Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň Prezidenti milli Liderimizi V Aziýa oýunlaryna goldaw berýändigi üçin hoşallyk bildirdi

06.09.2017

Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň Prezidenti Şeýh Ahmad Al-Fahad Al-Sabah hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Gurban baýramy mynasybetli gutlag hatyny iberdi.

Şu nurana baýramçylykda Size hem-de Siziň ajaýyp ýurduňyza mundan beýläk-de gülläp ösüş we abadançylyk arzuw edýärin, - diýip, hatda aýdylýar. – Şu mümkinçilikden peýdalanyp, ýakyn wagtda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny üstünlikli geçirmek üçin Siziň berýän goldawlaryňyza hoşallyk bildirýärin.

Bu oýunlaryň Türkmenistanyň taryhy üstünliklerini hem-de ösüşini artdyrjakdygyna ynanýaryn – diýip, hatda bellenýär.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi