Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň edermen oba zähmetkeşlerine, hasyl ussatlaryna we ähli halkyna

11.11.2018

Eziz watandaşlar!

Edermen babadaýhanlar!

Sizi ösüşleriň täze belentliklerine tarap bedew bady bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda her ýylyň noýabr aýynda giňden bellenýän Hasyl toýy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Eziz Diýarymyzda Hasyl toýunyň uly baýram hökmünde döwlet derejesinde bellenmegi örän çuňňur many-mazmuna eýedir. Çünki bu baýram halkymyzyň yhlas bilen zähmet çekip gazanan baýlyklaryna, sahawatly türkmen topragyndan öndüren hasylyna bolan begenjiniň aýdyň beýanydyr. Ene topraga bolan yhlasynyň we söýgüsiniň dabaralanmasydyr. Hasyl toýy türkmen daýhanlarynyň çekýän halal zähmetine döwlet derejesinde goýulýan belent sarpadan nyşandyr.

Siziň çekýän tutanýerli zähmetiňiz netijesinde, bereketli türkmen topragyndan oba hojalyk ekinleriniň bol hasyly ösdürilip ýetişdirilýär. Ýurdumyzda azyk howpsuzlygy has-da pugtalandyrylýar. Eziz Diýarymyzyň ähli ugurlar boýunça ýokary ösüşlere beslenýän ajaýyp zamanasynda siziň tutanýerli, halal zähmetiňizden bol hasyl eçilýän bereketli türkmen topragynyň, edermen babadaýhanlarymyzyň zähmet ýeňişleriniň şanyna tutulýan Hasyl toýy halkymyzyň iň buýsançly baýramlarynyň biridir.

Häzirki wagtda ýurdumyzda alnyp barylýan maksatnamalaýyn işleriň netijesinde ata Watanymyzda ak bugdaýyň, gök-bakja önümleriniň, miweleriň we ir-iýmişleriň bol hasyly ösdürilip ýetişdirilýär hem-de halkymyzyň rysgaly, her bir maşgala ojagynyň berekedi bolup saçaklarymyza dolýar.

Pagtaçy babadaýhanlarymyzyň çekýän tutanýerli we öndürijilikli zähmetiniň netijesinde hem ýurdumyzda her ýylda «ak altynyň» bol hasyly ösdürilip ýetişdirilýär we pagta hasylyny öndürmekde gowy netijeler gazanylýar.

Merdana oba zähmetkeşleri!

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň birinji mejlisinde oba hojalyk pudagynda geçirilýän özgertmeleri has-da kämilleşdirmek boýunça kabul edilen çözgütleri durmuşa geçirmek maksady bilen, ýurdumyzyň oba hojalyk önümlerini öndürijileri üçin ýer böleklerini uzak möhletleýin peýdalanmaga bermek boýunça oba hojalyk maksatly ýörite ýer gaznalaryny döretdik. Oba hojalygynda geçirilýän bu özgertmeler ýurdumyzyň ýer we suw serişdelerini netijeli peýdalanmaga, oba hojalygyna hususy önüm öndürijileri giňden çekmäge, şonuň bilen birlikde, türkmen topragyndan öndürilýän oba hojalyk önümleriniň möçberlerini artdyrmaga, içerki we daşarky bazarlara niýetlenen dürli görnüşli önümleri öndürmäge hem-de ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmäge giň mümkinçilikleri berer.

Biz babadaýhanlarymyzyň ýokary öndürijilikli zähmet çekmekleri, toprakdan bol hasyl öndürip, halal zähmeti bilen baýamaklary üçin ähli şertleri döredýäris. Oba hojalyk ekinlerini agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ösdürip ýetişdirmekde, ýetişdirilen hasyly çalt we ýitgisiz ýygnap almakda daýhanyň daýanjy bolan ýokary öndürijilikli döwrebap oba hojalyk tehnikalarynyň we gurallarynyň yzygiderli satyn alynmagy, topragyň berekedini artdyrýan mineral dökünler, ýokary hilli tohumlar we ekinleriň zyýankeşlerine garşy ulanylýan himiki serişdeler bilen daýhanlaryň ýeňillikli bahalardan üpjün edilmegi hem-de önüm öndürijiler bilen tabşyrylýan hasyl üçin hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmegi bu aýdylanlara aýdyň şaýatlyk edýär.

Oba zähmetkeşleri özleri barada döwletimiz tarapyndan yzygiderli edilýän aladany duýup, joşgunly we ýokary ruhubelentlikli zähmet çekýärler. Mukaddes türkmen topragyndan ekinleriň bol hasylyny öndürmek arkaly ýurdumyzyň oba hojalygyny ösdürmäge öz mynasyp goşantlaryny goşýarlar.

Oba hojalyk önümlerini öndürijiler üçin ykdysady taýdan ýeňillikleriň döredilmegi we olaryň çekýän zähmetine mynasyp baha berilmegi ýurdumyzda daýhan zähmetine belent sarpa goýulýandygynyň aýdyň nyşanydyr. Bereketli türkmen topragyndan ýokary hasyl almagy başarýan edermen babadaýhanlarymyza geljekde hem halal zähmeti bilen baýamak, çekýän zähmetiniň hözirini görüp, bagtyýar durmuşda ýaşamak üçin ýurdumyzda ähli mümkinçilikler dörediler.

Edermen hasyl ussatlary!

Eziz watandaşlar!

Sizi bereketli türkmen topragynyň sahawatynyň şanyna tutulýan Hasyl toýy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň her biriňize berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, ata-babalarymyzyň bize miras goýan daýhançylyk däplerini dowam etdirip, eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan tutanýerli işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe sahawatly türkmen topragynyň berekedi hiç-haçan egsilmesin!

Türkmenistanyň Prezidenti 

Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW

 

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi