5-nji bap. Karz edaralarynyň işini düzgünleşdirmek

16-njy madda. Karz edaralarynyň işiniň esasy düzgünleri
1. Karz edarasy öz işini Türkmenistanyň kanunçylygyna, Türkmenistanyň Merkezi bankynyň namalaryna we ygtyýarnamasyna, şeýle hem öz içerki namalaryna laýyklykda amala aşyrýar. 
2. Karz edarasy şulara borçludyr:
1) maýanyň ýeterlikligini we onuň  ukyplylygyny saklamaga;
2) Türkmenistanyň Merkezi bankynyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda aktiwler boýunça bolup biljek ýitgileriň öwezini dolmak üçin ätiýaçlyklary döretmäge;
3) töwekgelçilikleri netijeli dolandyrmagy amala aşyrmaga.
3. Şu babyň düzgünleri daşary ýurt banklarynyň Türkmenistanyň çäginde bellige alnan şahamçalarynyň işine hem degişlidir.

17-nji madda. Bank işini ygtyýarlylandyrmak
1. Türkmenistanda bank işini ygtyýarlylandyrmak Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar. 
2. Fiziki ýa-da ýuridik şahs tarapyndan Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan halatlardan başga ýagdaýlarda Türkmenistanyň Merkezi bankynyň ygtyýarnamasy bolmazdan bank işiniň amala aşyrylmagy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen jogapkärçilige eltýär.

18-nji madda. Hökmany ykdysady kadalaşdyryjylar we ätiýaçlyk talaplar
1. Karz edaralary Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan bellenilen şu hökmany ykdysady kadalaşdyryjylary ýerine ýetirmelidirler:
1) döredilýän karz edaralary üçin esaslyk maýanyň iň az möçberini, bank däl karz edarasy tarapyndan bank statusynyň alynmagy üçin hususy serişdeleriniň (maýasynyň) möçberini;
2) karz edarasynyň esaslyk maýasyna emläk (pul däl) goýumlarynyň aňryçäk möçberini;
3) bir karz alyjy ýa-da karz alyjylaryň baglanyşykly  topary üçin töwekgelçiligiň iň uly möçberini;
4) iri karz töwekgelçilikleriniň iň ýokary möçberini;
5) karz edarasynyň  ukyplylygynyň kadalaşdyryjylaryny;
6) hususy serişdeleriň (maýanyň) ýeterlilik kadalaşdyryjylaryny;
7) karz edarasynyň başga ýuridik şahslaryň paýnamalaryny (paýlaryny) satyn almak üçin hususy serişdelerini (maýasyny) peýdalanmagynyň kadalaşdyryjylaryny;
8) karz edarasy tarapyndan öz esaslandyryjylaryna (gatnaşyjylaryna) berilýän karzlaryň, bank kepillikleriniň we zamunlyklarynyň iň uly möçberini;
9) zerur halatlarda – töwekgelçilikleri dolandyrmak üçin başga kadalaşdyryjylary. 
2. Karz edaralary Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan bellenilýän ätiýaçlyk talaplary berjaý etmäge borçludyrlar. 
3. Karz edarasy içerki syýasatyny töwekgelçilikleri dolandyrmagyň düzgünlerini, Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan bellenilýän hökmany ykdysady kadalaşdyryjylary berjaý etmek bilen, alyp barýar.

19-njy madda. Daşary ýurt puly bilen bank amallary
Karz edaralary daşary ýurt puly bilen bank amallaryny Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrýarlar.

20-nji madda. Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek
Karz edaralary Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda Türkmenistanyň bank ulgamynyň jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileri kanunlaşdyrmak we terrorçylygy maliýeleşdirmek maksady bilen ulanylmagynyň öňüni almak boýunça çäreleri görmäge borçludyrlar.