Bankyň maksady we gymmatlyklary

Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti tarapyndan yglan edilen Täze galkynyş we beýik özgertmeler we durmuş – ykdysady özgerişler zamanasynda, Türkmenistanyň „Halkbank“ DTB-nyň jemgyýetçilik maksatlary köpugurly häsiýete eýe bolýar.  

Müşderileriň isleglerini we maksatlaryny kanagatlandyrmak çekýän zähmetimiziň baş we esasy  wezipesi bolmak bilen, onuň çäklerinde aşakdaky toplumlaýyn işewürlik – nusgalary hödürleýäris:

  • Döwletiň süýşürintgiler işi syýasatyny durmuşa geçirmek we pul serişdeleri ykdysadyýete ornaşdyrmak;
  • Türkmenistanyň durmuş – ykdysady ösüşlerine we halkara bank düzümine oňaýly goşulyşmagyna ýardam bermek;
  • Türkmenistanyň raýatlaryna we daşary ýurt raýatlaryna amatly şertli hyzmatlary hödürlemek;
  • Goýumçylaryň we müşderileriň bähbitlerini goramak;
  • Türkmenistanda üstünligini işgärleriniň hünär ussatlygy esasynda gazanan, uly banky döretmek.

Banky ösdürmegiň baş ýörelgeleri  aşakdaky maksatlary we wezipeleri öz içine alýar:

  • Şahsy  we korporatiw müşderileri artdyrmak;
  • Şahsy we korporatiw müşderilere toplumlaýyn bank önümlerini we hyzmatlaryny hödürlemek;
  • Ýokary hilli maliýe hyzmatlaryny hödürlemek;
  • Ýerine ýetirilýän hyzmatlary tiz amala aşyrmak;
  • Bank amallarynyň we hyzmatlarynyň tilsimatlaryny ösdürmek we kämilleşdirmek.