pul serişdelerini çekmekde amatly usullaryň ulanylyp başlamagy bilen, bankyň goýum bukjasynyň düzümine  girdejililigi ýokary bolan täze, döwrebap „Beýik Galkynyş“, “Garaşsyzlyk zamany“, „Garaşsyzlygyň miwesi“ „Bagtyýar nesiller“, „Rowaçlyk pursady“ atly goýumlary girizmek we hereket edýän goýumlaryň göterimlerini ýokarlandyrmak arkaly müşderileriň uly ynamy gazanyldy. Bu bolsa, goýuma çekilýän serişdeleriň yzygiderli artmagyna ýardam berýär.

Banka çekilen serişdeleri ykdysadyýetimiziň dürli pudaklaryna, halkymyzyň sarp ediş maksatlaryna, telekeçileriň hem-de hususyýetçileriň täjirçilik we önümçilik maksatlaryna gönükdirmek ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar. Şol nukdaýnazardan bankda öňden hereket edýän karz syýasaty düýpli kämilleşdirilip, müşderilere karzlaryň täze görnüşleri hödürlenilýär.Olaryň hatarynda edara görnüşli tarapy döretmeýän ýekebara telekeçiler we şahsy taraplar üçin „Mikrokarz“, ýöriteleşdirilen tehnikalary satyn almak üçin „Awtokarz“, ýeňil awtoulaglary satyn almak üçin „Awtokarz“, ýokary okuw mekdeplerinde tölegli esasda bilim alýan raýatlaryň okuw töleglerini maliýeleşdirmek üçin „Bilim karzy“, durmuş harajatlaryny satyn almak üçin kiçi göwrümli „Özgeriş depgini“ ekspress karzy, gozgalmaýan emlägiň ikinji bazarynda satylýan ýaşaýyş jaýlarynyň ipoteka karzy ýaly, halkymyza uly bähbitli karzlar bar.

Şeýle hem, eýeçiligiň dürli görnüşindäki taraplaryň karzlaşdyrylmagy bankyň karz bukjasyny diwersifikasiýalaşdyryp, eksporta niýetlenen, importy çalyşýan önümçilikleri döwrebaplaşdyrmaga hem-de kämilleşdirmäge, täze döredilen kärhanalaryň, şeýle hem öňden hereket edýän hojalyk birlikleriniň önümçiliginde zerur bolan çig maly we serişdeleri satyn almaga, ýokary hilli oba hojalyk önümlerini öndürmäge, bazaryň söwda-hyzmat gerimini ösdürmäge ýardam berdi.

“Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli  maksatnamasyna” laýyklykda, türkmen halkynyň agyz suwy bilen üpjünçiligini gowulandyrmaklyga ýardam bermek maksady bilen, suw desgalarynyň we suw geçirijileriniň gurluşygyny alyp barmak  üçin gerek bolan dürli görnüşli ýer gazyjy tehnikalary, enjamlary, ýük daşaýan awtoulaglary we olaryň ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak üçin “Marywelaýatagyzsuw“ önümçilik-ulanyş birleşiginiň 1-nji mehanizmleşdirilen göçme kärhanasyna, Balkan welaýatynyň Balkanabat şäher häkimliginiň bejeriş- gurluşyk dolandyryş edarasyna, Türkmenbaşy şäher häkimliginiň bejeriş-gurluşyk dolandyryş edarasyna, Magtymguly etrap häkimliginiň bejeriş- gurluşyk dolandyryş edarasyna we beýleki köp sanly edara-kärhanalara zerur möçberlerde, ýeňillikli şertlerde karz serişdeleriniň berlendigini belläp geçmeklik hem ýerliklidir.

“Ýylyň banky” diýen belent ada mynasyp bolan “Halkbanky” ýurdumyzyň dokma, azyk, söwda hem-de gurluşyk pudaklaryny ösdürmeklige, halyçylyk  sungatyny goldamaklyga işjeň gatnaşýar we  bu ulgamlara gönükdirilen karz serişdeleri eksporta niýetlenen önümleri öndürmekde, kärhanalaryň çig mala bolan isleglerini kanagatlandyrmakda ýardam berdi.

Iri telekeçileriň we hususyýetçileriň işewürlik taslamalaryna gönükdirilen serişdeler bankyň karz işjeňliginiň möhüm ugry bolup, olar bankyň karz bukjasynda hususy pudagyň paýynyň ýokarlanmagyna öz täsirini ýetirýär. Bank telekeçilige ýakyndan ýardam bermek bilen, olara daşary ýurt walýutasynda hem karz serişdelerini berip başlady.

Ýurdumyzda nagt däl hasaplaşyklary ösdürmek, milli ykdysadyýetimizde bank ulgamynyň paýyny artdyrmak maksady bilen, „Altyn Asyr“ milli töleg kart ulgamy döredildi. Kämil enjamlar bilen enjamlaşdyrylan „Altyn Asyr“ kartly töleg ulgamynyň amallar merkezi hormatly Prezidentimiziň uly ynam bildirmegi bilen, 2010-njy ýylyň awgustyndaky Kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň Merkezi bankyndan „Halkbank“ DTB-ä geçirildi. Bankyň düzüminde bolup geçen şeýle özgertmeler „Halkbanka“  tehnologik we iş hereketi taýdan käbir artykmaçlyklary berdi.

