9-njy bap. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň karz edaralary we beýleki müşderiler bilen özara gatnaşyklary

44-nji madda. Türkmenistanyň Merkezi bankynda açylýan korrespondent we beýleki hasaplar
1. Türkmenistanyň Merkezi banky öz balansynda karz edaralarynyň, maliýe edaralarynyň we beýleki müşderileriň korrespondent we gaýry hasaplaryny saklamaga we Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan bellenen kadalara laýyklykda olardan depozitleri almaga ygtyýarlydyr.
2. Türkmenistanyň karz edaralary Türkmenistanyň Merkezi bankynda korrespondent hasaplaryny açmaga borçludyrlar.

45-nji madda. Nagt däl hasaplaşyklary guramak
1. Türkmenistanyň Merkezi banky nagt däl hasaplaşyklary amala aşyrmagyň görnüşlerini, düzgünlerini we möhletlerini, şeýle hem standartlaryny belleýär.
2. Türkmenistanyň Merkezi banky bankara nagt däl hasaplaşyklaryny öz korrespondent banklarynyň üsti bilen amala aşyrýar.