6-njy bap. Karz edaralarynyň we olaryň müşderileriniň özara gatnaşyklary

21-nji madda. Karz edaralarynyň, karz edarasy bilen Türkmenistanyň Merkezi bankynyň özara gatnaşyklary 
1. Karz edaralarynyň, karz edarasy bilen Türkmenistanyň Merkezi bankynyň özara gatnaşyklary Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda düzgünleşdirilýär. 
2. Karz edarasy Türkmenistanyň Merkezi bankynyň borçnamalary boýunça jogapkär däldir we Türkmenistanyň Merkezi banky hem karz edarasynyň borçnamalary boýunça jogapkärçilik çekmeýär, olaryň şeýle borçnamalary Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda öz üstüne alan halatlary muňa degişli däldir. 
3. Karz edarasy şertnamalaýyn esasda başga karz edaralaryna goýumlar (depozitler), karzlar görnüşindäki serişdeleri ýerleşdirip, hasaplaşyk merkezleriniň we korrespondent hasaplarynyň üsti bilen hasaplaşyklary amala aşyryp, Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan berlen ygtyýarnamada göz öňünde tutulan başga amallary geçirip biler.
4. Türkmenistanyň bank ulgamynyň ösdürilmegine we karz-pul gatnaşyklary ulgamynyň netijeli işlemegine gönükdirilen çäreleri işläp düzmek maksady bilen kollegial edara bolup durýan Bankara geňeşi döredilýär.
Bankara geňeşi öz wezipelerini Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan tassyklanylýan Düzgünnama laýyklykda amala aşyrýar.

22-nji madda. Karz edaralarynyň müşderiler bilen özara gatnaşyklary
1. Karz edaralarynyň müşderiler bilen özara gatnaşyklary, eger Türkmenistanyň kanunçylygynda başgaça bellenilmedik bolsa, şertnama esasynda amala aşyrylýar.
2. Şertnamada karzlar we goýumlar (depozitler) boýunça göterimleriň bellenilen möçberleri, bank hyzmatlarynyň bahasy we olary ýerine ýetirmegiň möhletleri, tölegleriň amala aşyrylyş möhletleri boýunça borçnamalaryň bozulandygy üçin jogapkärçiligi hem goşmak bilen, şertnamanyň bozulandygy üçin taraplaryň emläk jogapkärçiligi, şeýle hem şertnamanyň bozulyş tertibi we şertnamanyň beýleki möhüm şertleri görkezilýär.
Karz edarasy şertnama baglaşmazdan öň bank hyzmatlarynyň edilmeginiň şertleri, şol sanda karzlar, goýumlar (depozitler) boýunça göterimleriň bellenilen möçberleri, amallar boýunça ýygym hak-heşdekleri, bank hyzmaty üçin töleg bilen müşderini tanyşdyrmaga borçludyr. 
3. Fiziki şahslaryň karz edarasyny erkin saýlamaga hukugy bardyr we eger Türkmenistanyň kanunçylygynda başgaça bellenilmedik bolsa, olar bir ýa-da birnäçe karz edarasynda bank hasaplaryny açyp bilerler.
4. Ýuridik şahslaryň, ýuridik şahsy döretmezden telekeçilik işini amala aşyrýan fiziki şahslaryň karz edarasyny erkin saýlamaga hukugy bardyr we olar bir ýa-da birnäçe karz edarasynda bank hasaplaryny açyp bilerler, her biri diňe bir karz edarasynda açylyp bilinýän hasaplaşyk we gündelik walýuta hasaplary muňa girmeýär. 
5. Karz edarasynyň, şeýle hukugyň şertnamada göz öňünde tutulan halatlaryndan başga ýagdaýlarda, şertnamanyň şu maddanyň ikinji böleginde göz öňünde tutulan şertlerini birtaraplaýyn tertipde üýtgetmäge hukugy ýokdur.

23-nji madda. Karz edarasy tarapyndan hasaplaşyklaryň amala aşyrylmagy
Karz edarasy, elektron tölegler ulgamy we Internet ulgamy ulanylýan hasaplaşyklary hem goşmak bilen, Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan bellenilen we bank işiniň halkara tejribesinde kabul edilen düzgünler, görnüşler we standartlar boýunça hasaplaşyklary amala aşyrýar.

24-nji madda. Karzlaryň gaýtarylmagynyň üpjün edilmegi
1. Karz edarasy tarapyndan berilýän karzlar emlägiň, şol sanda döwlete degişli we başga gymmatly kagyzlaryň girewi, bank kepillikleri, zamunlyklar we Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan başga görnüşlerdäki borçnamalar bilen üpjün edilip bilner.
2. Karz alyjy tarapyndan karz şertnamasy boýunça borçnamalar bozulan mahalynda, eger bu şertnamada göz öňünde tutulan bolsa, karz edarasy beren karzlaryny we olar boýunça hasaplanan göterimleri möhletinden öň tutup almaga, şeýle hem Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde girewine goýlan emlägiň hasabyna töletdirmäge haklydyr.
3. Karz edarasynyň üpjünçiliksiz karz (ynanyşykly karz) bermek hakynda çözgüt kabul etmäge hukugy bardyr. 
4. Karz edarasy bergini tutup almak üçin Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan ähli çäreleri görmäge borçludyr.
5. Eger görlen çäreler karz alyjylaryň karz şertnamasy boýunça  borçnamalaryny ýerine ýetirmegini üpjün etmeýän bolsa, karz edarasynyň berginiň möçberini şu Kanunyň 16-njy maddasynyň ikinji böleginde görkezilen ätiýaçlyklaryň hasabyna balansdan öçürmäge haky bardyr.

25-nji madda. Karz edarasynyň amallary boýunça hak isleýiş wagt möhleti
Hak isleýiş wagt möhleti şu aşakdakylaryň talaplaryna degişli däldir:
1) goýumçylaryň, karz edaralaryna goýan goýumlary babatynda; 
2) karz edarasynyň, şu Kanunyň 24-nji maddasynyň bäşinji bölegine laýyklykda hasapdan öçürilen karzlary hem goşmak bilen,  beren karzlary boýunça.

26-njy madda. Bäsleşigiň üpjün edilmegi
1. Karz edaralaryna bank hyzmatlary bazarynyň monopoliýalaşdyrylmagyna, şeýle hem bank işindäki bäsleşigiň çäklendirilmegine gönükdirilen şertnamalary baglaşmak we ylalaşykly hereketleri amala aşyrmak gadagan edilýär.
2. Karz edaralarynyň Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda öz işini mahabatlandyrmaga hukugy bardyr.
3. Türkmenistanyň Merkezi banky karz edaralary tarapyndan bank hyzmatlary bazarynyň monopoliýalaşdyrylmagyna we bank işinde bäsleşigiň çäklendirilmegine gönükdirilen hereketlere ýol berilmezligine gözegçiligi amala aşyrýar.