4-nji bap. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň guramaçylyk gurluşy

14-nji madda. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň gurluşy we dolandyryş edaralary
1. Türkmenistanyň Merkezi banky dolandyryşyň wertikal gurluşy bolan ýeke-täk ulgamy emele getirýär.
Türkmenistanyň Merkezi bankynyň ulgamyna merkezi edara, gurluş düzüm birlikleri (şahamçalar, wekillikler, kärhanalar, guramalar we edaralar) girýär.
2. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň dolandyryş edarasy Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Müdiriýetidir.

15-nji madda. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Müdiriýeti
1. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Müdiriýeti agzalaryň täk sanyndan durýar.
Müdiriýetiň düzümine  şol bir wagtda Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Müdiriýetiniň  Başlygy bolup durýan Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Başlygy  we Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Müdiriýetiniň agzalary girýär.
2. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Müdiriýetiniň agzalary Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan wezipä bellenilýär we wezipeden boşadylýar. 
3. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Müdiriýetiniň agzalary öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda jogapkärçilik çekýärler.

16-njy madda. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Müdiriýetiniň ygtyýarlyklary
1. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Müdiriýeti Türkmenistanyň Merkezi bankynyň işini umumy dolandyrmagy amala aşyrýar.
2. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Müdiriýeti:
1) şulary Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna berýär:
a) Türkmenistanyň ýeke-täk döwlet pul-karz syýasatynyň esasy ugurlarynyň taslamasyny;
b) Türkmenistanyň Merkezi bankynyň ýyllyk hasabatyny;
ç) döwletiň ätiýaçlyk altyn goruny goşmak bilen, Türkmenistanyň halkara ätiýaçlyklaryny (altyn pul aktiwlerini) dolandyrmak boýunça teklipleri;
d) zerur mahalynda - Türkmenistanyň Merkezi bankynyň esaslyk maýasynyň möçberini artdyrmak, şu Kanunyň 11-nji maddasynyň dördünji bölegine laýyklykda maksatlaýyn gaznalary we ätiýaçlyklary döretmek boýunça teklipleri;
2) şulary kesgitleýär:
a) Türkmenistanyň ýeke-täk döwlet pul-karz syýasatynyň esasy ugurlaryny durmuşa geçirmek boýunça çäreleri;
b) Türkmenistanyň bank ulgamyna daşary ýurt maýasynyň girmeginiň paýyny we şertlerini;
ç) dolanyşyga goýberilýän pul belgileriniň nominalyny we beýleki häsiýetnamalaryny, şeýle hem pul belgilerini dolanyşykdan aýyrmagyň şertlerini, şu hakda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň üsti bilen habar berilýär; 
3) şulary tassyklaýar:
a) Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Müdiriýetiniň iş meýilnamasyny;
b) Türkmenistanyň Merkezi bankynyň ýyllyk maliýe hasabatlylygyny, şeýle hem onuň girdejiler we çykdajylar sanawyny hem-de Türkmenistanyň Merkezi bankynyň sap girdejisini peýdalanmagyň ugurlaryny;
ç) Türkmenistanyň Merkezi bankynyň guramaçylyk gurluşyny, onuň gurluş düzüm birlikleri hakyndaky düzgünnamalary (tertipnamalary);
d) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda zähmete hak tölemegiň şertlerini, ulgamyny we möçberini, Türkmenistanyň Merkezi bankynyň işgärlerini durmuş taýdan goldamagyň şertlerini;
e) Türkmenistanyň Merkezi bankynyň agentleri boýunça tabşyryknamalary;
ä) Türkmenistanyň Merkezi bankynyň gaznalaryny we ätiýaçlyklaryny döretmegiň hem-de peýdalanmagyň tertibi hakyndaky düzgünnamany;
4) şu çözgütleri kabul edýär:
a) Türkmenistanyň Merkezi bankynyň merkezi edarasynyň gulluklaryny we gurluş düzüm birliklerini döretmek, üýtgedip guramak ýa-da ýatyrmak hakynda;
b) Türkmenistanyň Merkezi bankynyň komitetlerini, şol sanda pul-karz we daşary ykdysady gatnaşyklarda pul (walýuta) komitetini, şeýle hem Türkmenistanyň Merkezi bankynyň işini amala aşyrmak üçin zerur bolan iş toparlaryny we komissiýalaryny döretmek, üýtgedip guramak ýa-da ýatyrmak hakynda;
ç) açyk bazardaky amallara bolan çäklendirmeleri (limitleri) bellemek hakynda;
d) göni mukdar çäklendirmelerini ulanmak hakynda;
e) gaýtadan maliýeleşdirmegiň derejelerini bellemek hakynda;
ä) karz edaralary üçin hökmany ykdysady kadalaşdyryjylary bellemek hakynda;
f) döwlet çärelerini geçirmek üçin niýetlenilen gymmatly sowgatlary, Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan tassyklanylan eskizler boýunça gymmat bahaly metallardan we gymmat bahaly daşlardan ordenleri we medallary taýýarlamak, satyn almak we eltmek hakynda;
g) ýubileý, ýatlama we numizmatik şaýy pullaryny goşmak bilen, Türkmenistanyň Merkezi bankynyň täze nusgadaky pul belgilerini çykarmak, Türkmenistanyň Merkezi bankynyň köne nusgadaky pul belgilerini dolanyşykdan aýyrmak hakynda;
h) işgärleri durmuş taýdan goldamagyň çäreleri hakynda;
i) Türkmenistanyň Merkezi bankynyň we onuň gurluş düzüm birlikleriniň işini üpjün etmek üçin gozgalmaýan emlägi edinmek hakynda;
j) karz edaralary tarapyndan   ätiýaçlyk talaplaryny  döretmegiň tertibi hakynda;
5) döwletiň ätiýaçlyk altyn goruny goşmak bilen, Türkmenistanyň halkara ätiýaçlyklarynyň (altyn pul aktiwleriniň) dolandyrylmagyny üpjün edýär;
6) alyş-çalyş hümmetlerini kesgitlemegiň tertibine garaýar;
7) Türkmenistanyň Merkezi bankynyň gurluş düzüm birlikleriniň ýolbaşçylarynyň hasabatlaryny diňleýär;
8) şu Kanuna laýyklykda beýleki ygtyýarlyklary amala aşyrýar.

17-nji madda. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Müdiriýetiniň mejlisleri
1. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Müdiriýetiniň mejlisleri Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Müdiriýetiniň tassyklanylan iş meýilnamasyna laýyklykda, ýöne çärýekde bir gezekden az bolmazdan geçirilýär.
2. Zerur mahalynda Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Müdiriýetiniň mejlisi Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Başlygy tarapyndan çagyrylyp bilner.
Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Müdiriýetiniň mejlisi Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Müdiriýetiniň agzalarynyň azyndan üçüsiniň, adatdan daşary ýagdaýlarda bolsa - Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Müdiriýetiniň agzalarynyň ikisiniň ýazmaça ýüz tutmasy boýunça çagyrylyp bilner.
3. Eger mejlise Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Müdiriýetiniň agzalarynyň umumy sanynyň azyndan üçden ikisi gatnaşsa, Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Müdiriýetiniň mejlisi ygtyýarlydyr.
4. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Müdiriýetiniň mejlislerinde Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Başlygy, onuň bolmadyk mahalynda bolsa - Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Müdiriýetiniň agzalarynyň hataryndan onuň ýerini tutýan adam başlyklyk edýär.
5. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Müdiriýetiniň agzalary  Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Müdiriýetiniň mejlisiniň geçirilýändigi hakynda ýazmaça habarly edilýär.
6. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Müdiriýetiniň çözgütleri Müdiriýetiň mejlise gatnaşýan agzalarynyň sesleriniň ýönekeý köplügi bilen kabul edilýär. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Müdiriýetiniň her agzasynyň bir sesi bardyr. Sesler deň bolan mahalynda Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Başlygynyň sesi çözüji bolup durýar.
7. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Müdiriýetiniň mejlisleriniň teswirnamalary Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Müdiriýetiniň kätibi tarapyndan resmileşdirilýär, ol Türkmenistanyň Merkezi bankynyň işgärleriniň hataryndan Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Başlygy tarapyndan bellenilýär.
Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Müdiriýetiň kätibi Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Müdiriýetiň agzasy bolup durmaýar.
Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Müdiriýetiniň mejlisleriniň teswirnamalary gullukda peýdalanmak resminamalary bolup durýarlar, bir nusgalykda resmileşdirilýär we mejlisde başlyklyk ediji, Müdiriýetiň gatnaşýan agzalary we Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Müdiriýetiniň kätibi tarapyndan gol çekilýär.
8. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Müdiriýetiniň mejlisine Türkmenistanyň Merkezi bankynyň, onuň gurluş düzüm birlikleriniň, karz edaralaryň we beýleki guramalaryň degişli işgärleri çagyrylyp bilner.

