Halk Bank halkyň hyzmatynda

Halk Bank halkyn hyzmatynda

Türkmenistanyň „Halkbank“ DTB-y milli ykdysadyýetimiziň ýokary depginler bilen ösýän mahalynda, bank ulgamy döwrüň talaplary bilen aýakdaş barmak üçin, bank önümleriniň hilini ýokarlandyrmagy we onuň köp ugurly bolmagyny talap edýär. Galkynyşlar zamanasynda Türkmenistanyň „Halkbank“ DTB-ynda bank hyzmatlarynyň täze 88 görnüşi ornaşdyrylyp, özüniň müşderilerine 160-dan gowrak ýokary hilli bank hyzmatlaryny hödürleýär. Manatda hem-de daşary ýurt walýutasynda gündelik, hasaplaşyk we goýum hasaplaryny açmak, alyp barmak, olar bilen baglanyşykly amallary geçirmeklik, kassa, alyş-çalyş, kommunal amallaryny ýerine ýetirmek, nagt pul geçirmelerini gysga wagtyň dowamynda amala aşyrmak, Türkmenistanyň çäklerinde we onuň daşyndaky halkara töleglerini geçirmek, inkasso, akkreditiw, karz, kepil hatlaryny bermek, ýol çekleri, bank kartlary we adaty bolmadyk bank hyzmatlaryny ýerine ýetirmek, bank we hukuk häsiýetli maslahatlary bermek bankymyzyň esasy hyzmatlarynyň görnüşleridir.

Bankyň esasy hyzmatlarynyň biri, ol hem raýatlaryň dürli görnüşli töleglerini kabul edip, ony degişli guramalara geçirmekden ybaratdyr. Şeýle tölegleri kabul etmeklikde ýurdumyzdaky täjirçilik banklarynyň arasynda ilkinji orny Türkmenistanyň „Halkbank“ DTB-y eýeleýär.

Bulardan başga-da meşhur “Görogly begiň tanymal ýelden ýyndam, ýyldyrym çaltlygynda uçýan, ganatly ak bedew atyny ýada salýan “Gyrat” nagt pul geçirmeleri hereket edýär. “Gyrat” pul geçirmeleriniň üsti bilen, ýurdumyzyň dürli künjegine nagt pul serişdelerini çäklendirilmedik möçberlerde tiz (şol günüň dowamynda) we ygtybarly geçirmeklik ýola goýulandyr.

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, ýurdumyzyň banklaryna dünýäniň iri banklary bilen gatnaşyklary ýola goýmaklyga doly mümkinçilikler döredildi. Şol döredilen mümkinçiliklerden ugur alyp, Türkmenistanyň „Halkbank“ DTB-y hem dünýäniň ösen banklarynyň biri „Kommersbank AG“ bilen hyzmatdaşlygy ýola goýdy. Ondan başga-da SWIFT ulgamy işläp başlady.

Täze Galkynyş we beýik özgertmeler eýýamynda bank ulgamynyň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmak, ýurdumyzyň ykdysadyýetinde onuň ornuny artdyrmak, nagt däl hasaplaşyklaryň gerimini giňeltmek bilen bagly kartly töleg ulgamynyň işiniň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň „Altyn asyr“ kartly töleg ulgamynyň amallar merkezini Türkmenistanyň „Halkbank“ DTB-nyň hasabyna geçirmek hakynda 2010-njy ýylyň 21-nji awgustyndaky 11216 belgili kararyna laýyklykda Türkmenistanyň Merkezi bankyna degişli bolan, „Altyn asyr“ kartly töleg ulgamynyň amallar merkezini onuň ähli emläkleri bilen bilelikde bellenen tertipde TDTB „Halkbanka“ geçirildi.

Ýurdumyzda nagt däl hasaplaşyklaryň gerimini giňeltmek, olary kämilleşdirmek maksady bilen, bankomatlaryň setleri we töleg terminallary ornaşdyryldy. Bu ugurda bankda hyzmat edilýän söwda nokatlarynyň aglaba böleginde bank kartlarynyň üsti bilen hasaplaşyk geçirmeklik mümkinçilikleri, şeýle hem bank kartlaryň eýelerine ýurdumyzyň dürli künjegindäki bankomatlaryň üsti bilen günüň islendik wagtynda (gije-gündiziň dowamynda) nagt pul serişdelerini almak mümkinçiligi döredilendir.

