4-nji bap. Karz edarasyny dolandyrmak

14-nji madda. Karz edarasynyň dolandyryş edaralary
1. Karz edarasyny dolandyrmak:
1) esaslandyryjylaryň (gatnaşyjylaryň) umumy ýygnagy;
2) esaslandyryjylaryň (gatnaşyjylaryň) umumy ýygnagy tarapyndan saýlanylýan Gözegçilik geňeşi;
3) ýeke-täk we (ýa-da) kollegial ýerine ýetiriji edaralar tarapyndan
amala aşyrylýar.
2. Esaslandyryjylaryň (gatnaşyjylaryň) umumy ýygnagy karz edarasynyň iň ýokary dolandyryş edarasy bolup durýar.
3. Karz edarasynyň Gözegçilik geňeşi:
1) karz edarasynyň işiniň esasy ugurlaryny kesgitleýär;
2) karz edarasynyň maýa goýum syýasatyny kesgitleýär;
3)Türkmenistanyň Merkezi bankynyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda karz edarasynyň içki gözegçilik ulgamyny kesgitleýär;
4) töwekgelçilikleri dolandyrmagyň standartlaryny belleýär;
5) öz kabul edýän çözgütleriniň ýerine ýetirilişine gözegçiligi amala aşyrýar;
6) öz ygtyýarlylygynyň çäklerindäki başga meseleleri çözýär.
4. Gözegçilik geňeşi karz edarasynyň esaslandyryjylarynyň (gatnaşyjylarynyň) we olaryň wekilleriniň hataryndan saýlanylyp bilner. Gözegçilik geňeşi öz agzalarynyň hataryndan geňeşiň başlygyny saýlaýar.

15-nji madda. Karz edarasynyň dolandyryşynyň ýerine ýetiriji edarasy
1. Karz edarasynyň gündelik işine gös-göni ýolbaşçylygy onuň kollegial ýerine ýetiriji edarasy (karz edarasynyň Müdiriýeti) we (ýa-da) ýeke-täk ýerine ýetiriji edara (karz edarasynyň Başlygy) tarapyndan amala aşyrylýar.
2. Döwlet karz edarasynyň başlygy we onuň orunbasarlary Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan wezipä bellenilýärler we wezipeden boşadylýarlar. Döwlet karz edarasynyň başlygy bir wagtyň özünde şol karz edarasynyň Müdiriýetiniň Başlygy bolup durýar.
3. Karz edarasynyň Müdiriýetiniň agzasy Gözegçilik geňeşiniň agzalygyna saýlanyp bilinmez. Gözegçilik geňeşiniň başlygy karz edarasyna Başlyk bellenilip bilinmez. Gözegçilik geňeşiniň agzasy karz edarasynyň Müdiriýetiniň agzalygyna saýlanylyp bilinmez.
4. Gözegçilik geňeşiniň agzalarynyň, karz edarasynyň Başlygynyň, onuň orunbasarynyň, karz edarasynyň baş buhgalteriniň, şeýle hem karz edarasynyň şahamçasynyň ýolbaşçysynyň, ýolbaşçysynyň orunbasarynyň, baş buhgalteriniň wezipelerine dalaşgärler Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen hünär dereje talaplaryna laýyk gelmelidirler.