9-njy bap. Karz edaralarynyň işine gözegçilik barlagy we audit

30-njy madda. Karz edarasynyň işiniň bank düzgünleşdirmesi we bank gözegçilik barlagy
1. Karz edarasynyň işiniň bank düzgünleşdirmesi we bank gözegçilik barlagy Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.
2. Türkmenistanyň Merkezi banky karz edarasynyň Gözegçilik geňeşine ýa-da Müdirýetine bank gözegçilik barlagy tertibinde geçirilen barlagyň netijeleri hakynda habar berýär.
3. Türkmenistanyň Merkezi banky karz edarasynyň işinde düzgün bozulmalar ýüze çykarylan halatlarynda oňa Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen temmileri ulanmaga haklydyr.

31-nji madda. Karz edarasynyň auditor komiteti
1. Karz edarasynyň esaslandyryjylarynyň (gatnaşyjylarynyň) umumy ýygnagy karz edarasynyň maliýe hasabatlylygyna gözegçilik etmek we içki gözegçiliginiň guralyşyna gözegçilik barlagyny etmek maksady bilen auditor komitetini döretmäge hukugy bardyr.
2. Auditor komitetiniň düzümi, onuň wezipeleri we ygtyýarlylyklary şol karz edarasynyň esaslandyryjylarynyň (gatnaşyjylarynyň) umumy ýygnagy tarapyndan kesgitlenilýär. 
3. Karz edarasynyň Gözegçilik geňeşiniň Başlygy, karz edarasynyň Başlygy we karz edarasynyň Müdirýetiniň agzalary auditor komitetiniň agzalary bolup bilmezler.
4. Auditor komiteti her ýyl Gözegçilik geňeşine we esaslandyryjylaryň (gatnaşyjylaryň) umumy ýygnagyna öz işi hakynda hasabat berýär.

32-nji madda. Içki gözegçiligiň guralyşy
Karz edarasy Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan bellenilen talaplara laýyklykda töwekgelçiliklere içki gözegçiligi guramaga borçludyr.

33-nji madda. Karz edarasynyň auditi we işiniň barlagy
1. Karz edarasynyň ýyllyk maliýe hasabatlylygynyň daşky auditor barlagy karz edarasy tarapyndan kesgitlenilýän garaşsyz auditor guramasy tarapyndan Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.
2. Karz edarasynyň şol bir auditor guramasyny yzygider bäş ýyldan köp möhlete auditor bellemäge hukugy ýokdur.
3. Degişli döwlet gözegçiligini we gözegçilik barlagyny üpjün etmäge ygtyýarly edilen döwlet edaralary Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde we Türkmenistanyň Merkezi bankyna habar bermek bilen karz edarasynyň barlaglaryny amala aşyrýarlar.
4. Döwlet edaralary özleri tarapyndan şeýle gözegçilik we gözegçilik barlagy amala aşyrylan mahalynda alan maglumatlarynyň ýaşyrynlygyny üpjün etmäge borçludyrlar.

34-nji madda. Bank syry 
1. Bank syry – karz edaralarynyň müşderileriniň we korrespondentleriniň bank hasaplary, amallary we goýumlary hakynda ýaýylmazlyga degişli maglumatlar.
2. Bank syryna şular hakyndaky maglumatlar degişlidir:
1) karz edarasynyň müşderileri we korrespondentleri, olaryň bank hasaplary we olar boýunça amallary;
2) goýumlar, çekilen we ýerleşdirilen pul serişdeleri;
3) fiziki şahslaryň hasap açmazdan, karz edaralarynyň üstünden amala aşyrýan pul geçirimleri;
4) müşderiniň pul serişdeleri we karz edarasynyň saklamagynda duran başga gymmatlyklary.
3. Bank syryna degişli maglumatlar şu aşakdakylara berilýär:
1) karz edarasynyň müşderisine, onuň kanuny wekiline, müşderiniň-ýuridik şahsyň ýokarda duran edarasyna –şol sanda müşderi bilen karz edarasynyň özara gatnaşyklary bes edilenden soň hem, onuň bank hasaby we saklamakda duran gymmatlyklary babatda;
2) karz edarasynyň korrespondentine, onuň kanuny wekiline, korrespondentiň ýokarda duran edarasyna – şol sanda karz edaralarynyň arasyndaky  korrespondent gatnaşyklary bes edilenden soň hem, onuň bank hasaby we saklamakda duran gymmatlyklary babatda;
3) Türkmenistanyň Merkezi bankyna;
4) öz ygtyýarlylyklaryna laýyklykda gözegçilik we gözegçilik barlag wezipelerini amala aşyrýan döwlet edaralaryna;
5) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek baradaky ygtyýarly döwlet edarasyna;
6) kazyýetlere, olaryň önümçiliginde duran işler babatynda;
7) derňew edaralaryna, olaryň önümçiliginde duran karz edarasynyň müşderileri babatynda jenaýat işleri boýunça;
8) döwlet salgyt gullugynyň edaralaryna salgyt salmak meseleleri boýunça;
9) auditor guramalaryna;
10) döwlet kepillendiriş edaralaryna, diplomatik wekilhanalara ýa-da konsullyk edaralaryna – mirasdüşerlik we hukuk oruntutarlyk işleri boýunça.
4. Gözegçilik we gözegçilik barlag wezipelerini amala aşyrýan we öz ygtyýarlyklaryna laýyklykda bank syryna degişli maglumatlary almaga hukugy we ondan peýdalanmaga mümkinçiligi bolan döwlet edaralary onuň üçünji taraplara ýaýylmagyndan goralmagyny üpjün edýärler.
5. Karz edarasynyň işgärleriniň gulluk borçlaryny ýerine ýetirmegi bilen baglanyşykly özlerine belli bolan bank syryny we başga gulluk maglumatlaryny Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan halatlardan gaýry ýagdaýlarda ýaýmaga, şeýle hem olary şahsy bähbitleri üçin ulanmaga haky ýokdur.
6. Bank syryny we başga gulluk maglumatlaryny ýaýmakda günäkär şahslar Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda jogapkärçilik çekýärler.