5-nji bap. Türkmenistanyň pul birligi we pul belgileri, nagt pul dolanyşygy

21-nji madda. Türkmenistanyň pul birligi we pul belgileri
1. Türkmenistanyň pul birligi (milli puly) manatdyr. Bir manat 100 teňňä deňdir.
2. Dolanyşykdaky nagt pul Türkmenistanyň Merkezi bankynyň pul belgilerinden durýar.
3. Türkmenistanyň çäginde ýeke-täk kanuny töleg serişdesi manatdyr.
4. Türkmenistanyň çäginde daşary ýurt pulunyň töleg serişdesi hökmünde peýdalanylmagy Türkmenistanyň kanunçylygy bilen düzgünleşdirilýär.
5. Türkmenistanyň çäginde Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulmadyk pul birliklerini girizmek we pul belgilerini çykarmak gadagandyr.

22-nji madda. Nagt pul dolanyşygyny guramak
Türkmenistanyň Merkezi banky Türkmenistanyň çäginde nagt pul dolanyşygyny guramak maksady bilen:
1) karz edaralary we olaryň müşderileri tarapyndan pulhana amallaryny ýöretmegiň tertibini işläp taýýarlaýar we tassyklaýar;
2) pul belgilerini çykarmakda döwletiň talabyny kesgitleýär we olary taýýarlamak üçin buýurmany ýerleşdirýär;
3) pul belgileriniň gorag alamatlaryny kesgitleýär;
4) Türkmenistanyň Merkezi bankynyň pul belgileriniň daşalmagyny we saklanylmagyny guraýar, olaryň ätiýaçlyk gaznalarynyň döredilmegini üpjün edýär;
5) Türkmenistanyň Merkezi bankynyň pul belgileriniň tölege ukyplylyk alamatlaryny belleýär;
6) pul belgileriniň emissiýasyny we dolanyşykdan aýrylmagyny geçirýär;
7) dolanyşyga goýberilýän pul belgilerini çalyşmagyň tertibini, şeýle hem zeper ýetirilen we dolanyşykdan aýrylan pul belgilerini ýok etmegiň tertibini kesgitleýär;
8) könelen we zeper ýetirilen pul belgilerini bellenilen düzgünlere laýyklykda çäklendirmeler bolmazdan çalyşýar;
9) nagt pul dolanyşygyny düzgünleşdirmegiň beýleki çärelerini ulanýar.

23-nji madda. Pul belgilerini kabul etmäge bolan talaplar
1. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň pul belgileri Türkmenistanyň bütin çäginde bellenilen gymmaty boýunça tölegleriň we hasaplaşyklaryň ähli görnüşleri boýunça kabul etmek üçin, şeýle hem hasaplara, goýumlara geçirmek üçin we geçirim üçin hökmanydyr.
Türkmenistanyň Merkezi bankynyň pul belgileri Türkmenistanyň ähli banklarynda çäklendirmezden çalşylýar. 
2. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň pul belgileri Türkmenistanyň Merkezi bankynyň şertsiz borçnamasy bolup durýarlar we onuň ähli aktiwleri bilen üpjün edilýärler.

24-nji madda. Pul belgileriniň emissiýasy we olary dolanyşykdan aýyrmak
1. Türkmenistanyň çäginde pul belgileriniň emissiýasy, olaryň dolanyşygyny guramak we dolanyşykdan aýyrmak diňe Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan amala aşyrylýar.
2. Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan dolanyşyga goýberilen pul belgileriniň çalşygyny yglan etmek ýa-da olary hakyky däl diýip ykrar etmek Türkmenistanyň Merkezi bankynyň aýratyn ygtyýarlyklary bolup durýar.

25-nji madda. Türkmenistanyň pul birligini reformirlemek
Türkmenistanyň pul birliginiň reformasy Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.

26-njy madda. Manady konwertirlemek
Manady konwertirlemek Türkmenistanyň kanunçylygynda kesgitlenilýän tertipde geçirilýär.

27-nji madda. Türkmenistanyň pul belgilerini galplaşdyryp ýasamak we ýerlemek üçin gadaganlyk
Türkmenistanyň pul belgilerini galplaşdyryp ýasamak we ýerlemek gadagandyr hem-de kanun boýunça yzarlanylýar.