4-nji bölüm. Hasaplaryň gaýtadan resmileşdirilişi we ýapylyşy

4.1. Müşderiniň üýtgedip guralmagy (goşulmagy, birleşmegi, bölünmegi, aýrylmagy, täzeden esaslandyrylmagy) bilen baglylykda, bank hasaby gaýtadan resmileşdirilende hasabyň açylmagyndaky ýaly resmi namalar tabşyrylýar.

4.2. Müşderiniň üýtgedip guralmagyna getirmezden, onuň adynyň üýtgedilen, şeýle hem tabynlygy üýtgän ýagdaýynda, onuň degişli resmi namalary tabşyrmagyna çenli, banka müşderiniň üýtgetmeler hakynda habar berilýän arzasy tabşyrylýar. 

Ady ýa-da tabynlygy üýtgän ýagdaýynda, müşderi hakykylygy şu Düzgünnamada kesgitlenen tertipde tassyklanan gollar bilen täze kartoçkany tabşyrýar. 

4.3. Kärhana ýatyrylan ýagdaýynda, ýatyryş topary kärhanany ýatyrmak we ýatyryş toparyny bellemek hakynda çözgüdiniň nusgasyny, şeýle hem ýatyryş toparynyň ygtyýarly agzalarynyň gollarynyň hakykylygy döwlet kepillendiriş edarasy tarapyndan tassyklanylan nusgalary we ýatyrylýan kärhananyň möhüriniň yzy goýulan kartoçkany banka tabşyrýar. 

4.4. Müşderiniň bank hasaplary aşakdaky ýagdaýlarda ýapylýar, goýum hasaplary muňa degişli däldir:

a) hasapda pul serişdeleri bolmadyk ýagdaýynda hasabyň eýesiniň arzasy boýunça; hasap bankyň ýolbaşçysynyň ýazmaça görkezmesi bolan ýagdaýynda ýapylýar;

b) hasabyň eýesiniň arzasy boýunça, görkezilen hasap boýunça aktiw amallaryň şu Düzgünnamanyň 1.10-njy bendine laýyklykda togtadylmadyk we kreditorlaryň talaplary bildirilmedik bolsa, müşderiniň arzasynyň banka gelip gowşan pursatyndan başlap 30 günden gijä galman, hasap bankyň ýolbaşçysynyň ýazmaça görkezmesi bolan ýagdaýynda ýapylýar;

ç) Türkmenistanyň kanunçylygynda kärhanany ýatyrmak ýa-da üýtgedip gurmak wezipesi berkidilen edaranyň çözgüdi esasynda;

d) Türkmenistanyň kazyýetleriniň kärhanany ýatyrmak ýa-da ony batan diýip yglan etmek baradaky degişli çözgüdi esasynda;

e) hasabyň eýesiniň arzasy boýunça, onuň başga banka hyzmat edilmäge geçen ýagdaýynda, banklaryň arasynda ylalaşylan möhletlerde. Müşderiniň hukuk işinde saklanýan resmi namalar (müşderiniň hasaby açmaklyga arzasyndan, kartoçkadan, müşderi bilen hasaplaşyk-kassa hyzmatyna bankyň şertnamasyndan we hasabyň ýapylandygy hakynda salgyt gullugyna habarnamadan başgalary) kabul ediji banka berilýär. Resmi namalaryň berilmegi tabşyryjy we kabul ediji banklaryň degişli ygtyýarly şahslarynyň kabul ediş-tabşyryş delilnamasyny resmileşdirmegi arkaly amala aşyrylýar.

Müşderiniň hasabynda tölenmedik hasaplaşyk resmi namalarynyň kartotekasy bolan ýagdaýynda, müşderiniň hasabynyň ýapylýan banky kartotekada saklanýan resmi namalary täze hasabyň açylýan bankyna sanaw boýunça tabşyrýar.
Hyzmat ediji bankdan alnan karzlar we olaryň göterimleri boýunça bergileriň bolan ýagdaýynda, esasy işine hyzmat etmek boýunça hasabyň başga banka hyzmat edilmäge geçmek maksady bilen ýapylmagyna, diňe bar bolan bergiler doly üzülişilenden soňra ýol berilýär. 
Başga banka hyzmat edilmäge geçen müşderiniň salgysyna inkasso tabşyryklary we serişdeleri tölemek üçin beýleki resmi namalar gelen ýagdaýynda, görkezilen resmi namalar sebäbini görkezmek bilen, olary iberijä gaýtarylýar;

ä) hasapda pul serişdeleri we hasap boýunça bir ýyldan köp wagtlap (1.10-njy bende laýyklykda hasap boýunça amallaryň togtadylan we hasaba tussaglyk goýulan möhleti goşmazdan) hereket bolmadyk ýagdaýynda. Hasap bankyň ýolbaşçysynyň çözgüdi esasynda ýapylýar;

f) hasapda durmuş töleglerini we beýleki tölegleri, salgytlary, ýygymlary, paçlary we jerimeleri hasaplamak üçin kesgitlenen binýatlyk möçberiň iki essesinden köp bolmadyk pul serişdeleri bolan we hasap boýunça bir ýyldan köp wagtlap (1.10-njy bende laýyklykda hasap boýunça amallaryň togtadylan we hasaba tussaglyk goýulan möhleti goşmazdan) hereket bolmadyk ýagdaýynda. Hasap bankyň ýolbaşçysynyň çözgüdi esasynda ýapylýar;

Müşderiniň hasaby boýunça serişdeleriň galyndysy bank edarasy tarapyndan «Bankyň hojalyk işjeňligi boýunça kreditorlary» atly №841 ýa-da «Bankyň hojalyk işjeňligi boýunça daşary ýurt pulundaky kreditorlary» atly №851 hasaplara girdeji edilýär;

h) Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan beýleki ýagdaýlarda.