18-nji madda. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Başlygy
1. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Başlygy Türkmenistanyň Merkezi bankynyň işine umumy ýolbaşçylyk edýär, Türkmenistanyň Merkezi bankynyň adyndan hereket edýär we döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralary, ýerli häkimiýet edaralary, karz edaralary, daşary ýurt döwletleriniň guramalary, Türkmenistandaky we daşary ýurtlardaky halkara we beýleki guramalar bilen gatnaşyklarda onuň bähbitlerine ynanç hatsyz wekilçilik edýär.
2. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Başlygy:
1) Türkmenistanyň Merkezi bankynyň auditor gullugynyň başlygyny wezipä belleýär we wezipesinden boşadýar;
2) Türkmenistanyň Merkezi bankynyň agentlerini we korrespondent banklary kesgitleýär;
3) Türkmenistanyň Merkezi bankynyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryny tassyklaýar;
4) Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan baglaşylýan ylalaşyklara we şertnamalara gol çekýär;
5) Türkmenistanyň Merkezi bankynyň merkezi edarasynyň ähli gulluklary we onuň gurluş düzüm birlikleri tarapyndan ýerine ýetirmek üçin hökmany bolan buýruklary çykarýar we görkezmeleri berýär;
6) Türkmenistanyň Merkezi bankynyň işgärleriniň wezipe sanawyny, aýlyk wezipe haklaryny we wezipe gollanmalaryny tassyklaýar;
7) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda Türkmenistanyň Merkezi bankynyň işgärleriniň işe kabul edilmegini we işden boşadylmagyny amala aşyrýar;
8) Türkmenistanyň Merkezi bankynyň gurluş düzüm birlikleriniň ýolbaşçylaryny wezipä belleýär we wezipesinden boşadýar, Türkmenistanyň Merkezi bankynyň gurluş düzüm birlikleriniň ýolbaşçylaryny wezipä bellemek we wezipesinden boşatmak Türkmenistanyň Prezidentiniň ygtyýaryna girýän halatlary muňa degişli däldir;
9) şu Kanuna laýyklykda beýleki ygtyýarlyklary amala aşyrýar.
3. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Başlygy öz ygtyýarlyklarynyň bir bölegini öz orunbasarlaryna bermek hukugyna eýedir.
4. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Başlygy Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Başlygynyň orunbasarynyň wezipesine  hödürlenýän boýunça teklibi Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna  berýär.
5. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Başlygy Türkmenistanyň Merkezi bankynyň işi üçin jogapkärçilik çekýär.
6. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Başlygy bolmadyk ýa-da öz gulluk borçlaryny ýerine ýetirmäge mümkinçiligi bolmadyk mahalynda onuň ygtyýarlyklaryny onuň orunbasarlarynyň biri amala aşyrýar.

19-njy madda. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň gurluş düzüm birlikleri
1. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň gurluş düzüm birlikleri öz işini özleri hakdaky düzgünnamalara (tertipnamalara) laýyklykda amala aşyrýarlar.
2. Gurluş düzüm birligi öz işinde ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet edaralaryndan garaşsyzdyr we döwletiň borçnamalary boýunça jogapkärçilik çekmeýär, haçan-da şeýle jogapkärçilik Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan onuň üstüne ýüklenen halatlary muňa degişli däldir. 
Türkmenistanyň Merkezi bankynyň ýuridik şahslary bolup durýan gurluş düzüm birlikleri öz borçnamalary boýunça Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda jogapkärçilik çekýärler.
Türkmenistanyň Merkezi banky Türkmenistanyň Merkezi bankynyň ýuridik şahslary bolup durmaýan gurluş düzüm birlikleriniň borçnamalary boýunça jogapkärçilik çekýär.
3. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň gurluş düzüm birliginiň işine onuň başlygy ýolbaşçylyk edýär.
Türkmenistanyň Merkezi bankynyň ýuridik şahs bolup durmaýan gurluş düzüm birliginiň başlygy öz işini Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan berlen ynanç hatynyň esasynda amala aşyrýar.
4. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň gurluş düzüm birliginiň ýolbaşçysyna gurluş düzüm birligi hakyndaky düzgünnama  (tertipnama) laýyklykda ygtyýarlyklar berilýär.
5.Türkmenistanyň Merkezi bankynyň gurluş düzüm birliginiň ýolbaşçysy Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda şol gurluş düzüm birliginiň işine jogapkärçilik çekýär. 
6. Türkmenistanyň Merkezi banky zerur bolan mahalynda öz gurluş düzüm birliklerine olaryň işini üpjün etmek maksady bilen maliýe serişdelerini berýär.

20-nji madda. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň işgärleri
1. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň işgärleriniň zähmet gatnaşyklary, olaryň durmuş taýdan üpjünçiliginiň meseleleri Türkmenistanyň kanunçylygy bilen düzgünleşdirilýär. 
2.Türkmenistanyň Merkezi bankynyň wezipeli işgärleri Türkmenistanyň Merkezi bankynyň işine Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde jogapkärçilik çekýärler.
3. Türkmenistanyň Merkezi banky Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda işgärleriniň durmuş-ýaşaýyş jaý şertlerini gowulandyrmak bilen baglanyşykly gozgalmaýan emlägiň edinilmegini goşmak bilen, işgärleri durmuş taýdan goldamak boýunça çäreler görmäge haklydyr.
4. Türkmenistanyň Merkezi banky Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda öz işgärleriniň hünärini ýokarlandyrmak boýunça çäreleri amala aşyrýar.
5. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň işgärleriniň Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan halatlardan başga, öz gulluk borçlaryny ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly özlerine mälim bolan bank syryny we gaýry gulluk maglumatyny jar etmäge,  şeýle hem ony şahsy bähbitlerine peýdalanmaga hukuklary ýokdur.  
6. Gulluk maglumatyny jar etmekde günäkär bolan adamlar Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda jogapkärçilik çekýärler.