7-nji bap. Türkmenistanda süýşürintgi işi

27-nji madda. Fiziki şahslaryň bank goýumlary (depozitleri)
1. Fiziki şahslaryň bank goýumlary (depozitleri) diňe Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan berilýän ygtyýarnama laýyklykda şeýle hukugy bolan banklar  tarapyndan kabul edilýär.
2. Türkmenistanyň raýatlary, daşary ýurtlaryň raýatlary we raýatlygy bolmadyk adamlar bankyň goýumçylary bolup bilerler.
3. Bank fiziki şahsdan goýumlara (depozitlere) pul serişdelerini alan mahalynda goýumça goýumy (depoziti) alandygyny tassyklaýan resminama berýär.
4. Bank fiziki şahslaryň goýumlarynyň (depozitleriniň) doly aýawlylygyny we olaryň birinji talap etmegi boýunça berilmegini kepillendirýär.
5. Fiziki şahslaryň goýumlarynyň (depozitleriniň) aýawlylygynyň kepilligi, banklar tarapyndan Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda fiziki şahslaryň goýumlarynyň (depozitleriniň) kepilliginiň gaznasynyň döredilmegi arkaly üpjün edilýär.