Hormatly Prezidentimiziň 2007-nji ýylyň 27-nji dekabryndaky „Türkmenistanda daşary ýurt pulunda geçirilýän amallary kämilleşdirmegiň meseleleri hakynda“ 9328.belgili Kararyna laýyklykda TDTB „Halkbankda“ daşary   ýurt   walýutasynyň   alyş – çalyş  nokadynyň  22-si  hereket  edip,  olarda müşderileriň daşary ýurt walýutalaryna bolan islegleri doly kanagatlandyrylýar. 

Raýatlaryň pensiýa toplamalaryny maýa goýumlaryna gönükdirmeklik-de hem „Halkbank“ öňdäki orny eýelemek bilen, soňky 10 ýylyň dowamynda raýatlaryň pensiýa toplamalaryny maýa goýumyna gönükdirmeklikde ygtyýarly bank bolup çykyş etdi. Ygtyýarly bank bolmak bilen, pensiýa toplamalary ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň möhüm ugurlaryna, gönükdirildi.

Şeýle hem Hormatly Prezidentimiziň 2008-nji ýylyň 8-nji fewralynda çykaran  9480 belgili karary bilen tassyklanylan “Hususy awtoulag serişdeleriniň eýelerine awtomobil benzinini we dizel ýangyjyny muzdsyz goýbermegiň” tertibi esasynda, Aşgabat şäheri boýunça hususy awtoulag serişdeleriniň eýelerine awtomobil benzini we dizel ýangyjyny guýmaga hukuk berýän muzdsyz talonlaryny goýbermeklik üçin ýörite Azatlyk şahamçasynda ýeke-täk merkez döredilip, gije-gündiziň dowamynda bir    wagtyň    özünde    45 müşderä    hyzmat etmeklik şertleriniň döredilmegi awtoulag   eýeleriniň   gymmatly   wagtlaryny tygşytlamaga, nobatlary aradan aýyrmaklyga mümkinçilik berdi.

Bank hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak üçin bank tarapyndan şu aşakdaky çäreleri durmuşa geçirmeklik ugrunda gaýragoýulmasyz işler alnyp barylýar:

  • Hasaplaşyk ulgamyny çaltlandyrmak maksady bilen, bankda töleg amallaryny geçirmekde daşary ýurt tejribesinden peýdalanmak;
  • Dünýä ülňülerine laýyk gelýän programma üpjünçiligini ornaşdyrmak;
  • Ýerine ýetirilýän hyzmatyň harajatyny we wagtyny tygşytlamak;
  • Maslahat hyzmatlarynyň ornuny artdyrmak arkaly bankara bäsdeşligini ýokarladyrmak; 
  • Nagt däl hasaplaşyklaryny artdyrmak maksady bilen plastiki kartlary ýaýratmaklygy ýaýbaňlandyrmak; 
  • Bank hyzmatlarynyň takyk toparlamasyny geçirmek bilen, amala aşyrylýan hyzmatlary mahabatlandyrmak işlerini kämilleşdirmeklik;
  • Özara hasaplaşygyň ulgamyny kämilleşdirmek;
  • Gündelik monitoring we audit barlaglaryny gurnamak arkaly, bankyň maliýe berkligini we müşderileriň bähbitlerini goramagy üpjün etmek, bank balansynyň aktiwlerine we passiwlerine gözegçilik ulgamyny güýçlendirmek;
  • Maliýe hasabaty halkara ülňülere gabat getirmek we ş.m.

Türkmenistanyň „Halkbank“ DTB-y beýleki banklar bilen bir hatarda bikanun ýollar bilen gazanylan pullaryň kanunlaşdyrylmagyna we terrorizmi maliýeleşdirmegine garşy  durmaklygy, bank – maliýe ulgamynyň howpsuzlygyny ýokarlandyrmaklyga ýardam edýär. Şu kanunyň kabul edilmegi bank ulgamynyň dünýä bileleşiginiň asylly başlangyçlarynyň ençemesine gatnaşyjy bolup çykyş edip, häzirki döwrüň howply wehimlerine garşy göreş alyp barmakda ähliumumy tagallalary jebisleşdirmäge öz mynasyp goşandyny goşýandygynyň nobatdaky subutnamasy boldy. Türkmenistan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde bu ýowuz ýaga garşy göreş alyp barmagy kesgitläp, örän aýgytly pozisiýany eýeleýär.