7-nji bap. Daşary ykdysady gatnaşyklar. Pul amallary

37-nji madda. Daşary ykdysady gatnaşyklar
1. Türkmenistanyň Merkezi banky daşary ýurt döwletleriniň merkezi banklary, halkara banklary we beýleki halkara maliýe guramalary bilen özara gatnaşyklarda Türkmenistanyň bähbitlerine wekilçilik edýär hem-de olar bilen hyzmatdaşlygy ösdürýär.
2. Türkmenistanyň Merkezi banky Türkmenistanyň kanunçylygynda we Türkmenistanyň halkara şertnamalarynda göz öňünde tutulan halatlarda, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň tabşyrygy boýunça:
1) döwletara  duşuşyklaryna, hökümetara maslahatlaryna, geňeşlerine Türkmenistanyň adyndan gatnaşýar we pul-karz syýasaty babatda onuň bähbitlerine wekilçilik edýär;
2) Türkmenistanyň wekili hökmünde Türkmenistanyň kanunçylygy bilen kesgitlenen serişdeleriň çeşmeleriniň  hasabyna öz üstüne borçnamalary alýar we halkara guramalarynyň işine Türkmenistanyň gatnaşmagy bilen baglanyşykly amallary amala aşyrýar.

38-nji madda. Daşary ykdysady gatnaşyklarda puly kadalaşdyrmak we pula gözegçilik 
                                                   
Türkmenistanyň Merkezi banky daşary ykdysady gatnaşyklarda puly kadalaşdyrmak we pula gözegçilik ediji edaradyr we bu wezipeleri Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrýar.

39-njy madda. Türkmenistanyň halkara ätiýaçlyklary 
1. Türkmenistanyň Merkezi banky Türkmenistanyň halkara ätiýaçlyklaryny dolandyrýar we olaryň saklanylmagyny we hyzmat edilmegini üpjün edýär.
2. Türkmenistanyň Merkezi banky Türkmenistanyň halkara ätiýaçlyklarynyň saklanylmagyny döwletiň pul-karz we daşary ykdysady gatnaşyklarda pul (walýuta) syýasatynyň hem-de halkara amallary boýunça döwletiň öz wagtynda hasaplaşyklarynyň netijeli geçirilmegini üpjün edýän derejede   amala aşyrýar.
3. Türkmenistanyň halkara ätiýaçlyklarynyň derejesi peselen ýa-da Türkmenistanyň netijeli döwlet pul-karz we daşary ykdysady gatnaşyklarda pul (walýuta) syýasatyny, şeýle hem halkara amallary boýunça ýurduň öz wagtynda hasaplaşygyny geçirmek mümkinçiliginden Türkmenistany mahrum edýän derejä çenli olaryň aşaklamak howpy bolan halatlarynda Türkmenistanyň Merkezi banky olaryň peselmegine getiren ýa-da getirip biljek sebäplerini, şeýle hem olary düzetmek boýunça teklipleri görkezmek bilen Türkmenistanyň halkara ätiýaçlyklarynyň ýagdaýy hakyndaky maglumaty Türkmenistanyň Prezidentine berýär.
4. Türkmenistanyň Merkezi banky Türkmenistanyň Prezidentine Türkmenistanyň halkara ätiýaçlyklarynyň gurluşy we ýerleşdirilişi hakyndaky teklipleri berýär.

40-njy madda. Halkara ätiýaçlyklary dolandyrmak boýunça amallar
Türkmenistanyň Merkezi banky döwletiň ätiýaçlyk altyn goruny goşmak bilen, Türkmenistanyň halkara ätiýaçlyklaryny (altyn pul aktiwlerini) dolandyrmak maksady bilen şu aşakdaky amallary amala aşyrmaga haklydyr:
1) aşakdakylar bilen satyn almak, satmak ýa-da gaýry amallary amala aşyrmaga:
a) erkin  ýörgünli daşary ýurt puly;
b) Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan daşary ýurt pulunda, daşary ýurt döwletleriniň hökümetleri, merkezi (milli) banklary ýa-da halkara maliýe guramalary tarapyndan çykarylan we kepillendirilen gymmatly kagyzlar;
ç) altyn (monetar altyn);
d) iň pes derejesi Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Müdiriýeti tarapyndan kesgitlenilýän karz bahalandyrmasy bolan emitentler tarapyndan çykarylan gymmatly kagyzlar;
2) daşary ýurt döwletleriniň merkezi (milli) banklarynda, birinji derejeli we beýleki banklarynda we maliýe edaralarynda, şeýle hem halkara maliýe guramalarynda hasaplary açmaga;
3) hasaplary açmaga we alyp barmaga, özleriniň hasaba alnan döwletleriniň kanunçylygy boýunça degişli hukugy bolan daşary ýurt döwletiniň merkezi (milli) bankynyň, beýleki banklarynyň we maliýe edaralarynyň, daşary ýurt döwletleriniň hökümetleriniň we olaryň wekilleriniň, şeýle hem halkara maliýe guramalarynyň wekili ýa-da korrespondenti hökmünde hereket etmäge;
4) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde gymmat bahaly metallary we gaýry pul gymmatlyklaryny Türkmenistana getirmäge, şeýle hem daşary ýurt banklaryndaky we ýöriteleşdirilen maliýe guramalaryndaky öz hasaplaryna ýerleşdirmek üçin olary daşary ýurtlara äkitmäge;
5) iň pes derejesi Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Müdiriýeti tarapyndan kesgitlenilýän karz bahalandyrmasy bolan emitentler tarapyndan çykarylan bergidarlyk borçnamalar bilen amallary amala aşyrmaga;
6) karz bahalandyrmalary Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Müdiriýeti tarapyndan kesgitlenen karz bahalandyrmasynyň iň pes derejesinden pes bolmadyk özara hyzmatdaşlar bilen döredilen maliýe gurallary bilen amallary amala aşyrmaga;
7) Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Müdiriýetiniň çözgüdi boýunça gaýry amallary amala aşyrmaga.