6-njy bap. Pul-karz syýasatyny geçirmek

28-nji madda. Pul-karz syýasatynyň esasy gurallary
Şu aşakdakylar Türkmenistanyň Merkezi bankynyň pul-karz syýasatynyň esasy gurallarydyr:
1) Türkmenistanyň Merkezi bankynyň amallary boýunça göterim derejeleri;
2) Türkmenistanyň Merkezi bankynda deponirlenýän ätiýaçlyk talaplaryň möçberleri;
3) açyk bazardaky amallar;
4) karz edaralaryny gaýtadan maliýeleşdirmek;
5) pul interwensiýalary;
6) pul toplumynyň ösüşiniň gözükdirijilerini bellemek;
7) göni mukdar çäklendirmeleri;
8) pul-karz syýasatynyň beýleki gurallary.

29-njy madda. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň amallary boýunça göterim derejeleri
1. Türkmenistanyň Merkezi banky amallaryň dürli görnüşleri boýunça bir ýa-da birnäçe göterim derejelerini bellemäge ýa-da göterim derejesini bellemezden göterim syýasatyny geçirmäge haklydyr.
2. Türkmenistanyň Merkezi banky bazar göterim derejelerine täsir etmek üçin göterim syýasatyny ulanýar.

30-njy madda. Ätiýaçlyk talaplary
1. Ätiýaçlyk talaplary – munuň özi Türkmenistanyň bank ulgamynyň umumy ukyplylygyny düzgünleşdirmek maksady bilen  karz edaralarynyň Türkmenistanyň Merkezi bankynda deponirlenen serişdeleri.
2.  Ätiýaçlyk talaplarynyň kadalaşdyryjysy, şeýle hem Türkmenistanyň Merkezi bankynda olary deponirlemegiň tertibi Türkmenistanyň Merkezi bankynyň kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen bellenilýär.
3. Ätiýaçlyk talaplarynyň kadalaşdyryjysy karz edarasynyň borçnamalarynyň 20 göteriminden ýokary geçip bilmez we dürli karz edaralary üçin tapawutly bolup biler.
4. Ätiýaçlyk talaplarynyň kadalaşdyryjysy bozulan mahalynda Türkmenistanyň Merkezi banky karz edarasynyň Türkmenistanyň Merkezi bankynda açylan korrespondent hasabyndan geçirilmedik serişdeleriň pul möçberini jedelsiz tertipde tutup almaga haklydyr.
5. Ätiýaçlyk talaplaryna tutup almalar degişli däldir. 
6. Karz edarasy ýatyrylan mahalynda Türkmenistanyň Merkezi banky ätiýaçlyk talaplarynyň pul möçberini bellenilen tertipde karz edarasyna gaýtarýar.

31-nji madda. Açyk bazardaky amallar
1. Açyk bazardaky amallar diýlip Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan döwletiň gymmatly kagyzlarynyň, Türkmenistanyň Merkezi bankynyň gymmatly kagyzlarynyň, şol sanda bergidarlyk gymmatly kagyzlarynyň satyn alynmagyna-satylmagyna, şeýle hem soňundan gaýdymlaýyn geleşigi amala aşyrmak hukugy bilen görkezilen gymmatly kagyzlar bilen gysga möhletli amallara düşünilýär.
2. Türkmenistanyň Merkezi banky pul toplumynyň möçberini kadalaşdyrmak maksady bilen gös-göni öz adyndan ýa-da gymmatly kagyzlary gaýtadan satyn almak hakyndaky ylalaşyk arkaly satyn almak we satmak boýunça bellenilen limitiň çäklerinde şu maddanyň birinji böleginde görkezilen açyk bazardaky amallary amala aşyrýar.

32-nji madda. Karz edaralaryny gaýtadan maliýeleşdirmek
1. Karz edaralaryny gaýtadan maliýeleşdirmegiň tertibi we şertleri (şol sanda çäkleri kesgitlemek) Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan bellenilýär.
2. Türkmenistanyň Merkezi banky diňe karz edarasynyň ukyplylygyny saklamak zerurlygyndan dörän aýratyn ýagdaýlaryň täsiri boýunça gaýtadan maliýeleşdirmegi amala aşyrýar.

