Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisinde harby we hukuk goraýjy edaralaryň 11 aýda alyp baran işleriniň netijeleri jemlenildi

05.12.2017

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow 5-nji dekabrda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisini geçirdi. Mejlisde şu ýylyň 11 aýynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň işleriniň netijeleri jemlenildi hem-de ýakyn geljek üçin wezipeler kesgitlenildi.

... Ir bilen milli Liderimiziň dikuçary harby bölümleriň birinden uzakda bolmadyk ýerdäki meýdançada gondy. Harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyny mähirli garşyladylar.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, Türkmenistanyň goranmak ministri Ý.Berdiýew hormatly Prezidentimize hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty kabul edip, bu ýerde görkezilen iň täze ýörite tehnikalar bilen tanyşdy. Bu tehnikalar harby birikmäniň ygtyýaryna gelip gowuşdy.

Oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan syýasaty yzygiderli durmuşa geçirýän, ýurdumyz diňe goranyş häsiýetli Harby doktrinasyna hemişe ygrarlydygyny görkezýär. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça amala aşyrylýan özgertmeleriň çäklerinde ýurdumyzyň goranyş ukyplylygy pugtalanýar, Milli Goşunymyzy häzirki zaman harby tehnikalar bilen enjamlaşdyrmak, harby gullukçylaryň nazary we söwesjeň taýýarlyk derejesini ýokarlandyrmak boýunça toplumlaýyn çäreler görülýär.

Ýöriteleşdirilen ýokary harby okuw mekdebiniň binýadynda maksadaokgunly, işine berlen hem-de öz wezipesine oňat düşünýän ýokary hünärli serkerdeleriň ýaş nesli taýýarlanylýar. Olar ýörite başarnyklary özleşdirip, döwrebap tehnikalara, enjamlara ussatlarça erk etmek bilen, parahat asmanymyzyň, halkymyzyň döredijilikli zähmetiniň, Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň döwlet serhediniň ygtybarly goragyny üpjün edýärler. Dünýä ölçeglerine kybap gelýän serhet galalary, şahsy düzüm üçin ýaşaýyş jaýlar guruldy we gurulýar.

Ýaragly Güýçlerimiziň Belent Serkerdebaşysy bu ýerde görkezilen harby tehnikalaryň artykmaçlyklary bilen gyzyklanyp, şahsy düzümiň döwrebap tehniki serişdeleri dolandyrmagyň başarnyklaryny neneňsi ele alandyklaryny sorady.

Türgenleşik meýdançasynda ýörite maksatly topar söweşjeň başarnyklaryny, bronly tank bölümleriniň söweşjeň maşynlary bolan tanklar, bronly tehnikalar, söweşjeň guryýer tehnikalary bolsa, marşly sürülişini görkezdiler.

Milli Liderimiz harby we hukuk goraýjy edaralaryň öňünde durýan ileri tutulýan wezipelere ünsi çekip, harby gullukçylaryň syýasy-ynsanperwer, beden, taktiki hem-de höwesjeň taýýarlyk derejesiniň ýokarlandyrylmagynyň Watanymyzyň araçäkleriniň bozulmazlygyny we eldegrilmesizligini üpjün etmek işinde döwrüň esasy talaplarynyň biri bolup durýandygyny belledi. Her bir serkerdäniň wezipesi watançy esgerleri terbiýeläp, olara döwletimiziň parahatçylyk söýüjilige, dostluga hem-de oňyn döwletara hyzmatdaşlygyna esaslanan içeri we daşary syýasatynyň maksatlaryny düşündirmekden ybaratdygyny hem-de goşunyň ähli bölümlerinde şeýle çäreleriň netijeli geçirilmeginiň zerurdygyny aýtdy.

Soňra harby birikmäniň maslahatlar zalynda ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisini geçirdi.