Milli ykdysadyýetimiziň ýokary depginler bilen ösýän mahalynda, “Halkbank” döwür bilen aýakdaş gitmek üçin, bank hyzmatlarynyň täze, 96-dan gowrak görnüşini ornaşdyryp, özüniň müşderilerine 163 töweregi ýokary hilli bank hyzmatlaryny hödürleýär.

Manatda  hem-de  daşary ýurt walýutasynda gündelik, hasaplaşyk we goýum hasaplaryny açmak, alyp barmak, olar bilen baglanyşykly kassa, alyş-çalyş amallaryny geçirmek, kommunal töleglerini ýerine ýetirmek, nagt pul geçirmelerini gysga wagtyň dowamynda amala aşyrmak, halkara töleglerini geçirmek, inkasso, akkreditiw,  karz,  kepil  hatlaryny  bermek,  ýol çekleri, bank kartlary we adaty bolmadyk bank hyzmatlaryny  ýerine  ýetirmek,  bank we hukuk häsiýetli maslahatlary bermek bankymyzyň hyzmatlarynyň esasy görnüşleridir.

Ýurdumyzyň sebitleriniň öndüriji güýçleriniň derejesini we kuwwatlyklaryny göz öňünde tutup, ýerlerde iş bilen üpjün edilişini we halka edilýän hyzmatlaryň gerimini ýokarlandyrmaklyga ýardam bermek maksady bilen, bankyň şahamçalaryny ösdürmek boýunça bank maksatnamasy işlenip düzüldi.

Bu maksatnamanyň durmuşa geçirilmegi netijesinde ýurdumyzyň Ahal, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda, şeýle hem paýtagtymyz Aşgabat şäherinde bank tarapyndan jemi 10 sany täze şahamça açylyp, halkymyza ýokary hilli bank hyzmatlary amala aşyrylyp başlandy. Bankyň şahamçalaryny sebitleýin ösdürmekde gazanylan netijeler Türkmenistanyň „Halkbank“ DTB-na şahamçalarynyň sany boýunça ýurdumyzyň bank ulgamynyň arasynda ikinji orna çykmaga şert döretdi.

Nagt daşary ýurt walýutasynda konwersiýa amallaryny amala aşyrmak üçin, bankda 22 sany alyş-çalyş nokatlary döredilip, geljekde olaryň sanyny has-da artdyrmak, ýagny bankyň ähli şahamçalarynda alyş – çalyş nokadyny gurnamak maksat edinilýär.

Hormatly Prezidentimiziň „Döwlet adam üçindir!“ diýen mukaddes ýörelgesine eýerip, soňky dört ýylyň dowamynda bank tarapyndan 400-e golaý goşmaça iş orunlary döredildi. Bu bolsa,  “Halkbankyň”  halkymyz bilen arasynyň has ýakyndygynyň ýene-de bir aýdyň subutnamasydyr.

Beýik Britaniýanyň meşhur “The Banker” žurnaly tarapyndan “Ýylyň Banky” diýlip yglan edilen Türkmenistanyň “Halkbank” DTB-niň esasy maksady köpugurly bank hyzmatlaryny hödürlemekde we ilatyň erkin pul serişdelerini goýuma çekmekde öňdebaryjy orunda bolmakdan, ykdysadyýetiň ileri tutulýan pudaklaryna berilýän karzlary artdyrmakdan, halkara maliýe bazarynda berk durnuklylygy saklamakdan, müşderilere hyzmat etmekligi hil taýdan täze derejelere çykarmakdan, maliýe giňişliginde häzirki zaman, öňdebaryjy we bäsleşige ukyply orny eýelemekden ybaratdyr.

Şu ýyl biziň üçin diýseň şowly, ýatdan çykmajak ýyl boldy.Hormatly Prezidentimiziň pähim-paýhasyndan ugur alýan “Halkbank” döwlet täjirçilik banky mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 20 ýyllygynyň bellenen ýylynda buýsanç-şatlyklara beslendi. Milli manadymyzyň dolanyşyga girizilmeginiň 18 ýyllygyny, “Halkbankyň” döredilmeginiň 10 ýyllygyny, bankyň täze belent binasynyň açylyş dabarasyny, Garaşsyzlygymyzyň şanly 20 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň “Halkbank” döwlet täjirçilik bankynyň işgärleriniň 31-siniň “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygyna” atly ýubileý medaly bilen sylaglanmagyny, şeýle hem Garaşsyzlygymyzyň 20 ýyllygyny şowhun-şatlyk bilen dabaralandyran pursatlarymyzyň ruhy galkynyşyny “The Banker” žurnalynyň “Halkbankymyzy” “Türkmenistanda ýylyň iň gowy banky” diýip yglan etmegi has-da joşdurdy. Munuň özi ösüşden, ýagşy niýetli, haýyrly işlerimiziň rowaçlygyndan, mähriban Prezidentimiziň şan-şöhratly döwründen nyşan.Bu şatlykly wakalar biziň buýsançly başymyzy arşa göterdi.

Gahryman Arkadagymyzyň halkymyz baradaky edýän bimöçber aladalary her ädimde duýulyp, göwünleri galkyndyrýar we  täze belent sepgitlere ýetmeklige uly itergi berýär. Şeýle özgerişlere öz goşandymyzy goşmak üçin mundan beýläk-de yhlasly işlejekdigimize ynandyrýarys. Hormatly Prezidentimiziň jany sag, ili abat, belent başy aman bolsun, Beýik Biribar milli Liderimizi hemişe öz penasynda aman saklasyn!