33-nji madda. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň göni mukdar çäklendirmeleri
1. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň göni mukdar çäklendirmeleri diýlip karz edaralaryny gaýtadan maliýeleşdirmäge we olar tarapyndan bank amallarynyň aýry-aýry görnüşlerini geçirmäge çäkleriň bellenilmegine düşünilýär.
2. Türkmenistanyň Merkezi banky Türkmenistanyň kabul edilen ýeke-täk döwlet pul-karz syýasatyna laýyklykda, berilýän karzlaryň umumy möçberini kadalaşdyrýar.
3. Türkmenistanyň Merkezi banky aýratyn halatlarda Türkmenistanyň Ministrler Kabineti bilen ylalaşyp ähli karz edaralaryna deň derejede degişli göni mukdar çäklendirmelerini ulanmaga haklydyr.

34-nji madda. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň pul interwensiýalary
Pul interwensiýalary Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.

35-nji madda. Pul toplumynyň artmagynyň çelgilerini bellemek
Türkmenistanyň Merkezi banky ýeke-täk döwlet pul-karz syýasatynyň esasy ugurlaryndan ugur  alyp, pul toplumynyň bir ýa-da birnäçe görkezijileriniň artmagynyň çelgilerini belläp biler.

36-njy madda. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň bank amallary we geleşikleri
1.Türkmenistanyň Merkezi banky şu Kanunda göz öňünde tutulan maksatlara ýetmek üçin şu aşakdaky bank amallaryny we geleşiklerini amala aşyrmak hukugyna eýedir:
1) eger Türkmenistanyň kanunçylygynda başgaça bellenilmedik bolsa, gymmatly kagyzlar we beýleki aktiwler bilen üpjünçilik esasynda karzlary bermek;
2) açyk bazarda döwletiň gymmatly kagyzlaryny satyn almak we satmak;
3) Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan emitirlenen obligasiýalary we depozit güwänamalaryny satyn almak we satmak;
4) daşary ýurt puluny, şeýle hem Türkmenistanyň we daşary ýurt döwletleriniň karz edaralary tarapyndan çykarylyp goýlan, daşary ýurt pulunda nominirlenen töleg resminamalaryny we borçnamalaryny satyn almak we satmak;
5) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda gymmat bahaly metallary we pul gymmatlyklarynyň beýleki görnüşlerini satyn almak, saklamak, satmak;
6) hasaplaşyk, pulhana we depozit amallaryny geçirmek, gymmatly kagyzlary we beýleki aktiwleri saklamaga we dolandyrmaga kabul etmek;
7) maliýe töwekgelçiliklerini dolandyrmak üçin peýdalanylýan maliýe gurallary bilen amallary amala aşyrmak;
8) Türkmenistanyň we daşary ýurt döwletleriniň karz edaralarynda hasaplary açmak;
9) islendik puldaky çekleri we wekselleri çykaryp goýmak;
10) halkara bank tejribesinde kabul edilen iş dolanyşygynyň adatlaryna laýyklykda öz adyndan beýleki bank amallaryny we geleşikleri amala aşyrmak.
Türkmenistanyň Merkezi banky bank amallaryny we geleşikleri ýygymly esasda amala aşyrmaga haklydyr, Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan halatlar muňa degişli däldir.
2. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň şu aşakdakylara haky ýokdur:
1) şu Kanunyň 19-njy maddasynyň altynjy böleginde göz öňünde tutulan halatdan başga ýagdaýlarda, gös-göni karz, gaýtarylmaýan ssuda, şertli borçnama görnüşinde ýa-da islendik başga görnüşde maliýe kömegini bermäge; 
2) eger Türkmenistanyň kanunçylygynda başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, karz edaralaryň, beýleki täjirçilik we täjirçilik bolmadyk guramalaryň maýalaryna gatnaşmaga;
3) täjirçilik işi bilen meşgullanmaga;
4) gozgalmaýan eýeçilige ýa-da ondaky paýlara eýelik etmäge bolan hakyky hukuklary edinmäge, Türkmenistanyň Merkezi bankynyň işini üpjün etmek, şeýle hem Türkmenistanyň Merkezi bankynyň işgärleriniň okadylmagyny, dynç alşyny, durmuş taýdan goldawyny üpjün etmek üçin zerur bolan halatlar muňa degişli däldir.