Milli Liderimiz mejlisiň gün tertibini yglan edip, ilki bilen Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri Ý.Berdiýewe söz berdi. Ol ýolbaşçylyk edýän bölümlerinde hasabat döwründe alnyp barlan işleriň netijeleri hem-de Türkmenistanyň Baştutany tarapyndan harby özgertmeleri öňe ilerletmek boýunça ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi, maddy-enjamlaýyn binýadyň pugtalandyrylyşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, özbaşdak Türkmenistanyň Milletler Bileleşigi tarapyndan berlen Bitaraplyk derejesine hemişe ygrarly bolandygyny we şeýle bolmagynda galýandygyny nygtady. Şol Bitaraplyk derejesine laýyklykda, parahatçylyk döredijilik we hoşniýetli goňşuçylyk syýasaty işjeň hem-de netijeli amala aşyrylýar. Döwlet Baştutanymyz ähli derejedäki serkerdeleriň ýokary hünär derejesini üpjün etmegiň, olaryň hemmetaraplaýyn başarjaňlygynyň ösdürilmegini höweslendirmegiň döwrüň möhüm talabydygyny belläp, serkerdeleri taýýarlamagyň ulgamyny kämilleşdirmek üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Milli Liderimiz bu ulgamda ýurdumyzyň Ýaragly Güýçlerini täze ýörite tehnikalar bilen enjamlaşdyrmagyň hem-de serkerdeleriň hem-de esgerleriň üstünlikli gulluk etmegi we ýaşaýyş-durmuşy üçin hemme şertderi döretmegiň ýakyn geljek üçin döwlet syýasatynyň esasy ugurlary bolmagynda galýandygyny aýdyp, bu babatda goranmak ministrine birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Soňra içeri işler ministri I.Mulikow şu ýylyň 11 aýynda hukuk tertibini saklamak we hukuk düzgün bozulmalaryň hem-de ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak maksady bilen alnyp barlan anyk işler barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz döwletimiziň IIM-niň maddy binýadyny yzygiderli pugtalandyryp, ony iň döwrebap tehniki serişdeler bilen üpjün edýändigini hem-de işgärleriň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga ýardam berýär diýip nygtady. Döwlet Baştutanymyz parahat durmuşy üpjün etmegiň, ýurdumyzda kanunylygy we hukuk düzgünini berkitmegiň bu edaranyň işiniň esasy ugurlarydygyna ünsi çekip, öňlerindäki duran wezipeleriň ýerine ýetirilmegine garamagyndaky düzümleriň jogapkärçiligini ýokarlandyrmak barada ministre anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Döwlet serhet gullugynyň başlygy B.Gündogdyýew ýolbaşçylyk edýän düzümlerindäki işler hem-de hasabat döwründe Watanymyzyň mukaddes serhetlerini goramak boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Watanymyzyň goragçylarynyň alyp barýan merdana gullugy üçin döwletimiziň olaryň hyzmatyna ýokary baha berýändigini belläp, serhet goşunlaryny tehniki taýdan enjamlaşdyrmak, döwrebap serhet galalaryny, ýaşaýyş jaýlaryny gurmak boýunça alnyp barylýan işleriň geljekde möhüm wezipeleriň hatarynda durýandygyny aýtdy. Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Watanymyzyň gury ýer we deňiz serhetleriniň howpsuzlygyny hem-de serhetçileriň hemmetaraplaýyn taýýarlyk derejesini ýokarlandyrmak üçin berk gözegçiligiň üpjün edilmeginiň zerurdygyny aýdyp, ýurdumyzyň gullugyň başlygyna birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ýokary kazyýetiň başlygy G.Hallyýew hasabat döwründe ýolbaşçylyk edýän düzümlerindäki işleriň netijeleri hem-de ýurdumyzyň kazyýet ulgamyny döwrebaplaşdyrmak maksady bilen görlen çäreler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow durmuşa geçirilýän hukuk özgertmeleriniň ähmiýetinit nygtap, kazyýet edaralarynyň işiniň, şol sanda her bir raýatyň kanuny hukuklaryny we bähbitlerini goramagy üpjün etmek etmek arkaly Türkmenistanyň alyp barýan durmuş ugurly syýasatynyň belent maksatlaryna hem-de wezipelerine doly kybap gelmelidigini belledi. Döwlet Baştutanymyz kazylaryň kabul edýän çözgütlerine jogapkärçilik çekýändiklerine ünsi çekip, Ýokary kazyýetiň ýolbaşçysyna birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Baş prokuror B.Atdaýew ähli ulgamlarda kanunçylygyň berjaý edilmegine zerur gözegçiligi amala aşyrmak maksady bilen, 2017-nji ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynda ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde geçirilen işler barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, prokuratura edaralarynyň kanunçylygyň takyk ulanylmagynyň kepili bolup çykyş edýändigini, kanunlaryň ýerine ýetirilmegine prokuror gözegçiligini amala aşyrmakda olara giň ygtyýarlyklaryň berlendigini belledi. Hormatly Prezidentimiz barlaglaryň barşynda prokuratura işgärleriniň degişli resminamalary netijeli peýdalanmalydygyny hem-de kanunlaryň bozulmagynyň öňüni almaga, raýatlaryň hukuklaryny we bähbitlerini goramaga gönükdirilen anyk çäreleri görmelidigini belläp, bu babatda Baş prokurora birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle hem prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak baradaky degişli resminamalara gol çekdi.

Söňry milli howpsuzlyk ministri D.Baýramow şu ýylyň hasabat döwründe ýolbaşçylyk edýän ministrliginde alnyp barlan işler hem-de ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň netijeli parahatçylyk syýasatyna yzygiderli ygrarly bolmak bilen, ýurdumyzda parahatçylygy we asudalygy, halkymyzyň abadan hem-de döredijilikli durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen Harby doktrinany amala aşyrýandygyny nygtady. MHM-niň işgärleriniň beýleki degişli düzümler bilen ylalaşykly hereket edip, Watan öňündäki mukaddes borçlaryny gyşarnyksyz berjaý etmelidigine, raýatlaryň jebisliginiň ygtybarly goragyny üpjün etmek boýunça wezipeleri üstünlikli çözmelidigine ünsi çekip, ministre degişli tabşyryklary berdi.

