8-nji bap. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň döwlet bilen özara gatnaşyklary

41-nji madda. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralary, ýerli häkimiýet edaralary bilen özara gatnaşyklary
1. Türkmenistanyň Merkezi banky öz üstüne ýüklenen wezipeleri durmuşa geçirmek bilen döwletiň ykdysady syýasatynyň işlenip taýýarlanylmagyna gatnaşýar.
2. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Başlygy Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlislerine gatnaşmaga, Türkmenistanyň ykdysady, pul-karz, maliýe we bank syýasatynyň meselelerine dahylly kanunçylyk namalarynyň taslamalaryna garalanda Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahatlaryna gatnaşmaga haklydyr.
3. Türkmenistanyň Merkezi banky Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda Türkmenistanyň Maliýe ministrligi tarapyndan wekilçilik edilýän Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine karzlary bermäge haklydyr.
4. Türkmenistanyň Merkezi banky döwletiň borçnamalary boýunça jogap bermeýär, döwlet Türkmenistanyň Merkezi bankynyň borçnamalary boýunça jogap bermeýär, Türkmenistanyň Merkezi bankynyň ýa-da döwletiň şeýle jogapkärçiligi öz üstüne alan halatlary muňa degişli däldir.
5. Türkmenistanyň Merkezi banky Türkmenistanyň kanunçylygy bilen özüne berkidilen wezipeleri durmuşa geçirende döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralaryndan, ýerli häkimiýet edaralaryndan garaşsyzdyr.

42-nji madda. Türkmenistanyň Merkezi banky Türkmenistanyň bankiri, geňeşçisi we fiskal agenti hökmünde
1. Türkmenistanyň kanunçylygynda başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleri Türkmenistanyň Merkezi bankynda saklanylýar.
2. Türkmenistanyň Merkezi banky Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň bank hyzmatyny, şeýle hem Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleri bilen amallary ýygym hak-heşdeklerini almazdan amala aşyrýar. 
Görkezilenler:
a) hakyky harajatlar boýunça amala aşyrylýan daşary ýurt banklary tarapyndan alynýan ýygym hak-heşdekleriniň öwezi dolunan; 
b) ýygym hak-heşdekleriniň öwezini dolmak býujet sarp edijileri üçin işleri ýerine ýetirýän, hyzmatlary edýän we harytlary getirmekligi amala aşyrýan şertnamanyň tarapyna degişli edilen,
halatlara degişli däldir.
3. Türkmenistanyň Merkezi banky Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň tabşyrygy boýunça hem-de Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna döwletiň içerki we daşarky  bergisine bank hyzmatyny amala aşyrýar.
4. Türkmenistanyň Merkezi banky döwlet karz almak-bermek syýasatyny işläp taýýarlamakda we durmuşa geçirmekde, pul-karz syýasatynyň meseleleri boýunça Türkmenistanyň Döwlet býujetini döretmekde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň geňeşçisidir.
5. Türkmenistanyň Merkezi banky Türkmenistanyň Prezidenti bilen ylalaşylan şertlerde   Türkmenistanyň fiskal  agenti hökmünde çykyş edýär.

43-nji madda. Türkmenistanyň Merkezi banky depozitariý-bank hökmünde
1. Türkmenistanyň Merkezi banky depozitariý-bank  hökmünde çykyş etmäge we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bank hyzmatyny etmek boýunça amallary amala aşyrmaga haklydyr.
2. Türkmenistanyň Merkezi banky beýleki karz edaralaryna Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan göz öňünde tutulan şertlere laýyklykda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetinden depozitleri kabul etmäge rugsat bermäge haklydyr.