8-nji bap. Karz edaralarynda hasaba alyş we hasabatlylyk

28-nji madda. Karz edaralarynda buhgalterçilik hasaba alşy we hasabatlylyk
1. Karz edarasynyň maliýe ýyly diýip 1-nji ýanwardan 31-nji dekabry öz içine alýan döwür (senenama ýyly) bellenilýär.
2. Karz edaralary buhgalterçilik hasaba alnyşynyň ýöredilmegini, maliýe we statistik hasabatlylygynyň düzülmegini we berilmegini Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda guraýarlar.

29-njy madda. Karz edaralary tarapyndan resminamalaryň hasaba alnyşy we saklanylyşy
1. Karz edaralary Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda resminamalaryň pugta hasaba alnyşyny we saklanylyşyny üpjün etmäge borçludyrlar.
2. Türkmenistanyň Merkezi banky Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda karz edaralary tarapyndan resminamalaryň saklanylmagynyň meselelerini düzgünleşdirýän namalary kabul edip biler.