Türkmenistanyň Ykdysady jenaýatlara garşy göreşmek baradaky döwlet gullugynyň direktory M.Çakyýew edaranyň döredilen gününden bäri geçirilen işleriň netijeleri hem-de korrupsiýa garşy hereket etmegiň maksatnamasynda kesgitlenilen wezipeleri ýerine ýetirmek üçin görlen toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýaramaz ýagdaýlary döredýän sebäpleri hem-de şertleri aradan aýyrmagyň bu gullugyň baş wezipeleriniň hatarynda durýandygyny nygtap, bu ugurda Türkmenistanyň kanunçylygynyň hem-de umumy kabul edilen halkara resminamalarynyň düzgünlerine pugta laýyklykda iş alyp barmagy tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz ygtybarly işgärleri saýlap almak meselelerine-de ünsi çekdi.

Döwlet gümrük gullugynyň başlygy A.Osmanow şu ýylyň 11 aýynda gümrük edaralarynyň alyp baran işleri, şol sanda gullugyň işini kämilleşdirmek hem-de onuň bölümlerini serhetden geçýän ýükleri has düýpli gözden geçirmäge mümkinçilik berýän döwrebap tehniki serişdeler bilen enjamlaşdyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, Türkmenistanyň soňky ýyllarda tutuş Ýewraziýa yklymynyň ulag-üstaşyr geçelgeleriniň möhüm çatrygynda tutýan orny babatda ykrar edilmegi bilen baglylykda, gullugyň işgärleriniň üstüne ýüklenen uly jogapkärçiligi belledi. Döwlet Baştutanymyz işgärleri saýlap almak boýunça düýpli işleri alyp barmagyň, şol işgärleriň hünär taýdan bilimli, ileri tutulýan wezipeleri ýerine ýetirmekde asylly hem-de başarnykly bolmalydygynyň zerurdygyny aýtdy.

Adalat ministri B.Muhammedow hasabat döwürnde ýolbaşçylyk edýän edarasynyň alyp baran işleri hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça hukuk taýdan esaslandyrylan teklipleri taýýarlamagyň hukuk edaralarynyň wezipeleriniň biridigini nygtady. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hereket edýän kadalary hem-de dünýäniň iň oňat kanun çykaryjy tejribesini nazara alyp, täze hukuknamalary işläp taýýarlamagyň we kabul etmegiň wajypdygyna ünsi çekip, bu meselä örän jogapkärli çemeleşmegi tabşyrdy. 

Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy M.Gurdow ýolbaşçylyk edýän düzüminiň has netijeli işini üpjün etmek boýunça şu ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynda görlen çäreler barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz daşary ýurtlar bilen dostlukly gatnaşyklaryň ösdürilmegine Migrasiýa gullugynyň işgärleriniň goşýan goşandyny belläp, bu ulgamda öňdebaryjy dünýä tejribesini hem-de umumy kabul edilen halkara işlerini işjeň ornaşdyrmagyň wajypdygyny nygtady. Türkmenistanyň Baştutany gullugyň ýolbaşçysyna bu ugurdaky işleri güýçlendirmäge gönükdirilen birnäçe görkezmeleri berip, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak, ynanylan ýerlerdäki işleriň ýagdaýyna jogapkärçilikli çemeleşmek ýaly möhüm meselelere mundan beýläk-de uly üns bermegi tabşyrdy.

Mejlisiň barşynda döwlet Baştutanymyz Baş prokuror B.Atdaýewe hem-de Ýokary kazyýetiň başlygy G.Hallyýewe Goranmak ministrliginiň ýanyndaky ýokary serkerdeler düzümi üçin akademiki fakulteti hünär ugry boýunça üstünlikli tamamlandyklary baradaky degişli diplomy we döşe dakylýan nyşany gowşurdy.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisiň netijelerini jemläp, döwletimiziň hem-de halkymyzyň bähbitleriniň goragynda durmaga gönükdirilen ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ählisiniň ysnyşykly, utgaşykly işlemeginiň wajypdygyna ýene-de bir gezek ünsi çekdi. Şonuň bilen birlikde, bu düzümler ýurdumyzyň abadançylygyny hem-de gülläp ösmegini, raýatlarymyzyň parahatçylygyny we asudalygyny üpjün edýär. Döwlet Baştutanymyz harby we hukuk goraýjy edaralaryň öňünde goýlan wezipeleriň her bir ýolbaşçydan has-da yhlasly işlemegi, yzygiderli kämilleşmegi, tabşyrylan işe jogapkärçilikli çemeleşmegi talap edýändigini nygtady.

Hormatly Prezidentimiz diňe goranyş häsiýetli Harby doktrinanyň dünýädäki harby-syýasy ýagdaýlar nazara alnyp işlenip düzülendigini hem-de milli ösüşiň esasy ýörelgelerine doly kybap gelip, harby ulgamda ýeke-täk döwlet syýasatynyň kemala getirilmegine gönükdirilendigini nygtady. Milli Liderimiz döwletimiz harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmak hem-de döwrebaplaşdyrmak, harby gullukçylaryň gullugy hem-de durmuşy üçin has amatly şertleri döretmek boýunça mundan beýläk-de çäreleri görjekdigini aýtdy.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde başga-da, birnäçe meselelere garalyp, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi